Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Май
2018

Новости за 31.05.2018

Aşgabatda dermanlar gymmatlaýar we gytalýar

Azathabar.com 

Soňky iki aýyň dowamynda Türkmenistanyň dermanhanalarynda dermanlaryň bahalarynyň aşa ýokarlanýandygyny, käbir dermanlaryň bolsa asla tapdyrmaýandygyny görse bolýar.

Türkmenistanly bir aýal gyzyl gaçakçylygynda aýyplanyp Deliniň aeroportunda saklandy

Azathabar.com 

Türkmenistanly bir zenan maşgala bahasy 4 million 100 müň hindi rupisine barabar, ýagny takmynan 61 müň dollar möçberindäki altyny bikanun ýollar biler Hindistanyň çägine saljak bolanda tussag edildi diýip, internetde peýda bolan habarlarda hindistanly resmileriň 31-nji maýda çap eden maglumatlaryna esaslanyp habar berilýär.

Resmi Aşgabat tozanly howada özüňi alyp barmagyň düzgünleri barada maglumat ýaýratdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi 29-njy maýda metbugat serişdelerinde, has takygy “Altyn Asyr” elektron gazetinde ýaýradan beýanatynda tozanly howada özüňi alyp barmagyň düzgünleri barada maglumat berdi. Ýöne çap edilen maglumatda soňky birnäçe günüň dowamynda ýurduň käbir künjeklerini gurşap alan çal tozan agzalmady.

Pakistan tire-taýpalar regionyny Haýber Puhtunhwa welaýatyna birikdirýän kanuna gol goýdy

Azathabar.com 

Pakistanyň prezidenti ýurduň tire-taýpalar regionyny Haýber Puhtunhwa welaýatyna birikdirýän we regiondaky 5 million çemesi adama beýleki pakistanlylar bilen deň derejede hak-hukuk berýän kanuna gol goýdy. Pakistanyň prezidenti Mamnun Hussain bu baradaky kanuna 31-nji maýda Yslamabatda gol goýdy. Bu kanun taslamasy ilkibada Haýber Puhtunhwa welaýatynyň geňeşi, soňra-da parlamentiň aşaky we ýokarky öýleri tarapyndan kabul edilipdi. Bu kanuna laýyklykda, Britaniýanyň kolonial häkimiýetinden bäri... Читать дальше...

Orsýet-NATO Geňeşinde Ukrainadaky konflikt we beýleki meseleler maslahat ediler

Azathabar.com 

31-nji maýda NATO agza ýurtlaryň ilçileri Ukrainadaky konflikti we beýleki meseleleri maslahat etmek üçin orsýetli kärdeşleri bilen duşuşýarlar. Orsýet bilen Günbataryň harby ýaranlygynyň arasyndaky gatnaşyklar 2014-nji ýylda Moskwanyň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa etmegi we gündogar Ukrainadaky separatistlere beren goldawy sebäpli ýaramazlaşdy. Bu gepleşikler Orsýet-NATO Geňeşiniň şu ýyl geçirýän ilkinji duşuşygydyr. Soňky aýlarda Orsýet we günbatar ýurtlarynyň arasynda beýleki meseleler bilen bir hatarda... Читать дальше...

Aşgabatda türkmen bolmadyk zenanlardan uzyn köýnek talap edilýär

Azathabar.com 

Aşgabadyň köçelerinde türkmen bolmadyk zenanlara olaryň geýimine degişli bellikleriň edilmegi bilen bagly ýagdaýlar köpeldi. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, özüni tanatmadyk adamlar köçede zenanlaryň ýanyna baryp, türkmen milli geýimlerine mahsus uzyn köýnek geýmegi talap edýärler. Читайте также на русском "Meniň anyk bilýänlerimiň arasynda 40 we 60 ýaş aralygyndaky zenanlaryň ençemesi bar. Olar türkmen däl. Olardan ikisiniň ýanyna awtobus duralgasynda bardylar, ýene biriniň ýanyna köçede we ikisine Teke hem Ors bazarlarynda.

Owganystanda onlarça adam ‘Talybanyň’ türmesinden ‘boşadyldy’

Azathabar.com 

Owganystanyň ýörite güýçleri ýurduň günortasyndaky Helmand welaýatyna amala aşyran operasiýalarynda “Talyban” tarapyndan saklanýan 100-den gowrak tussagy, şol sanda aýallary we çagalary tussaglykdan boşatdy diýip, ýurduň harbylary aýdýarlar. Owgan armiýasynyň metbugat wekili Abdul Kadeir Bahadorzaýyň aýtmagyna görä, 31-nji maýda irden geçirilen operasiýalaryň netijesinde Kajaki etrabynda “Talybanyň” kontrollygyndaky iki türmeden 103 adam boşadyldy. Şeýle-de, ol bu ýerde bolan çaknyşyklarda dört... Читать дальше...

Tramp-Kim sammitiniň öňýanynda Lawrow Demirgazyk Koreýa bardy

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlaryň prezidenti bilen Demirgazyk Koreýanyň lideriniň arasynda geçirilmegi planlaşdyrylýan sammitiň öňýanynda, Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Demirgazyk Koreýanyň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşýar. 31-nji maýda Phenýanda Lawrowyň Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un bilen geçiren duşuşygynyň yz ýany, Orsýetiň Daşary işler ministrligi özüniň Twitter sosial ulgamyndaky sahypasynda bu barada ýörite tweet paýlaşdy. Orsýet bilen Demirgazyk Koreýanyň diňe sanlyja kilometr serhet araçägi bar. Читать дальше...

Owgan güýçleri Daşt-e Kala etrabynyň merkeziniň gözegçiligini gaýtadan ele geçirdiler

Azathabar.com 

Owgan güýçleri ýurduň demirgazygyndaky Takhar welaýatynyň etrap merkezleriniň biriniň gözegçiligini gaýtadan öz ellerine geçirdiler. Mundan owal, “Talyban” jeňçileri Daşt-e Kala etrabynyň merkezini eýeläpdiler.   Ýerli resmileriň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, “ýedi sagada çeken çaknyşyklardan soň, ‘Talyban’ bu ýerini basyp alypdyr”. Mundan birnäçe sagatdan soň, owgan güýçleri sebitiň kontrollygyny ýaňadanan öz ellerine geçirdiler. Resmiler çaknyşyklarda howpsuzlyk güýçleriniň hataryndan ençeme esgeriň... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *