Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2018

Новости за 13.09.2018

Azyk bolçulygynyň döredilendigini aýdýan Türkmenistan Gazagystandan 100 müň tonna galla satyn aldy

Azathabar.com 

Şu ýylyň başynda bäri Türkmenistan Gazagystandan 100 müň tonna gazak gallasyny satyn aldy diýip, Gazagystanyň “Habar” atly habar gullugynyň “24.kz” portaly aýdýar. Bu habar, Türkmenistanda iýul aýynda tamamlanan galla oragynyň netijeleri boýunça anyk sanlaryň mälim edilmeýän, ýurtda un ýetmezçiliginiň ýiti duýulýan mahalyna gabat geldi.

Türkmen türmelerinde dereksiz ýitirim edilenleriň sanawy ýene giňeldi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň türmelerinde dereksiz ýiten hasaplanylýan, ýagny tussag edilmeginden soňky ykbaly doly nämälim galýan adamlaryň halkara guramalary tarapyndan ýöredilýän sanawy ýene-de giňeldi.  Adam hukuklaryny goraýjy birnäçe abraýly halkara guramasynyň gatnaşmagyndaky "Olary diri görkeziň!" atly halkara kampaniýasynyň 12-nji sentýabrda köpçülige hödürlän täzelenen hasabatyna ýene 9 adam goşuldy we jemi 121 adama ýetdi.  Kampaniýanyň bu sanawy şu günler Warşawada ÝHHG-niň adam hukuklary boýunça... Читать дальше...

ÝB rus sanksiýalarynyň möhletini uzaltdy

Azathabar.com 

Ýewropa Bileleşigi Ukrainanyň garaşsyzlygyny howp astyna salmagy sebäpli 155 rus we ukrain raýatyna, şeýle-de 44 kompaniýa garşy girizilen syýahat gadagançylygyny we emläkleriniň doňdurylmagyny ýene-de alty aý möhlet bilen uzaltdy. Sanksiýalar ilki başda 2014-nji ýylyň martynda, haçanda Russiýa Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp alanyndan soň girizilipdi. Sanksiýalar her alty aýdan uzaldylýar. Russiýanyň Ukrainanyň gündogaryndaky hereketleri we separatistleri goldamagy netijesinde 2014-nji... Читать дальше...

ABŞ Ukrainanyň gündogaryndaky separatistleriň ‘saýlawlaryny’ ýazgardy

Azathabar.com 

ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Ukrainanyň gündogarynda Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistleriň “saýlawlary” geçirmek baradaky planlaryny ýazgaryp, bularyň regiondaky parahatçylyk tagallalaryna zeper ýetirjekdigini aýtdylar. “ABŞ ‘Donetsk we Luhansk Halk respubliklary’ diýilýänlerde ‘saýlawlary’ geçirmek planlaryny ýazgarýar” diýip, döwlet departamentiniň metbugat wekili Heazer Nauert beýanat bilen çykyş etdi. 8-nji sentýabrda Ýewropa Bileleşiniň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogherini... Читать дальше...

Tramp saýlawlara daşardan gatyşmakçy bolýanlara garşy karar kabul etdi

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ýurduň saýlawlaryna täsir ýetirjek bolýan daşary ýurtlylaryň jezalandyrylmagyny göz öňünde tutýan karara gol goýdy. Emma, demokratlar we käbir respublikanlar munuň ýeterlik däldigini aýdyp, çykyş etdiler. Mundan öň, Tramp we onuň administrasiýasy ABŞ-nyň saýlawlaryna daşardan, hususanda 2016-njy ýyldaky prezidentlik saýlawlaryna gatyşandygy aýdylýan Russiýadan abanýan howplara ýeterlik derejede ähmiýet bermezlikde tankytlanypdy. ABŞ-nyň harby we kanun goraýjy edaralary... Читать дальше...

Tussaglykdaky Sentsow Saharow baýragyna hödürlendi

Azathabar.com 

Ýewropa kanunçykaryjylary rus türmesinde dört aý çemesi wagt bäri açlyk çekýän ukrain režisýory Oleh Sentsowy pikir azatlygy üçin berilýän Saharow baýragyna hödürlediler. Merkesi-sagçy Ýewropanyň Halk Partiýasy bu baradaky kararyny Twitterde paýlaşyp, Sentsowyň Russiýada “bikanun tussaglykda saklanýandygyny” hem belledi. Ýewropa Parlamentiniň wekilleri öz dalaşgärlerini 27-nji sentýabrda hödürlärler. Baýragyň laureaty bolsa, 25-nji oktýabrda yglan ediler. Krymda dogulan Sentsow 2014-nji ýylda Russiýanyň Krymy basyp almagyna garşy çykypdy.

ÝHHG-niň Warşawadaky maslahatynda täjik resmisi aktiwiste ýumruk atdy

Azathabar.com 

Ýewropada adam hukuklaryna we demokratiýa bagyşlanyp geçirilýän ýyllyk maslahatda täjik hökümet resmileriniň oppozisiýa aktiwistleri bilen ýakalaşýan pursatlaryny görkezýän wideo peýda boldy. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Warşawada geçýän Adam ölçegleri maslahatynyň çäginde täjik delegasiýasynyň bir wekili aktiwiste ýumruk atdy. Bu waka 11-nji sentýabrda günortanlyk arakesmesi döwri ýüze çykdy. Aktiwistleriň biri Täjigistanda gadagan edilen oppozisiýadaky Yslam Galkynyş partiýasynyň ozalky wekili... Читать дальше...

Pakistanda kömür käninde dörän hadysada dokuz adam öldi

Azathabar.com 

Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda bir kömür käniniň üçeginiň agmagy netijesinde dokuz magdançy öldi, başga-da dördüsi ýaralandy. Darra Adam Khel şäherinde ýüze çykan hadysanyň sebäpleri häzirlikçe belli däl. Resmiler ýaralanan dört magdançynyň ikisiniň ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdylar. Bu soňky aýda Pakistanda ýüze çykan şeýle hadysanyň ikinjisidir. 13-nji awgustda Kwetta şäheriniň golaýyndaky kömür käninde dörän partlamada azyndan 18 adam ölüpdi. Tankytçylar ýurduň kömür känlerinde howpsuzlyk... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *