Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2018

Новости за 30.09.2018

Makedoniýalylar at çalyşmak ylalaşygy boýunça geçirilýän referendumda ses berýärler

Azathabar.com 

Makedoniýalylar goňşulary Gresiýa bilen gelnen at çalyşmak ylalaşygyny kabul etmek meselesini çözmek üçin referendumda ses berýärler, bu çäre Balkan döwletiniň Ýewropa Bileleşigine we NATO girmegine ýol arçamaly. Ses beriş nokatlary 30-njy sentýabr güni irden 7-de açyldy we agşam 7-de hem ýapylar. Ilkinji netijeleriň şondan iki ýa üç sagat soň belli bolmagyna garaşylýar. Saýlawçylardan "Sen Makedoniýa respublikasy bilen Gresiýa respublikasynyň arasynda gelnen ylalaşygy kabul edip, NATO we ÝB... Читать дальше...

Hindistan we Pakistan BMG-niň Baş Assambleýasynda bir-birini aýyplaýar

Azathabar.com 

Hindistanyň daşary işler ministri BMG-niň Baş Assambleýasynda gaharly çykyş edip, Pakistany terrorçylary penalamakda aýyplady. Daşary işler ministri Suşma Swaraj BMG-niň 29-njy sentýabrdaky ýygnanyşygynda çykyş edip, Hindistanyň Pakistan bilen parahatçylyk gepleşiklerini bökdeýändigini ret etdi we munuň “doly ýalandygyny” aýtdy. Pakistanyň daşary işler ministri Şah Mahmood Kureşi bolsa, Baş Assambleýada biraz soň eden çykyşynda Hindistan “parahatçylyga garanda syýasaty ileri tutýar” diýdi.  ... Читать дальше...

Eýranda arakdan zäherlenen 24 adam öldi

Azathabar.com 

Eýranyň dürli ýerlerinde gaçak alkogolly içgilerden zäherlenen adamlaryň 24-si heläk boldy diýip, eýran mediasy 29-njy sentýabrda habar berdi.  Ölenleriň sanynyň iň kän bolan ýeri günortadaky port şäheri Bandar Abbas bolup, bu ýerde, ýarym resmi ISNA gullugynyň maglumatyna görä, spirtli içgilerden 16 adam öldi. “Spirtli içgilerden zäherlenendigi sebäpli hassahana ýerleşdirilen adamlaryň sany häzire çenli 168-e baryp ýetdi” diýip, neşir welaýatyň medisina mekdebiniň sözçüsi Fatemeh Norouziana salgylanyp habar berdi. Читать дальше...

Indoneziýada ýer yranmasy we suw joşguny netijesinde ölenleriň sany 832-ä ýetdi

Azathabar.com 

Indoneziýaly resmiler ýer yranmasy we soňundan bolan suw joşmasy, tsnunami netijesinde Sulawesi adasynda ölenleriň sanynyň 832-ä baryp ýetendigini, bu görkezijiniň ýokarlanmagyny dowam etmeginiň ahmaldygyny, sebäbi ýykgynçylygyň uly bolandygyny aýdýarlar. Betbagtçylyklaryň öňüni almak boýunça milli agentligiň sözçüsi Sutopo Purwo Nugroho 30-njy sentýabrda adanyň zyýan çeken ýerleriniň köpüsine barmak mümkinçiliginiň entek "örän çäkli bolmagynda galýandygyny" aýtdy. “Ölenleriň sany ýokarlanjaga meňzeýär” diýip... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *