Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Май
2018

Новости за 17.05.2018

Aşgabatda güýçli ýagynyň netijelerini ýok edýärler

Azathabar.com 

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň 17-nji maýda aýtmagyna görä, häzirki wagtda suwuň üýşen ýerlerini arassalaýarlar: “Esasan Atatürk, öňki Sowetskaýa we Podwoýskowo köçelerinde. Häzir bu köçeleri bölekleýin ýapyp, arassalaýarlar, soň bolsa ýuwýarlar”. Mundan bir gün öň ýagyşdan soňky bu arassalaýyş işlerine kommunal hyzmatlaryň işgärlerinden başga-da, käbir döwlet edaralaryň işgärleriniň hem çekilendigi habar berlipdi. Aşgabadyň ýaşaýjysynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, bu işler 17-nji maýda irden hem dowam etdirilipdir... Читать дальше...

Ykdysady kynçylyklaryň fonunda Awazada kazino, Owadandepede ‘benzin zawody’ gurulýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Rönesans Holding kompaniýasynyň başlygyny kabul etdi diýip, 16-njy maýda TDH habar berdi. Bu kompaniýa Owadandepede gazdan benzin öndürýän zawod gurýar. Şol bir wagtyň özünde, türkmenistanly häkimiýetler golland kompaniýasyna Awazada humar oýnalýan kazino gurdurmakçy bolýar.

Awazada kazino, Owadandepede ‘benzin zawody’ gurulýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Rönesans Holding kompaniýasynyň başlygyny kabul etdi diýip, 16-njy maýda TDH habar berdi. Bu kompaniýa Owadandepede gazdan benzin öndürýän zawod gurýar. Şol bir wagtyň özünde, türkmenistanly häkimiýetler golland kompaniýasyna Awazada humar oýnalýan kazino gurdurmakçy bolýar.

ÝB bilen günbatar balkan ýurtlarynyň liderleriniň arasynda sammit geçirilýär

Azathabar.com 

Ýewropa Bileleşiginiň liderleri öz günbatar balkan ýurtlaryndaky kärdeşlerini amala aşyrylýan reformalaryň depginini dowam etdirmäge çagyrdy, ýöne regiondaky alty ýurduň haýsydyr biriniň 28 agza döwletden ybarat ÝB-a ýakyn gelejekde goşuljakdygy ýa-da goşulmajakdygy barada hiç zat aýtmadylar. 17-nji maýda Bolgariýanyň paýtagty Sofiýada geçirilýän sammit Ýewropa Bileleşiginiň liderleri bilen günbatar balkan ýurtlarynyň arasynda soňky 15 ýylyň dowamynda geçirilýän şuňa meňzeş ilkinji duşuşykdyr. Bu duşuşyk Serbiýanyň... Читать дальше...

Eýran: Ýowuz protestde azyndan bir adam öldi we başga-da alty sanysy ýaralandy

Azathabar.com 

Eýranyň günorta-günbataryndaky Fars welaýatynda ýerleşýän Kazerun şäherinde bolan ýowuz protestde azyndan bir adam öldi we başga-da alty sanysy ýaralandy diýip, 17-nji maýda Eýranyň mediasy habar berýär. Fars welaýatynyň häkimi Esmail Tabadar 17-nji maýda ýarym resmi “ISNA” habar agentligine beren interwýusynda protestde azyndan bir adamyň ölendigini tassyklady. Şeýle-de, ol şäheriň “käbir böleklerinde henizem protestleriň dowam edýändigini” aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, ol “ýagdaýa kontrollyk edilýändigini” belläp... Читать дальше...

Orsýetde Türkmenistanyň $4,8 milliona barabar ýüki ýitirim boldy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Oba-hojalyk ministrligine bahasy 300 million ruble, ýagny 4,8 million amerikan dollaryna barabar ýük gowşurylmady. Bu oba-hojalyk ýüki Orsýetiň Sankt-Peterburg şäherinden geçirilende ýitirim boldy diýip, rus media serişdeleri habar berýärler. Orsýetiň 78.ru neşiriniň maglumatyna görä, Türkmenistana gowşurylmaly ýüküň arasynda Niderlandlaryň “Royal IHC” kompaniýasy tarapyndan öndürilen ýergazyjy tehnikalar bar. “Deslapky maglumata görä, türkmen ýüküniň transport edilmegini üç kompaniýa öz üstüne alypdyr. Читать дальше...

Zanganeh: Eýran öňümizdäki gyş Türkmenistandan tebigy gaz import etmez

Azathabar.com 

Eýranyň nebit ministri Bijan Namdar Zanganeh Eýran öňümizdäki gyş goňşy Türkmenistandan tebigy gaz import etmez diýdi. “Mehr” habar agentliginiň maglumatyna görä, ol bu barada geçen hepde Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow bilen geçiren duşuşygynyň çäklerinde belläp geçdi. “Eýran şu ýylyň 22-nji dekabryndan 2019-njy ýylyň 21-nji marty aralygynda, ýagny üç aýyň dowamynda goňşy Türkmenistandan tebigy gazy import etmäge zerurlyk duýmaz. Iki ýurduň arasyndaky gaz meselesi boýunça... Читать дальше...



Orsýet: Türkmenistanlyny alyp gaçmakda aýyplanýan adam tussag edildi

Azathabar.com 

Orsýetiň Tatarystan respublikasynyň Naberežnyýe Çelny şäheriniň polisiýasy 22 ýaşyndaky türkmenistanlyny alyp gaçmakda we gynamakda aýyplanýan bir adamy tussag etdi diýip, “Chelny-biz.ru” neşiri habar berýär. Neşiriň 16-njy maýda beren maglumatyna görä, Tatarystanyň Içeri işler ministrligi tussag edilen 25 ýaşyndaky şübhelini adam alyp gaçmakda, bir zady gorkuzyp almakda we seksual häsiýetli zorlukly hereketlerde aýyplaýar. “Derňewçileriň maglumatyna görä, 22 ýaşyndaky [türkmenistanly] adam jemgyýetçilik... Читать дальше...

Owgan-türkmen serhedinden gaçyp çykan türkmen maşgalalary kömege garaşýarlar

Azathabar.com 

Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetdeş Farýap welaýatynyň iki türkmen obasynyň ýaşaýjylary ýaragly toparlaryň basyşy astynda öz öýlerini terk edip, 12-nji maýda Jowzjan welaýatyna gaçyp çykdy. Ýüzlerçe maşgala Guraýş obasynyň daşynda kömege mätäç ýagdaýda galýar. Onlarça çagaly zenan Şybyrgan şäherine aşmagy başardy.





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *