Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2018

Новости за 15.09.2018

Şweýsariýa Skripal zäherlenmesini derňeýän labaratoriýasyna iki orsýetliniň girjek bolandygyny tassyklaýar

Azathabar.com 

Şweýsar hökümeti golland häkimiýetleriniň şu ýylyň başynda himiki ýarag barlaglaryny geçirýän şweýsar laboratoriýasyna döwüp girmek synanyşygynda güman edilen iki sany rus içalysyny tussag edendigini we ýurtdan çykarandygyny tassyk etdi. Moskwa bu aýdylýanlary ret etse-de, Şweýsariýa rus ilçisini çagyryp, “hüjüm synanyşygy” üçin protest bildirdi. Bu Günbataryň rus içalyçylygy we beýleki gatyşma hereketleri barada aýdanlarynyň iň täze mysaly bolup durýar.  Bu gezek gürrüňi edilýän “Spiez” laboratoriýasy boldy... Читать дальше...

Wise-premýer Meredow Berdimuhamedowa Moskwada baýrak alan kitabynyň diplomyny gowşurdy

Azathabar.com 

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen kitaplaryň dördüsi GDA ýurtlarynyň “Kitap sungaty” 15-nji halkara bäsleşiginiň abraýly baýraklaryna mynasyp boldy diýip, TDH 10-njy sentýabrda çap eden habaryny ýene bir gezek gaýtalady. Neşiriň maglumatyna görä, 31-nji Moskwa Halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde geçirilen bäsleşikde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby “Medeniýetleriň söhbedi” ugrunda I derejeli diploma mynasyp boldy. Читать дальше...

Owganystan: Harby dikuçar heläkçiliginde 5 harby öldi

Azathabar.com 

Owgan resmisi günbatardaky Farah welaýatynda bolan dikuçar heläkçiliginde azyndan bäş harby gullukçynyň, dikuçar ekipažynyň ähli agzasynyň ýogalandygyny aýdýar. Dikuçar adatdan daşary ýagdaýda gonmaga synanyp, ot alypdyr.  Haki Safad etrabynyň häkimi Mohammad Noorzai bu heläkçiligiň 14-nji sentýabr güni giçlik, tehniki näsazlyk sebäpli bolandygyny aýtdy. Emma muňa garamazdan, “Talyban” bu dikuaçryň özleri tarapyndan urlup ýykylandygyny aýdýar. Farah welaýatynyň köp ýerine, hususan-da Haki Safad etrabyna “Talyban” kontrollyk edýär. Читать дальше...

Tramp, Pompeo Kerrini eýranlylar bilen duşuşyk üçin tankytlaýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo öň döwlet sekretary bolan Jon Kerrini ýakynda Eýranyň daşary işler ministri bilen birnäçe gezek duşuşmakda tankytlap, Obama döwrüniň resmisiniň ABŞ-nyň Tähran babatdaky syýasatyny “aktiw gowşadýandygyny” aýtdy. Pompeo 14-nji sentýabrda Kerriniň Mohammad Jawad Zarif bilen duşuşyklarynyň “gelşiksiz we görülmedik”, “hiç bir kada sygmaýan” zat bolandygyny aýtdy. Bir gün ozal prezident Donald Tramp Kerrini “Örän duşmançylykly eýran režimi bilen bikanun duşuşmakda”... Читать дальше...

Türkmenistanyň prezidenti özüniň ABŞ-a etjek iş sapary baradaky buýruga gol çekdi

Azathabar.com 

TDH prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 29-njy sentýabr-2-nji oktýabr aralygynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisine gatnaşmak üçin, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapar etjekdigini habar berýär. Döwlet baştutany anna güni geçiren hökümet maslahatynyň dowamynda öz baştutanlygyndaky hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň we ýanynda bolýan adamlaryň sanawyny tassyklady. Neşiriň maglumatyna görä, saparyň çäklerinde Türkmen-amerikan işewürler geňeşi görnüşinde duşuşyk guramak nazarda tutulýar. Читать дальше...

Türkmenistan ýolagçylar üçin 3, “wajyp uçuşlar” üçin 1 “Boeing” satyn alýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 14-nji sentýabrda täze dört sany “Boeing” uçaryny satyn almak baradaky karara gol çekdi. Karara laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” gullugyna “Boeing 737 MAX 7” kysymly 3 sany uçary, şol sanda wajyp uçuşlar üçin niýetlenen 1 sany uçary satyn almak barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Boeing” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berilýär.  Täze satyn alynjak uçarlaryň bahalary, "wajyp uçuşlar üçin niýetlenen" uçaryň kim üçindigi anyklaşdyrylamýar. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *