"Gazprom" OPEK analogynyň ilkinji çelgilerini aýan edýär
“Gazpromyň” başlygy Alekseý Miller Aşgabat şäherine eden saparynda OPEK gaz analogynyň ilkinji çelgilerini beýan etdi, Türkmenistandan Azerbaýjana Hazaryň düýbünden çekiljek geçirijiniň öňüniň baglanjakdygyny aýtdy diýip, rus metbugaty habar berýär.
Emma muňa derek, Türkmenistana Eýranyň üsti bilen göni Türkiýä iberilýän gaz üpjünçiligine goşulmak teklip edildi. Şeýlelikde, Türkmenistan Russiýa we Eýran tarapyndan döredilýän we Kataryň hem goşulmak isleýän OPEK gaz analogynyň doly derejeli agzasy bolar diýip, habarda aýdylýar.
Bu işde gaz çalyşmak usulyny ulanmak planlaşdyrylýar, ýagny Türkmenistan Eýranyň demirgazyk-gündogar bölegine çekilen gaz geçirijisi arkaly gaz iberer we Tähran şol möçberdäki gazy demirgazyk-günbataryndaky geçirijileri arkaly Töwrizden Ankara, Türkiýä geçirer, täze geçiriji gollaryny gurmak gerek bolmaz.
Russiýa subut edilen gaz gorlary boýunça dünýäde ilder hasaplanylýar (37,4 trillion kub metr, global ätiýaçlyklaryň 19,9%), Eýranda 32,1 trillion kub metr (17,1%) bar, Türkmenistanda 13,6 trillion kub metr (7,2%) gaz bar.
Hökümetçi “Orient”neşiri Alekseý Milleriň ýolbaşçylygyndaky “Gazprom” wekiliýetiniň Aşgabatda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyp, gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň ugry we geljegi barada maslahat edendigini anyklaşdyrmazdan habar berdi.