Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Февраль
2023

Новости за 06.02.2023

Güýçli ýer titremesi Türkiýede we Siriýada 1300-den gowrak adamy öldürdi

Azathabar.com 

6-njy fewralda günorta-gündogar Türkiýede we Siriýada bolan 7,8 kuwwatlygyndaky ýer titremesi ýüzlerçe binany ýumrup, gyşyň aňzakly gijesinde dowla düşen ýaşaýjylary daşaryk çykardy. Türkmenistanlylaryň zähmet migrasiýasy we ýokary bilim üçin iň köp ýykgyn edýän ýurtlarynyň biri bolan Türkiýedäki bu tebigy betbagtçylykda türkmen raýatlarynyň arasynda zyýan çekenleriň bardygy ýa ýokdugy barada häzirlikçe maglumat ýok. Türkiýede we Siriýada azyndan 1300 adam öldi, ýüzlerçe adam ýaralandy we başga-da... Читать дальше...

Lebapda we Maryda suw joşmagyna garşy gyssagly işler alnyp barylýar

Azathabar.com 

Lebap we Mary welaýatlarynda suw howdanlarynyň daşynda kenary berktimek we beýleki ýer işleriniň uly depginde alnyp barylmagy dowam etdirilýär. Bu iki welaýatdaky habarçylarymyz Amyderýanyň we Garagum kanalynyň suwunyň joşmagy howpunyň saklanýandygyny we ilatly ýerlere hem-de möhüm infrastruktura desgalarynyň işine hatar döredýändigini aýdýarlar.

Lebapda we Maryda suw joşmagyna garşy gyssagly işler alnyp barylýar    

Azathabar.com 

Lebap we Mary welaýatlarynda suw howdanlarynyň daşynda kenary berktimek we beýleki ýer işleriniň uly depginde alnyp barylmagy dowam etdirilýär. Bu iki welaýatdaky habarçylarymyz Amyderýanyň we Garagum kanalynyň suwunyň joşmagy howpunyň saklanýandygyny we ilatly ýerlere hem-de möhüm infrastruktura desgalarynyň işine hatar döredýändigini aýdýarlar. Indi birnäçe gün bäri Lebap welaýatynyň çäginden geçýän Amyderýanyň suwy has ýokarlanyp, daşmak howpuny güýçlendirdi. Bu barada habar berýän Lebapdaky... Читать дальше...

Maryda şugundyr ýygnamak işleri býujet işgärleriniň hasabyna batlanýar

Azathabar.com 

Şu günler Mary welaýatynyň Baýramaly we Garagum etraplaryndaky ekin meýdanlarynda gant şugundyryny ýygnamak işleriniň depgini güýçlendirildi. Maryda bu oba hojalyk önüminiň hasyly ýene-de býujet işgärleriniň hasabyna ýygnalýar. "Baýramalydaky we Garagumdaky ekin meýdanlarynda gant şugundyryny ýygnaýan işgärlere geňeşlikleriň we arçynlyklaryň wekilleri gözegçilik edýärler. Olar häkim gyssap dur diýip, hasyly bolup bildiginden çalt ýygnap almaga howlukýarlar" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy aýtdy. Читать дальше...

Media: Rus patriarhy Kirill KGB-niň Şweýsariýadaky içalyçysy boldy

Azathabar.com 

Prezident Wladimir Putiniň berk goldawçysy, Russiýanyň prawoslaw patriarhy Kirill 1970-nji ýyllarda Şweýsariýada ýaşap, sowet aňtaw gullugy bilen hyzmatdaşlyk etdi diýip, şweýsar gazeti gizlinlik möhleti geçen arhiw dokumentlerine salgylanyp habar berdi. “Sonntagszeitung” we “Le Matin Dimanche” hepdelikleriniň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda rus prawoslaw kilisesiniň ruhy ýolbaşçysy bolup işleýän adama Şweýsariýa polisiýasynyň beren resminamasy onuň KGB bilen işleşendigini tassyklaýar. Ol bu... Читать дальше...

Türkiýede türkmen zenany bäbegini penjireden zyňdy. Ol özüne bildirilýän aýyplamany ret edýär

Azathabar.com 

Türkiýede türkmenistanyň raýaty ýaňy doglan bäbegini penjireden zyňdy. Munuň bilen bagly 22 ýaşly zenana “bilkastlaýyndan adam öldürmek” aýyplamasy bildirildi. Şol bir wagtda, Sewara Bahramowa özüne ýöňkelýän etmişi ret edýär. Türk mediasynyň maglumatyna görä, hadysa 31-nji ýanwarda ýerli wagt bilen ir sagat 4-ler töweregi Stambulyň Bahçeliewler sebitinde ýüze çykypdyr. Talatpaşa köçesiniň ugrundaky jaýyň penjiresinden ýere atylan torbanyň içinden bäbek tapyldy. Munuň üstüni açan golaýdaky adamlar dessine polisiýa habar berdiler. Читать дальше...

Öňki harby dolandyryjy Muşarrafyň jesedi Pakistana getiriler

Azathabar.com 

Pakistanyň bosgunlykdaky öňki harby ýolbaşçysy, "terrorçylyga garşy uruş" döwründe ABŞ-nyň esasy ýaranyna öwrülen Perwez Muşarrafyň jesediniň 6-njy fewralda ýurduna getirilmegine garaşylýar. Syýahat gadaganlygy ýatyrylandan soň, bejergi almak üçin 2016-njy ýylda Pakistany terk eden Muşarraf uzak keselden soň, 5-nji fewralda 79 ýaşynda Dubaýda aradan çykdy. Adynyň efirde tutulmagyny islemedik ýokary derejeli işgärler onuň jesediniň 6-njy fewralda yzyna getirilmegine we giçlik jaýlanmagyna garaşylýandygyny aýtdylar.

Güýçli ýer titremesi Türkiýede, Siriýada 1300-den gowrak adamy öldürdi

Azathabar.com 

6-njy fewral güni günorta-gündogar Türkiýede we Siriýada bolan 7,8 kuwwatlygyndaky ýer titremesi binalary ýumrup, gyşyň aňzakly gijesinde dowla düşen ýaşaýjylary daşaryk çykardy. Iki ýurtda azyndan 1300-den gowrak adam öldi, ýüzlerçe adam ýaralandy we harabalyklaryň aşagynda ejir çekenleriň sanynyň artmagyna garaşylýar. Halas ediş işgärleri we ýaşaýjylar serhediň iki tarapyndaky birnäçe şäherde ýykylan binalaryň harabalygynyň arasynda diri galanlary gözlediler. Ýer sarsgyny Kair ýaly uzakda ýerleşýän şäherde hem duýuldy. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *