Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2018

Новости за 08.09.2018

Orsýetiň we Siriýanyň hökümet uçarlary Siriýanyň Idlib welaýatyny bombalady

Azathabar.com 

Orsýetiň we Siriýanyň hökümet uçarlary Siriýanyň Idlib welaýatynyň pitneçileriň elindäki şäherlerine ýygjam howa zarbalaryny urdy. Siriýanyň adam hukuklaryna gözegçilikedýän obserwatoriýasy 8-nji sentýabrda urlan zarbalaryň Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň hökümetiniň bu sebite hüjüm etmek barada bir aý ozal atan haýbatyndan bäri “iň gazaply” reýdler bolandygyny aýdýar. Adam hukuklary topary 60-a golaý rus uçarynyň welaýata günüň ir sagatlarynda üç sagatlap agyr zarba urandygyny aýdýar. Siriýanyň dikuçarlary bolsa... Читать дальше...

Moskwada Nemtsowyň hatyrasyny tutujylara hüjüm edildi

Azathabar.com 

Kremlçi milletçi aktiwistler Moskwa köprüsinde, ozalky birinji wise-premýer Boris Nemtsowyň atylyp öldürilen ýerinde gurlan wagtlaýyn ýadygärligi goraýan iki meýletinçä hüjüm etdiler.  SERB milletçi toparynyň aktiwistleri ýadygärligiň ýanynda Grigoriý Samsonowyň ýüzüne burç suwuklygyny pürkdüler, Pawel Kolesnikowyň elinde tutup duran kamerasyna zeper ýetirdiler. Şeýle-de olar oppozisioneriň hatyrasyna goýlan gülleri, Boris Nemtsowyň portretini ogurlap gaçdylar. Meýletinçileriň jaň edip habar bermeklerine garamazdan, polisiýa gelmedi. Читать дальше...

Idlib welaýatynda hökümet hüjümine garşy müňlerçe adam proteste çykdy

Azathabar.com 

Siriýanyň Idlib welaýatynda prezident Başar al-Assadyň güýçleriniň wada beren hüjümine garşy müňlerçe adam köçe protestlerine çykdy, BMG bu hüjümiň ynsanperwerçilik heläkçiligine sebäp bolup biljekdigini duýdurýar.  7-nji sentýabrdaky protestler Orsýetiň we Eýranyň liderleriniň arasynda bolan duşuşygyň yz ýanyna gabat geldi, bu iki ýurduň ýolbaşçylary özleriniň Assadyň ýurtdaky pitneçileriň iň soňky saklanan ýerine hem kontrollygy ele geçirmek planlaryny goldaýandyklaryny aýdýarlar.  Türkiýäniň... Читать дальше...

Basranyň şäher aeroportuna üç raketa atyldy, dartgynlylyk ýokary bolmagynda galýar

Azathabar.com 

Yragyň port şäheri, birnäçe gün bäri käte zorluga baryp ýetýän protestlerden çaýkanýan Basranyň howpsuzlyk resmileri 8-nji sentýabrda şäher aeroportuna üç raketanyň atylandygyny aýdýarlar. Bu hadysada pida bolan ýok, aeroportuň işi hem bökdençlige uçramady. Yragyň Saglyk ministrligi şu gün agyz suwunyň hapalanmagyndan kesellän adamlar sebäpli 30 müň çemesi ýaşaýjynyň gatnaşmagynda başlan Basra protestlerinde 12 adamyň öldürilendigini aýtdy. Ministrlik protestler mahalynda 50 adamyň ýaraly bolandygyny... Читать дальше...

Berdimuhamedow ähli pudak ösýär diýip, esasy ugurlaryň ýolbaşçylaryna käýinç yglan etdi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni nobatdaky hökümet maslahatyny geçirip, ykdysadyýetiň tas ähli pudagynda sekiz aýda bellenen tabşyryklaryň üstünlikli ýerine ýetirilendigini, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň ýokary bolmagynda galýandygyny aýtdy. "Makroykdysady görkezijilere laýyklykda, jemi içerki önüm 6,2 göterim artdy" diýip, TDH degişli resmileriň hasabatlarynda getirilen sanlara salgylanyp habar berýär.  Şol bir wagtda prezident ýurduň esasy girdeji getirmeli... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *