‘Russia Today’ we türkmen žurnalistleri maglumat alyşmagyň mümkinçiliklerini maslahat etdiler
Ýakynda Orsýetiň “Russia Today” halkara teleýaýlymynyň toparynyň Türkmenistanda bolup, türkmen kärdeşleri bilen maglumat alyşmagyň mümkinçiliklerini, hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamanyň taslamasyny işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly maslahat edendigini, Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugy habar berýär.
“‘Russia Today’ teleýaýlymy bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyk türkmen kärdeşleriniň guramaçylyk-tehniki geňeşmeler babatda bolşy ýaly, hünär taýdan ösmegi, häzirki zaman tejribelerini özleşdirmegi, häzirki döwürde žurnalistlere we maglumat giňişligi ýaly netijeli bazarda mynasyp bäsdeşlik etmegi üçin köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärlerine oňyn täsirini ýetirer” diýlip, resmi medianyň 23-nji maýda çap eden habarynda bellenilýär.
TDH-nyň maglumatynda şu ýyl Aşgabatda Aziýa-Ýuwaş ummany habar beriş bileleşiginiň Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisiniň geçiriljekdigi ýatladylyp, “‘RT’ ýaýlymy Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) bilen hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşyga gol çekmek meýilleşdirilýän bu foruma gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär” diýýär.
Habarda “Russia Today” teleýaýlymynyň toparynyň ýurda anyk haýsy senede sapar edendigi aýdyňlaşdyrylmaýar. Ýöne “işewür gatnaşyklaryň çäklerinde Türkmenistandan iki toparyň ‘RT’ teleýaýlymynda hünär kämilleşdiriş okuwyny geçendigi, kämilleşdiriş okuwyny geçenleriň zerur bilimi, ukyplary we mahabat, maliýeleşdirmek we habarlary ýaýratmak usullaryny ele alandygy” bellenilýär.
Ýewropa ýurtlarynda we Birleşen Ştatlarda “Russia Today” teleýaýlymyna Kremliň propagandasynyň guraly hökmünde garalýar. Şu ýylyň mart aýynda Britaniýanyň media gözegçilik edýän guramasy “Ofcom” Kremliň hemaýatyndaky “Russia Today” kanalynyň rugsat hatyny täzeden gözden geçirjekdigini aýdypdy.