Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2018

Новости за 14.09.2018

Germaniýanyň DIM-i Siriýada döremegi ahmal “adam katastrofasy” boýunça Lawrowa duýduryş berer

Azathabar.com 

Germaniýanyň daşary işler ministri Heiko Maas Siriýada gozgalaňçylaryň gözegçiligindäki Idlib welaýatynda geçiriljek giň gerimli harby çaknyşygyň “adam katastrofasyna” ýol açmak töwekgelçiligini özünde jemleýändigi 14-nji sentýabrda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowa aýdyp, oňa duýduryş berjekdigini mälim etdi.

Daşoguz: Çörek nobatynda ýakalaşyk boldy, adamlar gazabyny ‘il ýaşulylaryndan çykardy’

Azathabar.com 

14-nji sentýabrda Daşoguz welaýatynyň un zawodyna degişli çörek dükanynyň öňünde dörän nobatda ýakalaşyk boldy. Çöregiň nobatyna garaşýan adamlar birek-biregi paýyş sözler bilen kemsitdi. Adamlar “Il ýaşulysy” adyny alan käbir gartaşan ýaşulylariň çöregi binobat satyn almak synanyşygyny yza serpikdirdi. Ýygnananlar olary ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklara “sebäpkär bolmakda” aýyplady. Bular barada Azatlygyň welaýatdaky habarçysy has giňişleýin maglumat berýär.

Kreml Britaniýanyň Skripaly zäherlemekde güman edilýänlere degişli talabyna seretjegini aýdýar

Azathabar.com 

Kreml Britaniýanyň öňki gizlin agenti zäherlemekde güman edýän iki adamy soraga çekmek baradaky islendik talabyna özüniň orsýet kanunlarynyň esasynda çemeleşjekdigini aýdýar.   Emma Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow şeýle talabyň entek edilmändigini aýtdy.  Britaniýa iki adamy Ruslan Boşirowy we Aleksandr Petrowy öňki gizlin agent Sergeý Skripaly we onuň gyzy Ýuliýany zäherlemäge synanyşmakda we olaryň Salisbury şäherindäki öýüniň girelgesine nerwe täsir ýetiriji harby maddany sepmekde aýyplaýar. Читать дальше...

Eýranda gaçakçylykly alkogoldan dört adam wepat boldy

Azathabar.com 

Eýranyň Karaj şäherinde dört adam, şol sanda bir zenan gaçakçylykly alkogol içip wepat boldy diýip, baş sud resmisi aýtdy.  Ýarym resmi ISNA agentligi Karaj şäheriniň prokurory Reza Şahkaramini sitirläp, paýtagtdan günbatarda ýerleşýän bu şäherde 40 çemesi adamyň zäherlenip keselhana düşendigini habar berdi. Eýran resmisi 11-nji sentýabrda ýüze çykan bu ýagdaýyň derňelýändigini aýdyp, "12 adam keselhana düşdi. Birnäçe sagadyň içinde keselhana düşenleriň sany 39 adama ýetdi" diýip belledi. 1979-njy... Читать дальше...

Poroşenko Ukrainanyň täze karza mätäçdigini aýtdy

Azathabar.com 

Ukrainanyň prezident Petro Poroşenko öz ýurdunyň Halkara Maliýe Fondundan (IMF) kömege we özüniň agyr bergileri sebäpli goşmaça serişdä mätäçdigini aýtdy.  "Biz goşmaça karz alman oňuşardyk, eger-de köne bergileri tölemeli bolmanymyzda" diýip, Poroşenko 14-nji sentýabrda Kiýewde geçirilen Ýewropanyň Ýalta strategiýasy boýunça geçirilen konferensiýasynda aýtdy.  Onuň bu çykyşy prezidentiň parlamentdäki wekili Iryna Lutsenkonyň Ukrainanyň Halkara maliýe fondy bilen täze ylalaşyk boýunça gepleşik... Читать дальше...

Germaniýa Lawrowa Siriýada 'gumanitar betbagtçylygynyň' ähtimaldygy barada duýdurar

Azathabar.com 

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwanyň ABŞ bilen gatnaşyklardaky durgunlylygy bes etmäge taýýardygyny aýtdy, emma ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky "rusofobiýanyň" öňegidişligi bökdeýändigini belledi. 14-nji sentýabrda Germaniýanyň liderleri bilen gepleşik geçirmek üçin bu ýurda sapar edýän Lawrow "Biz ikitaraplaýyn gatnaşyklary petikden çykarmak ugrundaky ýoluň öz bölegimizden geçmäge taýýar" diýip, dpa agentligine aýdy. "Biz [ABŞ-nyň prezidenti Donald] Trampyň ýurtlarymyzyň arasynda... Читать дальше...

Serb prezidenti Kosowo bilen ylalaşyk üçin ÝB agza bolmagyň kepil geçilmelidigini aýtdy

Azathabar.com 

Serbiýanyň prezidenti Aleksandr Wuçiç goňşy Kosowo bilen uzaga çeken dawalaryň çözgüdi ugrundaky islendik ylalaşygyň Ýewropa Bileleşiginiň bu ýurdy öz agzalarynyň hataryna goşjagyna kepilnamasyny öz içine almalydygyny belledi.  "Eger biz [Kosowo] bilen haçan-da bir ylalaşyk baglaşsak, bize Serbiýanyň 2025-nji ýylda ÝB-niň agza ýurdy boljagyna kepil gerek bolar" diýip, Wuçiç Reuters agentliginiň 13-nji sentýabrda çap eden interwýusynda aýtdy.  ÝB Serbiýanyň we onuň öňki regiony Kosowonyň arasyndaky... Читать дальше...

ABŞ Orsýeti BMG-niň Demirgazyk Koreýa barada hasabatyny üýtgetmekde aýyplady

Azathabar.com 

ABŞ Orsýeti BMG-niň Demirgazyk Koreýa boýunça sanksiýalarynyň Moskwa tarapyndan bozulandygy baradaky garaşsyz hasabaty üýtgetmekde aýyplady. 13-nji sentýabrda ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Nikki Haleý, Orsýetiň geçen aýda Howpsuzlyk Geňeşiniň sanksiýalar boýunça komitetine tabşyrylan Demirgazyk Koreýa boýunça hasabaty gowulandyrmak üçin garaşsyz gözegçilerine basyş edendigini aýtdy. Hasabatda Phenýanyň özüniň ýadro we raketa programmalaryny togtatmandygy we munuň BMG-niň eksporta girizen sanksiýalaryny bozýandygy bellenýär. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *