Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Февраль
2023

Новости за 03.02.2023

Türkmenistanyň güýç gurluşlarynda ýene 'arassalaýyş' geçirildi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň güýç gurluşlarynda ýene bir gezek uly arassalaýyş geçirildi diýip, Azatlygyň ýerli çeşmeleri türkmen metbugatyna salgylanyp habar berýär. Döwlet baştutany nobatdaky kadr çalşygy baradaky kararlaryny Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň hepde ahyrynda geçirilen mejlisinde yglan edildi. Ýokary derejeli güýç emeldarlarynyň wezipelerini ýitirmeginiň hakyky sebäpleri belli däl. Prezident Serdar Berdimuhamedow 3-nji fewralda milli howpsuzlyk ministri Gurbannmyrat Annaýewi wezipesinden boşatdy,... Читать дальше...

Hepdäniň jemi #5 (04.02.2023 ý.)

Azathabar.com 

Türkmen-rus gatnaşyklarynyň ‘aýdyňlaşdyrylmaýan’ taraplary; Türkmenistanyň oba hojalygyny özgertmek, daýhanlaryň garyplykdan çykmagy üçin gyssagly görülmeli çäreler barada kärendeçileriň we ýerli hünärmenleriň pikirleri esasynda taýýarlan gepleşiklerimizi diňläp, öz pikir-garaýyşlaryňyzy aýtmaga çagyrýarys.

Türkmenistan BMG-niň Adam Hukuklary Komitetine žurnalist Ogulsapar Myradowa we geý lukman Kasymberdi Garaýew hakda jogap berdi

Azathabar.com 

Türkmenistan adam hukuklarynyň bozulmagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça BMG-nyň Adam hukuklary komitetine beren jogabynda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň habarçysy Ogulsapar Myradowanyň öz janyna kast edendigini gaýtalady. Myradowa 2006-njy ýylyň sentýabr aýynda türkmen türmesinde aradan çykdy. Onuň garyndaşlaryna berlen jesedinde zorluk alamatlary bardy. BMG-niň Adam Hukuklary Geňeşi onuň ölümine Türkmenistany jogapkär etdi.

Türkmenistan BMG-ä žurnalist Ogulsapar Myradowa we geý lukman Kasymberdi Garaýew hakda jogap berdi

Azathabar.com 

Türkmenistan adam hukuklarynyň bozulmagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça BMG-nyň Adam hukuklary komitetine beren jogabynda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň habarçysy Ogulsapar Myradowanyň öz janyna kast edendigini gaýtalady. Myradowa 2006-njy ýylyň sentýabr aýynda türkmen türmesinde aradan çykdy. Onuň garyndaşlaryna berlen jesedinde zorluk alamatlary bardy. BMG-niň Adam Hukuklary Geňeşi onuň ölümine Türkmenistany jogapkär etdi. Türkmenistanyň häzirki resmi beýanaty, Türkmenistanyň... Читать дальше...

Owganystanly gyzlar Merkezi Aziýanyň ýokary okuw jaýlaryna kabul edilýär. "Talyban" olara öz ýurtlarynda okamagy gadagan etdi

Azathabar.com 

Owgan gyzlarynyň bir topary Ýewropa Bileleşiginiň ýardamy boýunça Merkezi Aziýanyň ýerli ýokary okuw jaýlaryna okamaga geldiler. Bu serişde ýüzlerçe owgan zenanlaryny özüne çekmek üçin, 2019-njy ýylda daşary ýurtda okamaga we talaba laýyk hünär öwrenip watanyna dolanmak şerti bilen döredilen maksatnamanyň çäklerinde amala aşyrylýar. Emma barlyşyksyz syýasat ýöredýän "Talybanyň" häkimiýete gelmegi bilen maksatnamanyň geljegi we zenan talyplaryň ýagdaýy nämälim bolup galýar. "Talyban" hökümeti Owganystandaky... Читать дальше...

Maryly býujetçiler böwsen derýanyň öňüni almak üçin ‘gije-gündiz işledilýär’

Azathabar.com 

Maryda Garagum derýasynyň joşup hanasyny üýtgeden bölegini ýapmak synanyşyklary dowam etdirilýär. Bu işleriň çäginde döwlet edaralarynyň erkek işgärleri Türkmengalanyň "Üçajy" atly sebitine ýatymlyk ugradylýarlar. Olar goşmaça hak tölenmezden mejbury işledilýändiklerini we iş şertleriniň ýaramazdygyny aýdýarlar.

Lebaply býujet işgärleri: Aýlyklar iş ýüzünde 10% däl-de, 7% ýokarlandy

Azathabar.com 

Türkmenistanda şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň 10% ýokarlanmagy bilen, býujet işgärlerinden dürli maksatlar üçin tutulýan tutumlaryň möçberi hem artýar. Netijede, Lebap welaýatynyň dürli döwlet edaralarynda işleýän býujet işgärleriniň ençemesi aýlyk zähmet haklarynyň iş ýüzünde 10% däl-de, 7% ýokarlanandygyny aýdýar.

Lebaply býujet işgärleri: Aýlyklar iş ýüzünde 10% däl-de, 7% ýokarlandy

Azathabar.com 

Türkmenistanda şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň 10% ýokarlanmagy bilen, býujet işgärlerinden dürli maksatlar üçin tutulýan tutumlaryň möçberi hem artýar. Netijede, Lebap welaýatynyň dürli döwlet edaralarynda işleýän býujet işgärleriniň ençemesi aýlyk zähmet haklarynyň iş ýüzünde 10% däl-de, 7% ýokarlanandygyny aýdýar. "Men 2022-nji ýylda ähli tutumlary tölänimden soň, elime arassa 1300 manat galýardy. Ýöne aýlyklar galdyrylandan soňra, ýanwar aýynda elime alan aýlygym hem ondan o diýen üýtgeşik bolmadym. Читать дальше...

FAO Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasyna goldaw berýär

Azathabar.com 

BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen Bütindünýä ekologiýa gaznasynyň (GEF) bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde, 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda Bäherdeniň, Daşoguzyň tokaý hojalyklarynyň önümçilik meýdanlarynda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň amaly okuw meýdançasynda iki sany toplum (hersi 1 gektar) we synag meýdançasy (3 gektara golaý) döredildi diýip, “Biznes Türkmenistan” neşirihabar berýär. FAO-nyň metbugat üçin beýanatynda aýdylmagyna görä, bu işler FAO bilen... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *