Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Февраль
2023

Öňki prezident ýokary tizlikli demirýol şahalaryny gurmak meselesini gozgaýar

0
Öňki prezident ýokary tizlikli demirýol şahalaryny gurmak meselesini gozgaýar

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinden Aşgabada we Awaza çenli aralyga ýokary tizlikli demirýol şahalaryny gurmak bilen baglanyşykly meseleleriň içgin öwrenilmelidigini aýtdy divip, “Biznes Türkmenistan”habar berýär.

Halk maslahatynyň başlygy bu meseläni Ahal sebitiniň täze edara ediş merkezine eden iş saparynda gozgapdyr.

Şeýle-de, uly Berdimuhamedow Arkadag şäherini paýtagt we ýurduň beýleki şäherleri bilen baglanyşdyrýan demirýol gatnawlarynyň häzirki zaman ülňülerine laýyk gelmelidigini, demirýol menzilinde otlynyň gelip durjak ýeriniň ýokarsynyň ýapyk bolmalydygyny aýdypdyr.

Habarda onuň Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda guruljak desgalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanşandygy aýdylýar.

Türkmenistanda ýokary tizlikli demirýol gatnawlaryny gurmak meselesi soňky 30 ýylda birnäçe gezek agzaldy, ýöne ýolagçy gatnawlary we demirýol hyzmatlary ýaramaz bolmagynda galýar diýip, synçylar aýdýar.

Mundan başga, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen hünärmenler soňky ýyllarda öňki prezidentiň tassyklamagynda we gözegçilik etmeginde gurlan desgalaryň we ýasaýyş jaýlarynyň hiliniň öwerlik däldigini aýdýarlar.











СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *