Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Февраль
2023

Новости за 16.02.2023

'Daşoguz' bazarynyň duýdansyz ýykylmagy ýüzlerçe telekeçini gazançdan mahrum edýär

Azathabar.com 

Daşoguz welaýatynda ilat arasynda "Baý bazar" atlandyrylýan "Daşoguz" daýhan bazary duýdansyz ýumrulyp başlandy. Bu ýykyşlyk gyşyň aýazly günlerinde ýüzlerçe telekeçiniň işini togtadyp, gazançsyz galmagyna getirdi. Häkimiýetler ýykyp-ýumurma barada öňünden duýduryş berilmändigi barada şikaýat edýän telekeçilere "munuň duýdansyz ýokardan berlen tabşyryk" bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar. "Daşoguz şäheriniň Magtymguly köçesiniň ugrunda ýerleşýän bazaryň takmynan 75 göterimi ýumrulýar. Gyş aýynda 300-den gowrak telekeçi öz ýerlerinden... Читать дальше...

Lebabyň Onkologiýa hassahanasy ‘talaba laýyk bejergi berip bilmeýär’

Azathabar.com 

Bu günler Lebabyň saglyk edaralarynda Aşgabatda Onkologiýa merkezini gurmak planlary bilen baglylykda propoganda äheňli wasp ediji ýygnaklar geçirilýär. Munuň bilen bir wagtda, welaýatyň düwnük, ýagny rak kesellerine garşy merkeziniň ýagdaýy gözgyny bolmagynda galýar we lukmanlar talaba laýyk bejergini berip bilmeýär. “Şu hepdäniň başyndan bäri welaýatyň saglyk edaralarynda prezidentiň paýtagtda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezini gurmak baradaky karary bilen bagly yzygiderli öwgüli ýygnaklar geçirilýär. Читать дальше...

Gyrgyzystanyň öňki prezidenti türmeden boşap, bejergi üçin Ispaniýa uçdy

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Almazbek Atambaýew, türmeden boşadylanyndan soň, 15-nji fewralda bejergi almak üçin Ispaniýa gitdi diýip, Jogorku geňeşiň ozalky deputaty Asel Koduranowa Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugyna habar berdi. Onuň sözlerine görä, Atambaýew bejergi alanyndan soň Gyrgyzystana dolanyp gelmekçi bolýar. “Biz häzirlikçe onuň Ispaniýada näçe wagt galjakdygyny bilemzok, sebäbi türmede bolan 3,5 vyl wagtynda onuň saglyk problemasy ýüze çykdy. Oňa operasiýa edilmegi hem gaty ähtimal. Читать дальше...

Rus telekeçisi "troll fabrigini" döredendigini we maliýeleşdirendigini boýun aldy

Azathabar.com 

Işewür we hakyna tutma söweşijileriň “Wagner” toparyny esaslandyryjy Ýewgeniý Prigožin "troll fabrigini" döredendigini we maliýeleşdirendigini ilkinji gezek boýun aldy. Ol muny “Der Spiegeliň” Prigožiniň “Internet gözleg gullugy” diýlip atlandyrylýan agentligi maliýeleşdirendigi ýa däldigi baradaky soragyna jogap berende aýtdy. "Men hiç haçan “Internet gözleg gullugynyň” ýönekeý maliýeleşdirijisi bolmadym. Men ony oýlap tapdym, döretdim we uzak wagtlap dolandyrdym" diýip, Prigožin aýtdy. "Troll... Читать дальше...

Fulbraýt maksatnamasy türkmenistanly mugallymlary bäsleşige çagyrýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy "Fulbraýt 2024" bilim grantlarynyň çäklerinde hünärini ýokarlandyrjak türkmenistanly mugallymlary Birleşen Ştatlarda mugt hünärlerini ýokarlandyrmak üçin bäsleşige gatnaşmaga çagyrýar. Bäsleşige gatnaşýanlar, ýeňiji bolan halatlarynda, 2024-nji ýylyň ýanwar ýa-da sentýabr aýyndan başlap, alty hepdelik maksatnamanyň çäginde ABŞ-da bolarlar. Olar öz okadýan ugurlary boýunça bilimleriini çuňlaşdyrmaga, okatmagyň täze usullary bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar. ... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *