Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Май
2018

Новости за 30.05.2018

Arkadiý Babçenko diri galdy. Onuň janyna kast edişlik sahnalaşdyryldy

Azathabar.com 

Žurnalist Arkadiý Babçenkonyň janyna kast edişlik insinirowka boldy, ýagny sahnalaşdyryldy. Ol öz janyna kast edişlik boýunça geçirilen metbugat-konferensiýasyna bardy.  "Maňa mälim bolşuna görä, bu operasiýa iki aýlap taýýarlandy. Bu ýörite operasiýa şonuň netijesidir" diýip, Babçenko aýtdy we şeýle diýdi: "Meni diri alyp galdyňyz, ýene bir gezek minnetdar, emma has uly göwrümli terraktlaryň öňi alyndy". Babçenkonyň metbugat-konferensiýasynda aýtmagyna görä, ol özüni öldürmek boýunça planlar... Читать дальше...

Kabulda Içeri işler ministrligine edilen hüjüm yzyna serpikdirildi

Azathabar.com 

Owganystanyň Içeri işler ministrligine amala aşyrylan hüjüm yzyna serpikdirildi. Söweşijileriň Kabula eden ençeme hüjüminiň iň soňkusy ýaly bolup görünýän wakada bir polisiýa işgäri we hüjümçileriň ählisi öldi. Kabulda ýaragly adamlar howpsuzlyk güýçleri bilen ok atyşyga başlamazdan öň, owgan Içeri işler ministrliginiň birinji barlag nokadynda azyndan bir bomba partladyldy diýip, resmiler aýdýarlar. Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Najib Danişiň 30-njy maýdaky hüjüm başlandan 1 sagat soň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä... Читать дальше...

Hindistan, Pakistan Kaşmirde ýaraşygy dikeltmek barada ylalaşdy

Azathabar.com 

Pakistanyň we Hindistanyň harbylary dawaly Kaşmir regionyny ikä bölýän Kontrol Çyzygynyň çäginde dartgynlylygy çäklendirmek barada ylalaşandyklaryny aýtdylar. Şu ýylyň başyndan bäri iki goňşy ýurduň Kaşmirde amala aşyran ok atyşyklarynda onlarça parahat ýaşaýjy we esger öldi. Bu özara düşünişmä harby operasiýalaryň baş generallarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýörite duşuşykda gelnip, bu barada 29-njy maýda giçlik iki ýurduň armiýasy hem birmeňzeş beýanatlary ýaýratdy. Pakistanyň “Dawn” gazeti wakany... Читать дальше...

Pakistanda atylyp öldürilen sikh aktiwistiniň jynaza çäresi geçirildi

Azathabar.com 

Motosikletli ýaragly adamlar Pakistanyň sikh azlygynyň tanymal we hormatlanýan agzasyny atyp öldürdi diýip, resmiler aýdýarlar. Çaranjit Singh Peşawar şäheriniň demirgazyk-günbataryndaky dükanynyň içinde öldürilenden bir gün soň, ýagny 30-njy maýda onuň jynaza çäresi geçirildi. Nämälim adamlar hüjümi amala aşyrandan soň, wakanyň bolan ýerinden gaçyp gidýärler. Bu hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady. Sikh jemgyýetiniň ýaşulusy Baba Amarjit Singh 52 ýaşyndaky Çaranjitiň... Читать дальше...

"Ýimpaş" sökülýär

Azathabar.com 

Aşgabatda bir wagtlar alyjylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan, mundan bir ýarym ýyl ozal hem ýapylan “Ýimpaş” söwda merkezi sökülip başlandy.

Aşgabatda dollar gymmatlady, daşary ýurt harytlary gytaldy

Azathabar.com 

Türkmenistanda amerikan dollarynyň resmi bolmadyk bahasy öň görlüp eşidilmedik derejede ýokarlanyp, şu hepdede täze ‘rekorda’ ýetdi. 29-njy maýda Aşgabadyň bazarlarynda bir amerikan dollary 25 türkmen manadyna satyldy we Merkezi Bankynyň resmi kursundan ýedi esse aşdy. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary alyjylar tarapyndan daşary ýurt walýutasyny 25 manatdan satyn almaga islegiň bardygyny, emma dollar söwdegärleriniň dollaryň ýene gymmatlamagyna garaşyp, köplenç satmakdan saklanýandygyny habar berýärler. Читать дальше...



BMG: Orsýet MH17-niň urlup ýykylmagy bilen baglanyşykly tankyt edildi

Azathabar.com 

Orsýet Ukrainanyň ýokarsynda MH17 belgili uçaryň urlup ýykylmagynyň jogapkärçiligini öz üstüne almalydygy barada Birleşen Milletler Guramasynda edilen çagyryşlary ret etdi. Bu waka gollandlaryň ýolbaşçylygyndaky jenaýat derňew topary Malaýziýanyň howaýollary kompaniýasyna degişli uçary urup ýykan BUK raketa ulgamynyň Orsýetiň 53-nji zenit raketa brigadasy tarapyndan atylandygyny aýtmagynyň yz ýanyna gabat geldi. 29-njy maýda giçlik BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Ukraina boýunça geçiren ýygnagynda... Читать дальше...

Owganystanyň Logar welaýatynda azyndan üç polisiýa ofiseri öldi

Azathabar.com 

Owganystanyň gündogaryndaky Logar welaýatynda ýerleşýän polisiýa merkezine janyndan geçen bombaçylaryň hüjüm etmegi netijesinde azyndan üç owgan polisiýa ofiseri öldi diýip, resmiler aýdýarlar. “Talybanyň” metbugat wekili Zabihullah Mujahid 30-njy maýda Logar welaýatynyň paýtagty Pol-e Alam şäherine amala aşyrylan hüjüme toparyň jogapkärdigini aýtdy. Logar welaýat häkiminiň metbugat wekili Halid Safi hüjümde polisiýa merkeziniň komandiriniň, ofiseriniň we welaýatyň köçe-ýol hereketi gullugynyň... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *