Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Февраль
2023

Новости за 12.02.2023

Türkiýede we Siriýada ýer titremesinde ölenleriň sany 29 müňden geçdi

Azathabar.com 

Türkiýede 6-njy fewralda bolan ýer titremelerde ölenleriň sany 24,5 müňden geçdi. Bu barada wise-prezident Fuat Oktaý aýtdy. “Al Jazeera” -nyň habaryna görä, Siriýada ýer titremesi 4,5 müňden gowrak adamyň ölmegine sebäp boldy. Iki ýurtda ýaralananlaryň sany 80 000-den geçýär. Ýüzlerçe müň adam öýlerini ýitirdi. Harabalyklary arassalamak işleri dowam edýär. Olara 70 ýurtdan halas edijiler we lukmanlar gatnaşýar. Şu wagta çenli diri adamlaryň tapylýandygy, olaryň arasynda çagalaryň barlygy habar berilýär. Читать дальше...

Kanadanyň üstünde näbelli bir uçar urlup düşürildi

Azathabar.com 

Kanadanyň howa giňişliginde näbelli uçýan bir enjam urlup, düşürildi. Silindr görnüşli enjam 12 kilometr belentlikde anyklandy. Kanadanyň premýer-ministri Jastin Trudeau onuň raýat uçarlarynyň uçuşlaryna päsgel berip biljekdigi sebäpli obýekti ýok etmek barada buýruk berendigini aýtdy. Enjam ABŞ-nyň we Kanadanyň Alýaskadaky bilelikdäki bazasyna degişli ABŞ-nyň Howa güýçleriniň F-22 söweşiji uçary tarapyndan oka tutuldy. Kanadanyň goşuny obýektiň nämedigini kesgitlemek üçin galyndylary ýygnaýar. Читать дальше...

Ermenistan-Türkiýe serhedi ynsanperwer kömegini geçirmek üçin onýyllyklarda ilkinji gezek açyldy

Azathabar.com 

Ermenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gury ýer serhedi 35 ýyldan soň ilkinji gezek şenbe güni açyldy - serhet nokadyndan Ermenistandan ynsanperwer kömegini alyp barýan bäş sany ýük maşyny geçdi. Olar Türkiýäniň günortasynda bolan ýer titremesinde ejir çekenlere kömek alyp barýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Ermeni gullugy "Azatutyun" habar berdi. Ermenistan (şol wagt SSSR-iň bir bölegi) bilen Türkiýäniň arasyndaky serhet geçelgesi 1988-nji ýylda Ermenistanyň Spitak şäherini weýran eden ýer titremesinden soň açylypdy. Читать дальше...

Türkmenistanda iki hökümet agzasy we maliýe ýolbaşçysy çalyşdy  

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezident premýer-ministriň iki orunbasaryny çalyşdy we täze maliýe ministrini belledi. Kadrlar çalyşygy 10 fewralda geçirlen hökümet maslahatynda amala aşyryldy. Döwlet mediasyna görä, prezident Serdar Berdimuhamedow Şahim Abdrahmanowy "başga bir işe geçmek bilen baglanyşykly" Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň ýangyç we energiýa toplumy boýunça orunbasary wezipesinden boşatdy. 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinden bäri Türkmenistanyň prezidentiniň nebit we gaz meseleleri... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *