Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Май
2018

Новости за 24.05.2018

Aşgabatda azyk nobatlarynda aýallar ýakalaşýar

Azathabar.com 

Aşgabat şäherinde azyk harytlarynyň gytalmagy, olaryň käbiriniň satuwyna çäklendirmeleriň girizilmegi bilen azyk dükanlarynyň öňlerinde nobatlaryň artýandygyny, şeýle-de nobatlaryň aşa köp bolýanlygy sebäpli nobata durýan ýaşaýjylaryň arasynda uruş-sögüşleriň, hatda ýakalaşyklaryň bolýandygyny görse bolýar.

CPJ: Eýranda metbugat babatynda ‘örän az üýtgeşiklik’ boldy

Azathabar.com 

Žurnalistleri goramak baradaky komitet (CPJ) prezident Hassan Rohaniniň reformalary amala aşyrmak barada beren wadalaryna garamazdan, “azar bermek we yzarlanmak ýaly gorky faktorlaryna” salgylanyp, Eýranda metbugat babatynda “örän az üýtgeşiklik” boldy diýýär. Häzirki wagt Eýrana berilýän halkara üns we onuň Ýewropa bilen ykdysady gatnaşyklary “ýurtda metbugat azatlygy we adam hukuklarynyň bozulmagy babatynda özara gatnaşyklaryň açylmagyna” getirip biler diýip, düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän gurama özüniň 24-nji maýda ýaýradan hasabatynda aýtdy. Читать дальше...

Putin we Makron Sankt-Peterburgda duşuşýar

Azathabar.com 

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we onuň fransuz kärdeşi Emmanuel Makron Eýranyň ýadro ylalaşygyny, şeýle-de Siriýadaky we Ukrainadaky konfliktleri maslahat etmek üçin 24-nji maýda Sankt-Peterburg şäherinde duşuşýarlar. Makron prezident wezipesine girişeni bäri ilkinji gezek Orsýete sapar edýär. Onuň bu sapary Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň Orsýete eden saparyndan bir hepde soňa gabat geldi. Putin bilen Makron geçen ýyl Fransiýada duşuşypdylar. Bu duşuşyk Makronyň prezidentlige kasam etmeginden birnäçe hepde soň amala aşypdy. Читать дальше...

Halkara derňew topary: MH17 ‘Orsýetiň zenit raketa brigadasy’ tarapyndan urlup ýykyldy

Azathabar.com 

Gollandlaryň ýolbaşçylygyndaky halkara jenaýat derňew topary 2014-nji ýylda Ukrainanyň howa giňişliginde Malaýziýanyň howaýollary kompaniýasyna degişli ýolagçy uçaryny urup ýykan BUK raketa ulgamynyň Orsýetiň 53-nji zenit raketa brigadasy tarapyndan atylandygyny aýtdy. Awstraliýanyň, Belgiýanyň, Malaýziýanyň, Niderlandlaryň we Ukrainanyň häkimiýetlerinden düzülen Bilelikdäki derňew topary (JIT) bu barada 24-nji maýda Niderlandlaryň Utreht şäherinde geçiren metbugat konferensiýasynda mälim etdi. Читать дальше...

Türkmenistan gysga wagtda TOPH-y maliýe taýdan doly üpjün etmegi planlaşdyrýar

Azathabar.com 

Türkmenistan TOPH gaz geçirijisiniň maliýeleşdirilmegini gysga wagtda doly üpjün etmegi planlaşdyrýandygyny mälim etdi. Türkmenistanyň öz tebigy gazyny Owganystana, Pakistana we Hindistana akdyrmak üçin 8 milliard dollar bahasyndaky gazgeçirijiniň gurluşygyny tamamlamak üçin ähli zerur maliýe serişdeleri birnäçe aýyň dowamynda üpjün etmegi planlaşdyrýandygyny proýektiniň ýerine ýetiriji müdiri çarşenbe güni mälim etdi diýip, 23-nji maýda Reuters agentligi habar berdi. ​“Biz maliýeleşdirmeleriň... Читать дальше...

53-nji brigada Orsýetiň ýaragly güýçleriniň 'bir bölegidir'

Azathabar.com 

Bilelikdäki derňew topary (JIT) MH17 gatnaw belgili uçary urup ýykan BUK-TELAR raketasynyň Orsýetiň Kursk sebitinde ýerleşýän 53-nji zenit raketa brigadasy tarapyndan atylandygy barada netije çykardy diýip, golland derňewçisi Wilbert Paulissen aýtdy. “53-nji brigada Orsýetiň ýaragly güýçleriniň bir bölegidir” diýip, Paulissen žurnalistlere beren maglumatynda belledi.



‘Russia Today’ we türkmen žurnalistleri maglumat alyşmagyň mümkinçiliklerini maslahat etdiler

Azathabar.com 

Ýakynda Orsýetiň “Russia Today” halkara teleýaýlymynyň toparynyň Türkmenistanda bolup, türkmen kärdeşleri bilen maglumat alyşmagyň mümkinçiliklerini, hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamanyň taslamasyny işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly maslahat edendigini, Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugy habar berýär. “‘Russia Today’ teleýaýlymy bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyk türkmen kärdeşleriniň guramaçylyk-tehniki geňeşmeler babatda bolşy ýaly, hünär taýdan ösmegi, häzirki zaman tejribelerini özleşdirmegi... Читать дальше...

AI: Türkmenistan aýallaryň hukuklaryny bozýan çäklendirmelerden el çekmelidir

Azathabar.com 

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Amnesty International” guramasy Birleşen Milletler Guramasynyň Aýallaryň hukuklarynyň kemsidilmegini ýok etmek bardaky komitetiniň 2-20-nji iýul aralygynda geçjek 70-nji sessiýasynyň öňýanynda, Türkmenistanda aýallaryň hukuklarynyň ýagdaýy barada ýörite beýanat ýaýratdy.

"Facebook” anti-musulman toparlary aýyrarmy?

Azathabar.com 

Musulmanlaryň hak-hukuklaryny goraýan hukukçylaryň öňe sürmegine görä, dünýäniň iň giňgerimli sosial ulgamy bolan "Facebook“ yslama garşy ýigrenç döredýän sahypalara ýeterlik derejede berk çäre görmeýär.





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *