Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Май
2018

Новости за 18.05.2018

Garrylar öýüniň ýaşaýjylary özleriniň açdygyny aýdýarlar

Azathabar.com 

Aşgabat şäherindäki garrylar öýünde ýaşaýan garrylar aç-hor saklanýarlar. Öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran garrylar öýüniň bir ýaşaýjysynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Aşgabadyň garrylar öýüne ýolbaşçylyk edýän resmiler bu ýerde saklanýan adamlara ýeterlik garaşyk etmeýärler. Hossarsyz ýa haýsydyr bir sebäp bilen öý-öwzarsyz galýan garrylaryň, ýa bolmasa öýlerinde seretmäge mümkinçiligi bolman bu ýere tabşyrylýan adamlaryň döwlet tarapyndan berilýän kömek pullary, ýagny pensiýalary dolulygyna garrylar öýüniň hasabyna geçirilýär. Читать дальше...

Merkel Soçide Putin bilen duşuşyp, Eýran, Ukraina, ‘Demirgazyk akym-2’ barada maslahat edýär

Azathabar.com 

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel 18-nji maýda Gara deňziň kenaryndaky kurort şäheri Soçide Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşýar. Gepleşiklerde esasy temalar – Ukraina konflikti, Birleşen Ştatlaryň Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çykmagyna ýewropalylaryň jogaby, şeýle hem Orsýet bilen Germaniýanyň arasynda gurulmagy planlaşdyrylan gaz geçiriji – bolar diýip çaklanýar.

Daşoguzda dollaryň ‘gara bazardaky’ nyrhy 21,5 manada ýetdi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda dollaryň “gara bazardaky” nyrhy rekord derejä ýetip, 18-nji maýda 1 amerikan dollary 21,5 manada barabar boldy. Munuň bilen bir wagtda, welaýatda azyk we gurluşyk harytlarynyň bahasy hem barha gymmatlaýar.

Owgan türkmenleri söweşler zerarly Türkmenistan bilen serhetdäki obalaryny terk edýärler

Azathabar.com 

Owganystanyň serhetýaka welaýatlarynyň, şol sanda demirgazyk böleginiň ýaşaýjylary regiondaky söweşler zerarly öz öýlerini köpçülikleýin terk edýärler.  Gunduz welaýatynyň diňe Kalaýzal etrabynda 86 obany "Talyban" topary basyp alypdyr. Bu barada Azatlyk Radiosyna ýerli geňeşiniň deputaty Seýit Esedulla Sadat 17-nji maýda habar berdi.    Читайте также на русском Söweşijileriň Gunduzda we beýleki serhetýaka regionlarda aprel aýynyň ortalaryndan bäri alyp barýan söweşleri zerarly tutuş obalaryň ýaşaýjylary... Читать дальше...

Aşgabatda plastik kartdan çekip bolýan puluň möçberi ýene çäklendirildi

Azathabar.com 

Aşgabatda plastik kart eýeleriniň bankomatlardan çekip bilýän nagt pulunyň gündeki möçberi ýene-de çäklendirildi. Azatlyk Radiosynyň türkmen paýtagtyndaky çeşmeleriniň aýtmagyna görä, edil şu günki gün şäheriň dürli ýerlerinde ýerleşýän bankomatlardan günde çekip bolýan nagt puluň möçberiniň mukdary 500 ýa-da 600 manada barabar. “Şu günki gün bankomatlardan çekip bolýan puluň mukdaryny aňryçäk derejede çäklendirdiler. Her ýerde başgaça, emma 500 manada çenli çekip bolýar. Üstesine her gezek pul çekilende... Читать дальше...

Merkel Soçide Putin bilen duşuşýar

Azathabar.com 

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Soçi şäherinde rus prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşýar. Gepleşikleriň dowamynda Ukrainadaky krizisiň, ABŞ-nyň Tähranyň ýadro ylalaşygyndan çykmagyna Ýewropanyň reaksiýasynyň, şeýle-de rus gazyny Germaniýa akdyrjak geçirijiniň maslahat ediljekdigine garaşylýar. Merkel bu ýylyň hasabyna ilkinji gezek Russiýa sapar edýär.



Sergeý Skripal keselhanadan çykdy

Azathabar.com 

Martda Angliýada nerw gazy bilen zäherlenen ozalky rus içalysy Sergeý Skripal keselhanadan çykaryldy. Bu barada Britaniýanyň saglyk resmileri maglumat berýärler. Skripal we onuň gyzy Ýuliýa 4-nji martda Angliýanyň Salisbury şäherinde bihuş ýagdaýda tapylypdylar. Ýuliýa Skripal 4-nji aprelde keselhanadan çykypdy. Britan resmileri Sergeý we Ýuliýa Skripallaryň ýerleşýän ýeri barada maglumat bermeýärler.

Eýran britan kompaniýasy bilen nebit şertnamasyny baglaşdy

Azathabar.com 

Eýran Britaniýanyň konsrotsiumy bilen nebit ýataklaryny özleşdirmek boýunça şertnama baglaşdy. Bu ABŞ-nyň Tähranyň Ýadro ylalaşygyndan çykýandygyny we oňa garşy täze sanksiýalaryň girizýändigini yglan edeninden soň, Eýranyň günbatar kärhanasy bilen bu görnüşdäki baglaşan ilkinji şertnamasy boldy. Eýranyň Nebit ministrliginiň beren maglumatyna görä, düýbi Londonda ýerleşýän Pergas konsortsiumy bilen ýurduň Keranj sebitinde 10 ýylyň dowamynda nebit çykarmak barada şertnama baglaşylypdyr. Şertnama 16-njy maýda Tähranda... Читать дальше...

Polşanyň prezidenti Ukrainanyň gündogarynda BMG-niň barlyşdyryjylaryny ýerleşdirmäge çagyrdy

Azathabar.com 

Polşanyň prezidenti BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine ýüzlenip, Ukrainanyň gündogarynda Russiýanyň goldaýan separatistleri bilen barýan konfliktiň sebitinde we Russiýa bilen serhet araçäginde BMG-niň barlyşdyryjy güýçlerini ýerleşdirmäge çagyrdy. “Ilki bilen, bu güýçler halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen Ukraina bilen Russiýanyň serhet araçäginde ýerleşdirilmelidir. Mundanam başga, eger-de zerurlyk ýüze çyksa, bu güýçler separatisleriň gözegçiligindäki ähli territoriýalarda ornaşdyrylmalydyr” diýip, Andrzej Duda çykyşynda belledi. Читать дальше...

Özbek prezidenti Pompeo bilen duşuşdy

Azathabar.com 

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo bilen duşuşyp, özüniň ABŞ edýän resmi saparyny tamamlady. Waşingtonda geçirilen gepleşikleriň dowamynda maslahat edilen meseleler barada häzirlikçe hiç hili maglumat berilmedi. Mundan bir gün öň, Mirziýoýew ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen duşuşypdy. Ak Tamyň ýaýradan beýanatynda iki ýurduň arasynda “strategiki hyzmatdaşlygyň täze eýýamynyň başlandygy” mälim edilipdi. Mirziýoýew Trampa Özbegistanda adam hukuklary... Читать дальше...

Paşiniýan protestleri togtatmaga çagyrdy

Azathabar.com 

Ermenistanyň täze saýlanan premýer-ministri Nikol Paşiniýan demonstrantlara ýüzlenip, köçe protestlerini togtatmaga çagyrdy. “Biz Ermenistanda halkyň ynamyna girip bilmedik hökümetiň bolandygy sebäpli, [aprelde] köçeleri petikledik. Bu günki gün halkyň ynamyny ödeýän hökümet bar” diýip, Paşiniýan Facebook arkaly eden çagyryşynda belledi. Şeýle-de, Paşiniýan arz-şikaýatlary bolan raýatlary öz nägileliklerini ýazmaça görnüşde beýan edip, olary hökümete hödürlemäge çagyrdy. “Hökümet bilen raýatlaryň arasyndaky dawalar... Читать дальше...

Kwettada terror hüjüminiň öňi alyndy

Azathabar.com 

Pakistanyň howpsuzlyk gulluklary ýurduň günorta-günbataryndaky Kwetta şäherinde uly terrorçylykly hüjüminiň öňüni alandyklaryny mälim etdiler. Harbylar hüjümde ýarym-harby serhet goşunlarynyň ýerli edarasynyň nyşana alnandygyny aýtdylar. “Janyndan geçen bäş hüjümçili ulag binanyň içine girmekçi boldy. Esgerler terroristlere ot açyp, olary öldürdiler” diýip, beýanatda aýdylýar. Ok atyşykda dört esgeriň ýaralanandygy hem mälim edildi.





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *