Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2018

Новости за 18.09.2018

Bazarlarda bahalar ‘çakdan aşa ýokarlandy, galp harytlar köpelýär’

Azathabar.com 

Türkmenistanyň bazarlarynda bahalar ýerli ilatyň lapyny keç edýär; şeýle-de, ýurduň bazarlarynda daşary ýurtlaryň önümleri azalyp, olaryň ornuny ýerli önümler tutup başlady, “ýöne Türkmenistanda öndürilen önümleriň hili pes” diýip, Azatlygyň habarçysy maglumat berýär.

Siriýa güýçleri rus harby uçaryny urdy

Azathabar.com 

Russiýanyň Goranmak ministrligi Siriýanyň howa hüjüminden goranyş güýçleriniň tötänlik bilen rus harby gözegçilik uçaryny urandygyny we onuň bortundaky 15 agzasyny öldürendigini aýdýar. Mundan öň, Ilýuşin Il-20 kysymly uçar Siriýanyň kenaryndan 35 kilometr uzaklykda, ýerli wagt bilen sagat 11-de radarlardan ýitirim bolupdy. Uçar Siriýanyň Latakia welaýatyndaky Hmemim harby howa bazasyna dolanýardy.

Berdimuhamedow GDA liderleriniň Geňeşine orunbasaryny ýollaýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň agza ýurtlarynyň liderleriniň Geňeşine öz deregine, bilim pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Pürli Agamyradowy ýollaýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde mälim edildi. GDA-nyň nobatdaky Geňeşi 28-nji sentýabrda Täjigistanyň paýtagty Duşenbede geçer. Onda gurama başlyklyk etmek nobaty Täjigistandan Türkmenistana geçiriler. Ýatladyp geçsek, resmi Aşgabat Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk statusyna esaslanyp... Читать дальше...

ABŞ Hytaý önümlerine garşy täze tarifleri girizdi

Azathabar.com 

ABŞ öňümizdäki hepdeden başlap Hytaýyň 200 milliard dollarlyk harytlaryna tarifleri girizer. Täze import paçlary 6 müň töweregi haryda, şol sanda el torbalaryna, tüwä we tekstil önümlerine garşy giriziler. Mundan öň, Hytaý ABŞ-nyň şu ýylyň başyndaky has irki tariflerine jogap edip, ABŞ-nyň oba-hojalyk önümlerine öz tariflerini girizipdi. Hytaý giriziljek tariflere garşylyk çäreleri bilen jogap berjekdigini duýdurypdy. ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp soňky tarifleriň Hytaýyň “ynsapsyz söwda... Читать дальше...

HRW Gyrgyzystanyň “ekstremizm” kesgitlemesini tankytlady

Azathabar.com 

Gyrgyzystan ekstremizm düşünjesini “howply giň gerimde” kesgitläp, ony ýüzlerçe adamy tussag edip, uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm etmek üçin ulanýar diýip, adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Human Rights Watch” topary belledi. Topar adamlaryň gyrgyz hökümeti tarapyndan gadagan edilen wideolary, gollanmalary we kitaplary saklandyklary üçin, üçden 10 ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm edilendiklerini aýdýar. “Human Rights Watch” aýyplanýanlaryň bu materialy ýaýratmandyklaryny ýa-da... Читать дальше...

ABŞ ýurda kabul edilip bilinýän bosgunlaryň sanyny azaltdy

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy öňümizdäki ýyl ýurda girmäge rugsat berlen bosgunlaryň sanyny 30 müňe çenli azaltmagy teklip etdi. Bu barada ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo çykyş etdi. Şol bir wagtda, gumanitar toparlar 2018-nji ýyl üçin kesgitlenen 45 müň bosgun çäginiň onsuz hem juda ujypsyzdygyny aýdyp gelýärdiler. Trampyň administrasiýasy bosgunlaryň we beýleki migrantlaryň ýurda girmegine garşy çykyş edip gelýär. “Administrasiýanyň bosgunlar baradaky kämilleşdirilen... Читать дальше...

Russiýa MH17 uçarynyň Ukraina tarapyndan atylan raketa bilen urlandygyny öňe sürdi

Azathabar.com 

Russiýa 2014-nji ýylda Ukrainanyň gündogarynda ýolagçy uçarynyň 1986-njy ýylda Sowet Ukrainasyna ugradylan raketa tarapyndan urlup düşürilendigini öňe sürdi. Bu barada rus harby resmileri Moskwada çykyş etdiler. Munuň netijesinde, Kreml Malaýziýa howaýollaryna degişli MH17 uçarynyň Russiýanyň Ukrainanyň gündogaryndaky separatistlere ýollan howa hüjüminden goranyş ulgamy tarapyndan urlandygy baradaky halkara derňewiň netijelerini ýalana çykarjak bolýana çalym edýär. Ukrain resmileri Moskwanyň bu baradaky öňe sürmelerini ret etdiler.

Pakistanyň täze premýer-ministri bosgunlaryň çagalaryna raýatlygy berjekdigini aýdýar

Azathabar.com 

Pakistanyň täze premýer-ministri owgan we bengal bosgunlarynyň ýurtda doglan çagalaryna raýatlygy berjekdigini aýtdy. Gürrüňi gidýän bosgunlaryň aglabasy Pakistanda onlarça ýyl bäri ýaşaýarlar. Imran Khan Pakistanda ýüzlerçe müň owganlylaryň we bangladeşlileriň göz öňünde tutulan sosial mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilmeýändiklerini belledi. Ol dokumentleşdirilmedik bosgun çagalarynyň zerur bilimi alyp bilmeýändigini, şol sebäpli iş tapman jenaýata baş goşýandyklaryny hem sözüne goşdy. Pakistanda... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *