Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Февраль
2023

Новости за 27.02.2023

'Tebigaty goramalydyrys': Täjigistanly daýhan guşlary ýowuz aýazdan halas edýär

Azathabar.com 

Soňky döwürde Täjigistanyň çäginde höküm süren aýazly howa sebäpli Hatlon welaýatynyň guşlary uçmakda kynçylyk çekýärler. Şeýle agyr şertlerde olar garyň arasynda galyp, doňup bilýärler. Ýerli daýhan guşlaryň öz ýyladyşhanasynda ýaşamagyna rugsat berip, olary halas etmäge çalyşýar. Onuň aladasy bilen müňden gowrak guş, şol sanda olaryň ýitip gitmek howpy abanýan görnüşleri halas edildi.

Türkmen zenanlary prezidentiň 8-nji mart sowgadyna 3,5 kilogram sogan satyn alyp bilýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidentiniň şu ýyl Halkara aýallar güni mynasybetli beren sowgady 60 manatdan ybarat. Bu resmi kurs boýunça 17 amerikan dollaryna we gara bazar nyrhyndan 3 dollara barabar. Bu pula şu gün Türkmenistanda köp zat satyn alyp bolmaýar, emma ol meselem 3,5 kilogram sogana ýa-da 5 kilogram una ýetýär. Emma adatça şeýle ujypsyz sowgat dabaraly ýagdaýda gowşurylýar, ony alan zenanlar özleriniň prezidente aşa minnetdarlygyny köpçülikde bildirmäge we ýüzüne sylmaga mejbur bolýarlar.

Maryda polisiýa pyýadalara jerime ýazyp, ‘gaznany doldurmaga’ synanyşýar

Azathabar.com 

Şu günler Mary welaýatynda ýol polisiýasynyň we salgyt gullugynyň işgärleri işjeňleşip, olar ilata jerime ýazmak çärelerini görnetin güýçlendirdiler. Kanun goraýjy edaralaryň işgärleri munuň sebäplerini häkimiýetleriň Garagum derýasynyň akymyny üýtgeden böleginiň öňüni beklemek işleri üçin sarp edilen maliýe serişdesiniň öwezini sebit ilatynyň hasabyna dolmaga çalyşýandygy bilen düşündirýärler.

Lebapda it uruşlary ‘has gizlin ýagdaýda’ geçirilip başlandy

Azathabar.com 

Azatlygyň Lebap welaýatynda bikanun it uruşlarynyň gurnalýandygy baradaky habarlaryndan soň, polisiýa bu çäreleriň gurnaýjylaryny soraga çekip, itleriň arasyndaky näresmi tutluşyklaryň öňüni almaga synanyşýar. Munuň yzy bilen, it uruşlary has gizlin ýagdaýda geçirilip, şeýle-de olara diňe ‘ynamdar’ tomaşaçylar çagyrylyp başlandy.

Öñki “ygtybarsyz hyzmatdaş”. Russiýa Türkmenistany gaz oýunlaryna iterýär, bu Aşgabat üçin amatlymy?

Azathabar.com 

10 ýyldan gowrak wagt bäri türkmen gazynyň iň gowy alyjysy Hytaý hasaplanýar. Ýöne ekspertleriň bellemegine görä, Orsýet Aşgabada täsir etmegiň käbir gurallaryny özüne aldy, indem ony peýdalanjaga meňzeýär. Häzir şeýle pursat gelip ýetdi, gaza baý Türkmenistan eksport ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy aňsatlyk bilen üpjün edip biljek. Ýöne munuň ýerine Türkmenistan özüni Moskwanyň energiýa çekiş güýjüne gaýtarmaga mümkinçilik berýär diýip, bilermenler aýdýarlar. Girdejisiniň dörtden üç bölegi ýangyç satuwyna bagly hasap edilýän ýurtda... Читать дальше...



Maryda polisiýa ilata jerime ýazyp, ‘gaznany doldurmaga’ synanyşýar

Azathabar.com 

Şu günler Mary welaýatynda ýol polisiýasynyň we salgyt gullugynyň işgärleri işjeňleşip, olar ilata jerime ýazmak çärelerini görnetin güýçlendirdiler. Kanun goraýjy edaralaryň işgärleri munuň sebäplerini häkimiýetleriň Garagum derýasynyň akymyny üýtgeden böleginiň öňüni beklemek işleri üçin sarp edilen maliýe serişdesiniň öwezini sebit ilatynyň hasabyna dolmaga çalyşýandygy bilen düşündirýärler. "Welaýatyň ähli etraplarynda, hususan-da Baýramalyda polisiýa işgärleri köçelerde pyýadalar üçin göz... Читать дальше...

Lebapda it uruşlary ‘has gizlin ýagdaýda’ geçirilip başlandy

Azathabar.com 

Azatlygyň Lebap welaýatynda bikanun it uruşlarynyň gurnalýandygy baradaky habarlaryndan soň, polisiýa bu çäreleriň gurnaýjylaryny soraga çekip, itleriň arasyndaky näresmi tutluşyklaryň öňüni almaga synanyşýar. Munuň yzy bilen, it uruşlary has gizlin ýagdaýda geçirilip, şeýle-de olara diňe ‘ynamdar’ tomaşaçylar çagyrylyp başlandy. “Ýylyň başyndan bäri [gizlin ýagdaýda] geçirilen it utuşlary barada habarlar çykandan soň, polisiýa gurnaýjylardan munuň bes edilmegini talap etdi. Şeýle-de, bu gaýtalansa... Читать дальше...

Mirziýoýew: "Köp adam metbugaty ýapmagy maslahat berýär, men muny etmerin"

Azathabar.com 

Özbegistanyň prezidenti metbugat azatlygy şertlerinde işlemegiň “çylşyrymlydygyny” aýtdy. Onuň sözlerine görä, oňa "metbugaty ýapmagy" teklip etdiler. “Men ýapmaýaryn ... Goý, gürlesinler, ýöne adalatly gürlesinler. Tankyt etsinler, ýöne dogry tankytlasynlar" diýip, Şawkat Mirziýoýew aýtdy. Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew Kaşkadarýa sebitiniň Karşi etrabynda ýerleşýän 71-nji mekdebe sapar eden wagtynda, özüniň metbugata goldaw berýändigini ýene bir gezek nygtady diýip, onuň metbugat sekretary Şerzod Asadow ýerli metbugata aýtdy. Читать дальше...

Eýran rialy hümmetini gaçyryp, täze pes derejä düşdi

Azathabar.com 

Ýurduň dawaly ýadro programmasy, adam hukuklarynyň gödek bozulmagy we Russiýany pilotsyz uçarlar bilen üpjün etmegi sebäpli ýokarlanýan halkara izolýasiýasynyň arasynda, Eýranyň milli puly rial 26-njy fewralda, resmi däl bazarda ABŞ dollarynyň garşylygyndaky hümmetini rekord derejede pese gaçyrdy. ABŞ-nyň dollary Eýranyň resmi däl bazarynda 24-nji fewralda 540,000 rial, bir gün ozal 575,000 rial bahalanan bolsa, häzir 601,500 riala çykdy diýip, Bonbast.com walýuta alyş-çalyş saýty habar berdi.... Читать дальше...

Hökümetçi neşir 1000 adamlyk toý zalyny wagyz edýär

Azathabar.com 

“Ak Ýol” dabaralar zaly ýaz we tomus aýlary üçin ýaş çatynjalaryň arzalaryny kabul edýär diýip, hökümetçi neşir habar berýär. “Türkmenportalyň” maglumatyna görä, Aşgabatdaky “Bagt köşgünde”, toý dabaralarynyň merkezinde ýerleşýän “Ak Ýoluň” toý zaly 1000 adama çenli kabul edip bilýär. Şeýle-de, bu zalyň hayzmatyndan peýdalanan ýaş çatynjalara myhmanhanadaky lýuks otagynyň, üsti açyk “Linkoln” awtoulagynyň mugt ulanmaga berilýändigi aýdylýar. Neşir biraz öň “Galkynyş” toý zalynyň azyndan üç çakylygyny çap edip... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *