Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Май
2018

Новости за 09.05.2018

Putin 9-njy maýda harby ýörişiň öňüsyrasynda Birleşen Ştatlary tankyt etdi

Azathabar.com 

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Ikinji Jahan Urşundaky ýeňşiň ýyl dönümi mynasybetli Moskwanyň Gyzyl meýdançasynda geçirilen harby paradyň öňüsyrasynda eden çykyşynda ABŞ-ny tankyt etdi. Putin “özüni aýratyn saýmagyň” nasist agressiýasyna getirendigini we bu howpuň şu günki gün global howpsuzlygyna wehim salýandygyny belledi. Öňki sowet ýurtlary 9-njy maý senesini dürli belleýärler. Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Orsýeti agressor diýip atlandyryp, Kiýewiň orsýetçi separatistler bilen... Читать дальше...

'Türkmenhimiýanyň' başlygynyň orunbasary ‘düýpli kemçilikler’ üçin işden boşadyldy

Azathabar.com 

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary ‘düýpli kemçilikler’ üçin işden boşadyldy. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy Durdy Aşyrmämmedow işde goýberen “düýpli kemçilikler” üçin wezipesinden boşadyldy diýip, TDH döwlet täzelikler agentligi habar berdi. Resmi maglumata görä, döwlet resmisiniň işden çetleşdirilmegi hakynda permana Türkmenistanyň prezidenti 7-nji maýda gol çekipdir. Bir aýa golaý döwrüň dowamynda Türkmenistanda ýokary wezipeli resmileriň onlarçasy boşadyldy. Читать дальше...

Eýran Trampyň ýadro ylalaşygyndan çykmak kararyna gahar-gazap bildirdi

Azathabar.com 

Eýran ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýadro ylalaşygyndan çykmak kararyna gahar-gazaply reaksiýa bildirdi. Ýewropa Bileleşigi (ÝB) Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirmek boýunça 2015-nji ýylda baglaşylan ylalaşygy saklamagyň ugrunda tagalla edipdi. Eýranyň kanun çykaryjylary 9-njy maýda parlamentde “Amerika ölüm!” diýen şygarlary gygyryp, ABŞ-nyň baýdagy çekilen kagyzy otladylar. Parlamentiň spikeri Ali Larijani ylalaşygy gorap saklamagyň jogapkärçiliginiň ÝB-niň we ylalaşyga gol çeken beýleki... Читать дальше...

Ermenistanyň täze premýer-ministri Daglyk Garabaga sapar edýär

Azathabar.com 

Nikol Paşinian Ermenistanyň täze premýer-ministri wezipesine saýlanmagynyň ertesi 9-njy maýda Daglyk Garabaga sapar etdi. Azerbaýjanda ýerleşýän regiona etnik ermeniler tarapyndan gözegçilik edilýär.   Ermenistanyň liderleri adatça 9-njy maýda postsowet ýurtlarynyň ençemesiniň Germaniýanyň nasistik goşunlary üstündäki ýeňişi belleýän güni Daglyk Garabag regionyna sapar edýärler. Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Daglyk Garabag regionynyň üstündäki dawasy saklanyp galýar. Azerbaýjanyň territoriýasy... Читать дальше...

Owganystanyň paýtagtynda iki polisiýa bölümine hüjüm edildi

Azathabar.com 

Owganystanyň paýtagtynda iki sany polisiýa bölümi janyndan geçen üç hüjümçiniň zarbalaryna sezewar boldy, diýip Owganystanyň içeri işleri ministrliginiň wekili aýtdy. Birinji hüjüm 9-njy maýda şäheriň günbatar böleginde boldy. Içeri işler ministrliginiň metbugat-wekili Najib Daneşiň sözlerine görä, şeýle-de, janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran bomba partlamasynyň yzýany geçirilen “arassalaýyş operasiýasynda” ok atyşyk bolupdyr. Daneş ýene iki sany hüjümçiniň şäheriň merkezindäki polisiýa bölümine zarba urandygyny aýtdy. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *