Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2018

Новости за 27.09.2018

Türkmen küştçüleri Litwanyň milli komandasyndan ýeňildi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň ýygyndy komandasy Gürjüstanyň Batumi şäherinde geçirilýän 43-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda ilkinji ýeňlişi başdan geçirdi diýip, “Türkmenportal” neşiri ýazýar. Türkmen hökümetine ýakyn websaýtyň 27-nji sentýabrda çap eden maglumatyna görä, olimpiadanyň ikinji tapgyrynda türkmenistanly küştçüler Litwanyň komandasyndan 1,5:2,5 hasap bilen ýeňildi. Ýaryşyň birinji oýnunda halkara grossmeýsteri Maksat Atabaýewiň beýleki grossmeýster Sarunas Sulskis bilen oýnan oýny deňe-deň tamamlandy. Читать дальше...

Türkmenistanda şahsyýetparazlyk dabaralanýarmy?

Azathabar.com 

Berdimuhamet Annaýewe gowşurylan medal Aşgabadyň Berdimuhamet Annaýew adyny göterýän harby mekdebindäki Berdimuhamet Annaýewiň heýkeliniň öňünde harby dabara bilen goýuldy.

Aşgabatda täze metjit açyldy

Azathabar.com 

26-njy sentýabrda Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasynda “Hezreti Omar” atly täze metjidiň açylyş dabarasy boldy. Türkmen döwlet habarlar gullugynyň (TDH) habaryna görä, bu dabara Türkmenistanyň müftisi, ýurduň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň ymamlary, ýaşulular hem-de ýaşaýjylar gantaşdy. Täze metjit prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kararyna laýyklykda, “Hoja Ahmet Ýasawy” dini guramasynyň buýurmasy esasynda “Aga gurluşyk” hojalyk kärhanasy tarapyndan guruldy. Metjidiň umumy meýdany 13 müň indedördül metrden gowrak bolup... Читать дальше...

Makedoniýa: Saýlawçylaryň referenduma gatnaşygyny gazanmak üçin tagalla edilýär

Azathabar.com 

Demokratiýa tarapdar topar Makedoniýanyň NATO we Ýewropa Bileleşigine goşulmagyny çaltlaşdyrmak üçin ýurduň adyny üýtgetmek boýunça geçiriljek möhüm referenduma ses berijileriň gatnaşygyny gazanmak üçin internetde giň gerimli tagalla edilýändigini aýdýar. Saýlaw bitewüligi boýunça transatlantik komissiýanyň maglumatyna görä, saýlawçylara edilýän bu basyş tagallalary 30-njy sentýabrda geçiriljek referendumda ýeňiş gazanmaga gönükdirilen ýaly bolup görünýär. Bu referendumyň kanuny taýdan güýji bolmagy... Читать дальше...

10 ýyl sürgünlikde ýaşan tanymal özbek aktiwisti Özbegistana dolandy

Azathabar.com 

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän tanymal özbek aktiwisti we öňki prezident Yslam Kerimowyň aç-açan tankytçysy 10 ýyldan gowrak wagt Fransiýada sürgünlikde ýaşandan soň, Özbegistana dolandy. 26-njy sentýabrda Daşkentde Tolib Ýokubowy onuň dogan-garyndaşlary, dostlary we adam hukuklaryny gorap çykyş edýän aktiwistler garşy aldy. “Özbek adam hukuklary jemgyýetiniň” döredijisi Ýokubow özüniň howpsuzlygyndan alada edip, 2007-nji ýylda Özbegistany terk etdi we 2014-nji ýylda häkimiýetler onuň raýatlygyny elinden aldy. Читать дальше...

ABŞ nebitiň bahasynyň ýokarlanmagynyň öňüni almak üçin özüniň nebit rezerwinden peýdalanmaz

Azathabar.com 

ABŞ-nyň energiýa sekretary Rik Perri (Rick Perry) Eýranyň nebit pudagyny nyşana alýan sanksiýalar şu ýylyň noýabr aýynda güýje girende, bahalaryň ýokarlanmagynyň öňüni almak üçin Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň öz äpet nebit gorlaryndan nebit almagy göz öňünde tutmaýandygyny aýtdy. Dünýäde hökümet eýeçiligindäki iň uly nebit ätiýajy hasaplanýan Birleşen Ştatlaryň Strategik nebit rezerwinden nebit çykarmak nyrhlaryň saklanmagyna diňe “ujypsyz we gysga möhletleýin täsir eder” diýip, Perri 26-njy sentýabrda Waşingtonda eden çykyşynda aýtdy. Читать дальше...

Poroşenko BMG-ni Russiýanyň Ukrainadaky agressiýasyny bes etmäge çagyrdy

Azathabar.com 

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko beýleki döwletleri Russiýanyň öz ýurdundaky agressiýasyny togtatmak üçin kömek etmäge çagyryp, şeýle “ekspansionizme” garşy göreşmek Birleşen Milletler Guramasynyň missiýasy diýdi. Poroşenko 26-njy sentýabrda BMG-niň Baş assambleýasynda eden çykyşynyň aglaba böleginde Russiýany tankyt etdi. Russiýa 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa edipdi we şondan bäri gündogar Ukrainadaky uruşda separatistleri goldaýar. Şol uruşda 10 müň 330-den gowrak adam öldi. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *