Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Февраль
2023

Новости за 02.02.2023

Lebabyň migrasiýa edarasynda adamlaryň uly nobaty döredi. Raýatlara maý aýyna nobat berilýär

Azathabar.com 

Döwlet Migrasiýa gullygynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki edarasynyň raýatlara biometriki pasportlary taýýarlap berýän bölüminde adamlaryň uly nobaty emele geldi. Şu günler bölümde raýatlara maý aýyna nobat berilýär. Şol bir wagtda, ençeme raýat käbir migrasiýa işgärleriniň paranyň öwezine, pasportlary nobatsyz, has gysga wagtyň içinde taýýarlap berýändigini aýdýar. "Biometriki pasporty almak üçin resminamalary kabul edýän bölümde ýörite enjam dur. Raýatlar resminamalaryny tabşyrmak üçin bu enjamdan talon almaly bolýarlar. Читать дальше...

THF türkmen resmilerini deportasiýa merkezlerindäki türkmenleriň ýagdaýyna üns bermäge çagyrýar

Azathabar.com 

"Türkmen Helsinki fondunyň" habaryna görä, Türkiýäniň deportasiýa merkezlerinde ýüzlerçe türkmen raýaty saklanýar. Adam hukuklaryny goraýjy gurama 2-nji fewralda çap edilen maglumatynda deportasiýa merkezinde Türkmenistanyň raýatlaryna garşy fiziki zorluk wakalary barada habar berýär we Türkiýedäki türkmen ilçihanasyny türkmen raýatlarynyň ýagdaýyna üns bermäge çagyrýar.

Internet ýeňillikleri baradaky habardan soň, 'Türkmentelekomyň' Marydaky edarasyna müňlerçe adam bardy

Azathabar.com 

1-nji fewralda "Türkmentelekom" elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň Mary welaýatynyň Mary şäherindäki edarasyna müňlerçe adam bardy. Bu waka Internet azatlygyny berk çäklendirmekde tankyt edilýän türkmen häkimiýetleriniň 1-nji fewraldan başlap ýurtdaky Internetiň tizligini artdyrýandygy we bu hyzmatyň bahasyny arzanladýandygy baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Erdogan: Gurhan ýakmaga rugsat berilse, Şwesiýa NATO ýaranlygyna goşulyp bilmez

Azathabar.com 

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 1-nji fewralda, skandinaw döwleti yslamyň mukaddes kitabyny kemsidýän protestlere rugsat bermegini näçe uzak dowam etdirse, Türkiýäniň Şwesiýanyň NATO harby bileleşigine goşulmagyna şonça uzak rugsat bermejekdigini gaýtadan tassyk etdi. Şwesiýanyň we Finlandiýanyň Günbatar harby bileleşigine agzalygyny tassyklamakdan saklanýan Ankara Türkiýäniň Stokgolmadaky ilçihanasynyň daşynda Gurhany ýakan we Erdoganyň garantgasyny asan aktiwistleriň geçiren demostrasiýalaryna gahar etdi. Читать дальше...

Kanadaly deputatlar sinjiaňly bosgunlaryň 10 müňüsiniň ýurda getirilmegine çagyrýar

Azathabar.com 

Kanadanyň parlamentiniň aşaky öýi üçünji gün ýurduň häkimiýetlerini Hytaýyň Sinjiaň sebitinden gaçan 10,000 uýgur bosgunyny kabul etmäge çagyrýan kararyň kabul edilmegi üçin ses berdi. Parlament palatasynyň häkimiýetleriň öňünde hökmany güýji bolmadyk, diňe maslahat beriji häsiýeti bolan kararynyň kabul edilmegi üçin 322 kanun çykaryjy ses berdi, garşy ses beren bolmady. Bu kararyň taslamasyny parlament palatasynyň Liberal partiýadan saýlanan agzasy Samir Zuberi taýýarlady. Şeýle-de, kabul... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *