Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Май
2018

Новости за 22.05.2018

Daşary ýurtlara çykmak üçin soralýan paranyň möçberi "artdyryldy"

Azathabar.com 

Türkmenistanda dörän ykdysady krizisden, işsizlikden hem eklenç ýagdaýynyň barha kynlaşmagy sebäpli iş gözleginde daşary döwletlere gitmekçi bolýan türkmen raýatlarynyň Aşgabat aeroportynda uçara mündürilmezliginiň faktlarynyň artmagy bilen, daşary döwletlere gitmekçi bolýan raýatlardan migrasiýa gullugynyň işgärleriniň soraýan parasynyň hem artýandygy barada maglumatlar bar.

Türkmenistanyň bank kartlaryny çäklendirmegi türkmen studentlerini aç galdyrdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň daşynda bilim alýan studentleriň türkmen banklarynda açylan öz plastik kartlaryndan pul çekmekdäki kynçylyklary dowam edýär. Azatlyk Radiosy bilen Orsýetden, Belarusdan we Ukrainadan habarlaşýan studentler her gije gündizde kartdan nagtlaşdyryp bolýan ýa-da nagt bolmadyk görnüşde töläp bolýan puluň möçberiniň özleri üçin ujypsyzdygyny, okuwyň tölegine, ýaşaýşa ýetmeýändigini, üstesine soňky aýlarda nagt bolmadyk tölegleriň geçmezligi we bankomatlardan nagt puly çekmek boýunça synanyşyklaryň şowsuz bolmagy... Читать дальше...

Owganystanda türkmen obalaryny sil aldy

Azathabar.com 

Owgansytanyň demirgazyk, aglaba etniki türkmenleriň ýaşaýan sebitlerini sil suwlary aldy. Ýerli ýaşaýjylar agyr güne düşendiklerini, ýerli häkimiýetleriň hem kömek etmeýändigini aýdýarlar.

Trampyň Owganystan babatyndaky strategiýasy “az öňegidişlik gazandy”

Azathabar.com 

Trampyň administrasiýasynyň Owganystan babatyndaky täze strategiýasy “Talyban” söweşijilerine garşy az öňegidişlik gazandy, şeýle-de ýurt, 17 ýyl bäri dowam edýän uruşdan soň, “howply we durnuksyz” bir ýer bolmagynda galýar diýip, hökümetiň gözegçi toparynyň hasabatynda bellenilýär. Bu hasabatdaky aýdylanlar Pentagonyň owgan güýçleriniň, ABŞ-nyň hemaýaty bilen “Talybana” garşy göreşde “aýgytlaýjy pursady ele geçirendigi” baradaky öňe sürmelerine ters gelýär. Pentagonyň baş gözegçisiniň, Döwlet... Читать дальше...

Karaçide aşa gyzgyn howa sebäpli “onlarça adam öldi”

Azathabar.com 

Pakistanyň iň uly Karaçi şäherinde aşa gyzgyn howa sebäpli 65 adam heläk boldy. Howanyň gyzmagy netijesinde şäheriň elektrik üpjünçiliginde hem bökdençlikler ýüze çykdy. Bu ýagdaýlar aglaba musulmanlaryň agyz bekleýän Remezan aýyna gabat geldi. Ýerli howa maglumatlary gullugy duşenbe güni howanyň temperaturasynyň 44 gradusa çenli ýetendigini mälim etdi. Meýithanalara we “tiz kömek” gulluklaryna gözegçilik edýän guramanyň aýtmagyna görä, adam pidalary, esasan, şäheriň garyp sebitlerinde ýüze çykypdyr. Читать дальше...



Ýekaterinburgyň häkimi wezipesinden çekildi

Azathabar.com 

Ýekaterinburgyň häkimi Ýewgeniý Roýzman wezipesinden çekildi. Ol muňa şäher häkiminiň gönümel saýlawlarda kesgitlenmeginiň ýatyrylmagynyň sebäp bolandygyny aýtdy. Roýzman muny şäher dumasynyň mejlisinde mälim etdi. Bu mejlisde şäher häkiminiň gönümel saýlanmagynyň ýatyrylmagy bilen, şäheriň ustawyna girizilmeli düzedişler kabul edilmelidi. Mundan owal, şäher dumasyna hem ýolbaşçylyk eden Roýzman bu meseläni gün tertibine getirmekden ýüz öwrüpdi. Roýzman adamlaryň aldanmagyna goşulmak niýetiniň ýokdugyny aýdyp, wezipesinden çekildi. Читать дальше...

Siriýa Damaskyň hökümetiň doly gözegçiligine geçendigini aýdýar

Azathabar.com 

Siriýa harbylary, 2011-nji ýylda başlanan graždançylyk urşundan bäri ilkinji gezek, paýtagt Damaskyň “Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň jeňçilerinden doly azat edilendigini aýtdylar. Döwlet telewideniýesinde esgerleriň harabalyga öwrülen jaýlaryň üstünde Siriýanyň baýdagyny galgadýan görnüşleri görkezildi. Eýranyň goldaýan harbylary, şol sanda Liwanyň Hizballah topary, Russiýanyň harby howa güýçleri prezident Başar al-Assadyň hökümetine Damasky, şeýle-de ýurduň demirgazyk we merkezi sebitlerini... Читать дальше...

Gündogar Ukrainada adam pidaly çaknyşyklar ýüze çykdy

Azathabar.com 

Ukrainanyň gündogarynda hökümet güýçleri bilen separatistleriň arasyndaky çaknyşyklaryň ýitileşendigi barada maglumatlar gowuşýar. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ukrainadaky ýagdaýlara gözegçilik edýän missiýasynyň berýän maglumatyna görä, geçen hepde parahat ilatdan üç adam öldürilip, başga-da üçüsi ýaralanypdyr. Gurama “seredilmeli başga-da ýagdaýlaryň bardygyny” hem mälim etdi. Gözegçilik missiýasynyň resmisi “ok atyşyklary bes etmek ylalaşygynyň 7 müň 700 gezek bozulmasynyň hasaba alnandygyny” hem nygtady. Читать дальше...

Pompeo rus esgerleriniň Gürjüstandan çykarylmagyna çagyrdy

Azathabar.com 

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Popmeo Russiýa ýüzlenip, öz-özüni garaşsyz diýip yglan eden Gürjüstanyň regionlaryndan rus esgerlerini çykarmaga çagyrdy. Şeýle-de, Pompeo Tbilisä has köp howpsuzlyk we ykdysady goldawyny wada berdi. “ABŞ Russiýanyň Gürjüstanyň sebitlerini okkupasiýa etmegini çürt-kesik ýazgarýar” diýip, Pompeo Waşingtonda geçen ýyllyk ABŞ-Gürji Strategiki Hyzmatdaşlyk maslahatynyň dowamynda çykyş etdi. “Russiýanyň Gürjüstana zor bilen girmegi, halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň açyk bozulmasydyr” diýip... Читать дальше...

HORMATLY ARKADAG: "Siz prezidentmi, ýa kim?"

Azathabar.com 

Hormatlamasamam Arkadağym! Turkmenistanda dollaryñ kursundan tut beyleki azyk kemciliklerini, bahalaryny düzetmek üçin HEY BIR ZAT EDÝAÑIZMI? Ya da kellesi yok towuk yali urnup , böküp ,duwary süsüp gidip baryanyzmy? Onam süsenizde bilyanizmi diñe?  Sizde azajygam bolsa öñden görüjilik diyilyân zat bolmazmy? Siz kim? Prezidentmi ya aýdymçy my ya ýazyjy şahyrmy? Ya diş doktorymy? Özüniz daşyndan seredip gorýañizmi özüñizi alyp barşynyzy? Obañ oglany yali bolşunyz. Wezipanize göra dâl siz? Halkyñ aladasyny asla da etmediniz, edenizogam. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *