Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde käbir azyk önümleri söwda tekjelerinde tas tapdyrmaýar. Şeýle-de, sebitde käbir azyk önümleriniň bahasy tas iki esse gymmatlady. Söwdagärler munuň sebäplerini aýlyklaryň 10% ýokarlanmagy bilen, özleriniň töleýän salgytlarynyň hem artandygy bilen düşündirýärler.
"Ýanwar aýynyň 10-dan bäri şäheriň bazarlarynda we söwda dükanlarynda ýumurtga bilen towuk budunyň satuwda tapylmagy kynlaşdy. Fewralyň başyndan bäri ýumurtga umuman tapdyranok" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy aýtdy. Читать дальше...