Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2018

Новости за 06.09.2018

Türkmenistanda pensiýasyny nagt almaga hukukly pensionerler pulsuz galdy

Azathabar.com 

Türkmenistanda ýaşy 70-den geçen we resmi düzgüne görä, pensiýa pullaryny nagt görnüşde almak hukugyna eýe bolan pensionerler, sentýabrda öz puluny alyp bilmediler diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.  Onuň sözlerine görä, ýaşy 70-den geçen pensionerler öz pullaryny almak boýunça düzgüniň ýene-de üýtgändigini şu aýyň başynda bilip galypdyr.  "Sentýabryň ilkinji günlerinde ýaşy 70-den geçen we ozal pensiýasyny plastik kartyna geçirmän, banklaryň kassalarynda almak hukugyna eýe... Читать дальше...

Britaniýa BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde tussag orderi boýunça brifing geçirer

Azathabar.com 

Britaniýa BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Angliýada ozalky rus içalysynyň nerw agenti bilen zäherlenmegi bilen baglylykda çykaran tussag orderi boýunça brifing geçirer. Britaniýanyň BMG-däki ilçisi Karen Pierse Salisbury şäheride ozalky rus içalysy Sergeý Skripalyň we onuň gyzy Ýuliýanyň zäherlenmegi boýunça tapylan delilleri hödürlär. Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Maý 4-nji martdaky hüjümi rus harby aňtaw gullugynyň iki ofiseriniň amala aşyrandygyny aýtdy. “Biziň martda hem belleýşimiz ýaly... Читать дальше...

ABŞ, pakistan resmileri gatnaşyklaryň gowulanmagyna umytly garaýarlar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Pakistanyň täze premýer-ministri bilen geçiren duşuşygyndan soň, iki tarapyň resmileri hem gatnaşyklaryň gowulanmak mümkinçiliklerine umytlylyk bilen garaýandyklaryny mälim etdiler. Çarşenbe güni ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo Yslamabatda premýer-ministri Imran Khan bilen gepleşikleri geçirdi. “Men şu gün düýbüni tutan esaslarymyzyň dowamly üstünlik üçin şertleri döretjekdigine umyt edýärin” diýip, Pompeo çykyş etdi. Şol bir wagtda, Pompeo Waşingtonyň harby... Читать дальше...

ABŞ-nyň ilçisi Ýerewanyň 2008-nji ýyldaky gazaplylyk bilen baglylykdaky derňewini goldady

Azathabar.com 

ABŞ Ermenistanda 2008-nji ýylyň martynda geçirilen prezidentlik saýlawlaryndan soň dörän gazaplylyk bilen baglylykda “açyk we aýdyň derňewiň” geçirilmegini görmek isleýär diýip, ABŞ-nyň Ýerewandaky ilçisi Riçard Mills aýtdy. Şu ýyl ermeni prokurorlary saýlawlardan soň adam pidalaryna getiren gazaplylygy seljermek üçin, derňewe başladylar. ABŞ-nyň muňa goldaw bildirmeginden birnäçe gün öň, Kreml bu derňewi tankytlady. Mundan on ýyl ozal, oppozisiýa aktiwistleri dawaly prezidentlik saýlawlarynda galplyklaryň bolandygyny aýdyp... Читать дальше...

Eýran Ýadro ylalaşygy ýatyrylsa, uraniumy baýlaşdyryp başlajakdygyny aýdýar

Azathabar.com 

Eýran eger-de Russiýa, Hytaý we Ýewropa döwletleri ABŞ ýaly 2015-nji ýylda baglaşylan Ýadro ylalaşygyna hormat goýmagyny bes etseler, onda özüniň ýadro programmasyny täzeden başlatjakdygyny we urainimy has köp mukdarda baýlaşdyrjakdygyny aýdyp, haýbat atdy. Bu barada Eýranyň atom energiýa guramasynyň metbugat wekili ýerli mediada çykyş etdi. 2015-nji ýylda baglaşylýan Ýadro ylalaşygyna laýyklykda, Tähranyň özüniň ýadro programmasyndan el çekmeginiň öwezine, oňa garşy girizilen halkara sanksiýalary gowşadylypdy. Читать дальше...

Günorta Osetiýada esgerleriň günäli tapylmagy protestleri döretdi

Azathabar.com 

Gürjüstandan öz-özüni garaşsyz diýip yglan eden Günorta Osetiýa regionynda rus harby bazasyndaky iki esgeriň ofiserleri urmakda günäli tapylmagy köpçülikleýin protestleri döretdi. Ýerli harby sud Zelim Albegowy 3,5 ýyl we Arsen Slanowy 18 aý koloniýa höküm etdi. Olar jeza hökmünde saklanylýan ýerine golaý zawodlarda we fermalarda işlediler. Esgerler 2017-nji ýylyň maýynda iki rus ofiserini urmakda günäli tapyldylar. Sud hökümi çykarandan soň, aýyplanýanlaryň ýakynlary galmagal turuzdylar we suda gargyş okadylar. Читать дальше...

Kabulda partlamada azyndan 20 adam öldi

Azathabar.com 

Kabulyň aglaba şaýylaryň ýaşaýan sebitindäki göreş merkezinde amala aşyrylan iki bomba hüjüminde azyndan 20 adam öldi, başga-da 70-e golaýy ýaralandy. Içeri işler ministrligi janyndan geçeniň özüni Kabulyň günbataryndaky Daşt-e Barçi sebitindäki türgenleşik merkeziniň içinde partladandygyny habar berdi. Wakanyň bolan ýerine žurnalistler we howpsuzlyk güýçleri geleninden soň, içi bombaly ulag partladyldy. Ölenleriň arasynda ýerli habar gullugynyň iki işgäri hem bar. Mundanam başga, partlamada dört žurnalist we ýedi polisiýa işgäri ýaralandy.





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *