Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Февраль
2023

Новости за 24.02.2023

Mugallymlar parlament saýlawlaryna taýýarlyk işlerine çekilýär, býujet işgärlerinden pul ýygnalýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda 26-njy martda geçiriljek parlament saýlawlarynyň öňüsyrasynda, şu günler türkmen häkimiýetleri saýlaw uçastoklarynyň bezeg işleri we beýleki käbir çykdajylar üçin býujet işgärlerinden 40-70 manat aralygynda pul toplaýar. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde saýlaw uçastoklaryny taýýarlamak, saýlawçylary hasaba almak işlerine badalga berildi. Şeýle taýýarlyklaryň çäklerinde, orta mekdepleriň mugallymlary saýlawçylaryň sanawyny taýýarlamak işlerine mejbury çekilýärler. Türkmen kanunçylygyna görä... Читать дальше...

Döwlet sekretary Blinken Gazagystana, Özbegistana we Hindistana sapar eder

Azathabar.com 

Döwlet sekretary Antoni J. Blinken 2023-nji ýylyň 28-nji fewralyndan 3-nji martyna çenli aralykda Gazagystana, Özbegistana we Hindistana syýahat eder. Ol 28-nji fewralda Gazagystanyň Astana şäherine baryp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy çuňlaşdyrmak üçin, ýokary derejeli gazak resmileri bilen duşuşar diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat üçin ýaýradan beýanatynda aýdylýar. Bilinken soňra Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäş döwletiniň wekilleriniň gatnaşmagynda, Birleşen Ştatlaryň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň garaşsyzlygyna... Читать дальше...

Özbegistan ýanwar aýynda 1,2 milliard dollarlyk altyn eksport etdi

Azathabar.com 

Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda 5.04 milliard dollar bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,5 milliard dollar ýa-da 42% ýokarlandy diýip, prezidentiň ýanyndaky Statistika gullugynyň hasabatynda aýdylýar. Maglumatlara görä, eksport 45,1%, 2,08 milliarda çenli ýokarlandy, import - 2,96 (+ 39,8%) boldy. Daşary söwda defisiti 876,9 milliondan geçdi, bu 2022-nji ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende 49,7% köp (- 585,6 million dollar) bolýar. Täze... Читать дальше...

Hökümetçi neşir: Aşgabat-London aralygyndaky uçar gatnawy dikeldiler

Azathabar.com 

“Türkmenistan” awiakompaniýasy mart aýynda Aşgabady Angliýanyň London şäheri bilen birleşdirýän howa gatnawyny dikelder diýip, “Turkmenportal” neşiri habar berýär. Aşgabatdan baran uçar London şäheriniň "Stansted" howa menziline gonar, bu aerport iňlis graflygynyň Atlsford etrabynda, Londonyň 48 kilometr golaýynda ýerleşýär diýip, habarda bellenýär. 20-nji martdan başlanjak uçar gatnawy hepdede bir gezek amala aşyrylar. Aşgabat-London aralygyndaky uçar gatnawy 2020-nji ýylyň mart aýynda wagtlaýyn ýatyryldy. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *