Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2018

Новости за 23.09.2018

Demirgazyk Waziristanda ýedi pakistanly esger, dokuz jeňçi öldürildi

Azathabar.com 

Owgan serhedine golaý ýerde, Demirgazyk Waziristandaky daglykda gizlenýän jeňçileriň bukusyna reýd geçiren pakistan esgerleriniň ýedisi atyşykda wepat boldy diýip, Pakistanyň harbylary aýtdy. Şeýle-de, Demirgazyk Waziristanyň öldürildi Gharlamai we Spera Kunar Algad töwereklerinde bolan söweşlerde 9 jeňçi öldürildi diýip, harbylar 22-nji sentýabrda habar berdiler. Habarda aýdylmagyna görä, jeňçiler Owganystan bilen aradaky serhetden geçip, Pakistana sümüp giripdirler. Wepat bolan harbylaryň arasynda Pakistan goşunynyň kapitany hem bar.

Rim papasy Fransis Litwada nasist we sowet pidalaryny hatyralady

Azathabar.com 

Rim papasy Fransis Litwada, baltika döwletine edýän saparynyň ikinji gününde sowet we nasist basybalyşlary döwründe ejir çeken we ölen adamlaryň hatyrasyny tutdy. Farnsis 23-nji sentýabrda, Litwanyň ikinji şäheri Kaunasdaky parkda geçirilen ýygnanyşykda nasistleriň üç ýyllyk basybalyjylygy wagtynda ýok edilen ýa-da ölüm lagerlerine iberilen ýewreýleri, şeýle-de sowetleriň onýyllyklara çeken basybalyşlygy wagtynda türmelere basylan ýa öýünde basyş astynda ýaşan litwalylary ýatlap, olara gynanjyny beýan etdi. Читать дальше...

Rim papasy Fransiz Litwada nasist we sowet pidalaryny hatyralady

Azathabar.com 

Rim papasy Fransiz Litwada, baltika döwletine edýän saparynyň ikinji gününde sowet we nasist basybalyşlary döwründe ejir çeken we ölen adamlaryň hatyrasyny tutdy. Farnsiz 23-nji sentýabrda, Litwanyň ikinji şäheri Kaunasdaky parkda geçirilen ýygnanyşykda nasistleriň üç ýyllyk basybalyjylygy wagtynda ýok edilen ýa-da ölüm lagerlerine iberilen ýewreýleri, şeýle-de sowetleriň onýyllyklara çeken basybalyşlygy wagtynda türmelere basylan ýa öýünde basyş astynda ýaşan litwalylary ýatlap, olara gynanjyny beýan etdi. Читать дальше...

Akademik Berdimuhamedowyň bir günde iki kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy

Azathabar.com 

Türkmen Döwlet habarlar gullugy prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bir günde iki kitabynyň tanyşdyrylyşynyň bolandygyny habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, 21-nji sentýabrda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda prezident, şol bir wagtdaTYA-nyň akademigi, ykdysady ylymlаryň doktory diýip tanadylýan Berdimuhamedowyň “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.  Şol günüň özündeMukamlar köşgünde we Türkmenistanyň... Читать дальше...

Türkmenistan täzeden döredilen Halk maslahatynyň birinji maslahatyna taýýarlanýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň ýokary kanun çykaryjy guramasy bolan Halk maslahatynyň mejlisi 24-25-nji sentýabrda, garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriler diýip, “Trend” habar gullugy türkmen hökümetine salgylanyp habar berýär. Türkmenistanyň garaşsyzlyk baýramy şu ýyldan başlap 27-nji sentýabrda, geçen ýyl Aşgabatda geçirilen Aziýa oýunlarynyň tamamlanan gününde bellener. Mundan öň Türkmenistanyň garaşsyzlyk baýramy respublikanyň döredilen gününde, 27-nji oktýabrda bellenilýärdi. Türkmenistanyň Halk... Читать дальше...

ABŞ we BMG günorta-günbatar Eýranda harby parada edilen hüjümi ýazgardy

Azathabar.com 

ABŞ-nyň we BMG-niň resmileri günorta-günbatar Eýranda harby parada edilen hüjümi ýazgardy. Media maglumatlaryna görä, bu hüjümde azyndan 25 adam öldürildi we 60 adam ýaralandy. Ýurduň ýokary ruhany lideri bu hüjümde “Birleşen Ştatlaryň gurjaklaryny” günäledi. "Birleşen Ştatlar terror hereketleriniň ählisini we bigünä adamlaryň islendik öldürilmegini ýazgarýar” diýip, Döwlet departamentiniň sözçüsi Hizer Naert (Heather Nauert) 22-nji sentýabrda aýtdy. “Biz radikal yslam terrorçylygynyň betbagtçylyklaryna... Читать дальше...

ABŞ we BMG günorta-gündogar Eýranda harby parada edilen hüjümi ýazgardy

Azathabar.com 

ABŞ-nyň we BMG-niň resmileri günorta-gündogar Eýranda harby parada edilen hüjümi ýazgardy. Media maglumatlaryna görä, bu hüjümde azyndan 25 adam öldürildi we 60 adam ýaralandy. Ýurduň ýokary ruhany lideri bu hüjümde “Birleşen Ştatlaryň gurjaklaryny” günäledi. "Birleşen Ştatlar terror hereketleriniň ählisini we bigünä adamlaryň islendik öldürilmegini ýazgarýar” diýip, Döwlet departamentiniň sözçüsiHizer Naert (Heather Nauert) 22-nji sentýabrda aýtdy. “Biz eýran halky bilen radikal yslam terrorçylygynyň... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *