Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Февраль
2023

Новости за 05.02.2023

ABŞ Hytaýyň şaryny urup düşürdi

Azathabar.com 

ABŞ 4-nji fewralda Hytaýyň içaly maksatly maglumat toplamakda güman edilýän howa şaryny atyp düşürdi. Karolinanyň kenarynyň üstünde urlan şar Demirgazyk Amerikanyň harby sebitleriniň üstünden hem geçipdi. Bu Waşington bilen Pekiniň arasyndaky dartgynly ýagdaýlaryň ýene biri boldy. 18 km beýiklikde uçan şaryň ululygynyň üç mekdep awtobusyna deňdigi bellenilýär. Häzir ABŞ-nyň Atlantik ummanyndaky böleginden şaryň galyndylaryny toplamak işleri alnyp barylýar. 4-nji fewralda prezident Jo Baýden şaryň “aladasynyň ediljekdigini” aýdypdy.

Kabulda bolan partlamada azyndan iki adam ýaralandy

Azathabar.com 

4-nji fewralda Kabulda bolan partlamada parahat ilatyň arasyndan azyndan iki adam ýaralandy. Polisiýanyň maglumatyna görä, hadysa şahsy ulaga ýerleşdirilen partladyjynyň ýarylmagy netijesinde ýüze çykypdyr. Hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç kim öz üstüne almady. 2011-nji  ýylyň awgustynda “Talyban” häkimiýeti ele geçireninden soň, “Yslam döwleti” jeňçi toparynyň bu ýurtdaky hüjümleri ýaýbaňlandy.

Ýerleri alnan kärendeçiler prezidentiň daýhanlary gazançly etjegine ynanmaýarlar

Azathabar.com 

Türkmensitanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 26-njy ýanwarda gowaça ekýän raýatlaryň “ähli gerek zatlar bilen” üpjün edilmegini tabşyrdy, ýöne ol soňky 30 ýylda hiç wagt ýerine ýetirilmedik tabşyryklaryň nähili ýerine ýetirilmelidigini, döwleti oba hojalyk syýasatynda hakykatda nämäniň üýtgediljekdigini aýdyňlaşdyrmady. Şu aralykda, Azatlygyň habarçylary bilen anonim şertde gürrüňdeş bolan daýhanlaryň köpüsi häkimiýetleriň oba adamlarynyň durmuşyny gowulandyrjak, gazanç etmek mümkinçiliklerini... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *