Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Февраль
2023

Türkmenistanda ýene kyrka golaý döwlet desgasy satuwa çykaryldy

0
Türkmenistanda ýene kyrka golaý döwlet desgasy satuwa çykaryldy

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýerli metbugatda yglan eden bäsleşikli söwdasyna görä, Lebap welaýatynda ýerleşýän maldarçylyk we guşçulyk fermasy, “Döwrebap” söwda-dynç alyş merkezi, Daşoguz welaýatyndaky turba zawody we Aşgabatda ýerleşýän “Nur Zaman” hojalyk jemgyýetiniň edara binasy satuwa çykaryldy.

Şeýle-de, dükanlar, kafeler, naharhanalar we saglyk merkezi, dolandyryş binalary, haly fabrigi we önümçilik desgalary satuwa çykarylar.

Bäsleşikli söwdalar 17-nji martda sanly platformanyň, ýagny www.е.fineconomic.gov.tm saýtynyň we bu platformanyň mobil goşundysynyň üsti bilen geçiriler.

Türkmenistanda döwlet serişdelerine gurlan desgalaryň we binalaryň yzygiderli satuwa çykarylýandygy habar berilýär, ýöne bu söwdalaryň bazar ykdysadyýetine geçilmeginde, iş ýerleriniň köpelmeginde oýnaýan roly aýdyň bolman galýar.











СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *