Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Февраль
2023

Новости за 20.02.2023

Änewde itler köpçülikleýin ýok edilýär. Aktiwistler bu çäreleriň bes edilmegine çagyrýar

Azathabar.com 

Ahal welaýatynyň häkimiýetleri Änew şäherinde itleri zäherläp tutmak, soňra-da taýaklap ýa-da bogup öldürmek çärelerini güýçlendirdiler. Bu çäre sosial ulgamlarda onlarça ulanyjynyň itleriň köpçülikleýin öldürilýändigini aýdyp, "wagşyçylygyň" bes edilmegine çagyrmagyna getirdi. "Häkimligiň işgärleri, şol sanda jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri diňe köçedäki öýsüz-öwzarsyz itleri däl, eýse raýatlaryň howlusyndaky, şeýle-de gezelenç etmek üçin köçä çykarylan itleri hem ýok edýärler. Olar howludaky itlere zäherlenen çörek ýa-da et... Читать дальше...

Medeniýet işgärlerinden Gurbanguly Berdimuhamedow haýyr-sahawat gaznasy üçin mejbury pul toplanýar

Azathabar.com 

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Ruhyýet köşgünde, şeýle-de, etrap we obalaryň medeniýet öýlerinde işgärlerden Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasyna geçirmek üçin mejbury pul toplandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji fewralda sebitden maglumat berdi. Medeniýet işgärleri ýygnalan pullaryň Türkiýäniň günorta-gündogar sebitlerinde bolan ýer sarsgynynda ejir çekenlere ýardam hökmünde iberiljekdiginiň aýdylýandygyny gürrüň berýärler. Ýerli medeniýet öýleriniň... Читать дальше...

Türkmen gurluşykçylary täze gurulýan jaýlaryň ‘howpludygyny’ duýdurýarlar

Azathabar.com 

Türkiýede on müňlerçe adamyň ölümine getiren weýrançylykly ýer titremesinden soň, türkmen gurluşyk hünärmenleri sebitlerde gurulýan jaýlaryň ygtybarlylygyna we howpsuzlygyna alada bildirýärler. Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen türkmenabatly hünärmenleriň biri seýsmiki taýdan aktiw zonada ýerleşýän Türkmenistanda häzirki bina edilýän jaýlaryň mundan 50 ýyl ozalky standartlara laýyklykda galdyrylýandygyny, olaryň 5 ballyk ýer sarsgynyna hem çydap bilmejekdigini duýdurýar. “Soňky ýyllar Türkmenabatda... Читать дальше...

Berdimuhamedow BAE-niň ýokary derejeli resmisi bilen duşuşdy

Azathabar.com 

Prezident Serdar Berdimuhamedow bazar güni Aşgabatda Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary, prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy diýip, türkmen metbugaty 19-njy fewralda habar berdi. Myhman Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet baştutany tarapyndan garşy alyndy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda ulag ulgamy boýunça giň möçberli taslamalaryň işlenip taýýarlanylýandygy, şu sebäpli bu ugurda baý tejribe toplan daşary ýurtly hyzmatdaşlar... Читать дальше...

Blinken Türkiýä ýer titremesi üçin ýene-de kömek beriljekdigini aýdýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 19-njy fewralda Türkiýä mundan beýläk-de kömek beriljekdigini yglan etdi we Waşingtonyň şu aýda bolan ýer titremesinden soňky gaýtadan gurmak tagallalarynda Ankara uzak möhletleýin kömek berjekdigini aýtdy. 6-njy fewralda Türkiýäniň günorta-gündogarynda we goňşy Siriýada 7,8 bally ýer titremesi bolup, 45,000-den gowrak adam öldi. Blinkeniň Türkiýä sapary wagtynda Anakarynyň NATO ýaranlygyna goşulmagyny tassyklamakdan boýun gaçyran iki demirgazyk ýurdunyň... Читать дальше...

Gyrgyz prezidenti ýurduň öňki liderleri bilen duşuşdy

Azathabar.com 

Öňki prezident Almazbek Atambaýew döwlet baştutany Sadyr Žaparowyň ýurduň öňki ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygy baradaky pikirini aýtdy. Onuň beýanaty Sosial-demokratlaryň lideri Temirlan Soltanbekowyň Facebook sahypasynda çap edildi. Atambaýew öňki prezidentleriň arasynda bolan duşuşyga gatnaşandygyny tassyklap, oňa prezidentler Sadyr Žaparow we Milli howpsuzlyk baradaky döwlet komitetiniň başlygy Kamçybek Taşiýew tarapyndan çagyrylandygyny we ol ýerden hoşlaşman çykyp gaýdandygyny, sebäbi... Читать дальше...

Türkiýede we Siriýada ýer titremesinde ölenleriň resmi sany 45 müňden geçdi

Azathabar.com 

Fewral aýynyň başynda Türkiýede we Siriýada bolan ýer titremelerinde, resmi maglumatlara görä, 45,000-den gowrak adam öldi. “Roýters” habar gullugynyň habaryna görä, Türkiýede 39,672 adam, Siriýada 5800-den gowrak adam öldi. Ýurtlaryň häkimiýetleri dereksiz ýiten adamlaryň sanyny aýtmady. Türkiýede seýsmiki taýdan işjeň zolaklarda gurlan köp gatly binalaryň gurluşygynda zerur bolan talaplary berjaý etmezlikde güman edilýän häkimiýetlere we gurluşykçylara çynlakaý nägilelik bildirilýär. Ýurtda... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *