Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Май
2018

Новости за 28.05.2018

Welaýat ulaglary üç gün Aşgabada goýberilmez

Azathabar.com 

Şu günler Türkmenistanyň welaýatlarynda, hususan-da, Balkanda we Daşoguzda köçe-ýol hereketine gözegçilik edýän polisiýa işgärleri Aşgabada kireý edýän hususy taksi eýelerine we hususy eýeçilikdäki awtoulag sürüjilerine iýun aýynyň 2-sinden 4-ne çenli aralykda paýtagta sapar etmezligi tabşyrýarlar.

Owganystan we Pakistan terrorizme garşy tagallalaryny güýçlendirýär

Azathabar.com 

Owganystan we Pakistan arasyndaky dartgynlygyň artmagy bilen iki goňşy ýurduň ýokary derejeli harby we aňtaw resmileri terrorizme garşy göreşmekde bilelikde edilýän tagallalary güýçlendirmek boýunça ylalaşdylar diýip, Pakistanyň harbylary aýdýarlar.

Türkmenistan din azatlygy boýunça aýratyn alada döredýän ýurtlaryň arasynda galýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Din azatlygy boýunça ýyllyk hasabatyny çap etdi. Dünýäniň 199 ýurdunda din azatlygynyň üpjün edilmegine baha berilýän hasabatda Türkmenistanyň postsowet giňişliginiň iň ýapyk ýurdy bolmagyna galýandygy we munuň hökümetiň din azatlygyna görkezýän güýçli repressiýalaryna täsir ýetirýändigi aýdylýar. Hökümetiň ähli garaşsyz dini hereketlere şübheli garaýandygy we dinçilere ýurduň içinde hem daşynda berk gözegçilik edýändigi bellenýär. ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Din... Читать дальше...

Moskwanyň meri Sobýanin wezipesinde galmak niýetini yglan etdi

Azathabar.com 

Moskwanyň meri Sergeý Sobýanin öz wezipesinde ýene bir möhlet galmak niýetini yglan etdi. Orsýetiň paýtagtynyň baştutanyny saýlamak boýunça saýlawlar 9-njy sentýabrda geçiriler.   2010-njy ýyldan bäri Moskwany dolandyrýan Sobýaniniň bu beýanaty 27-nji maýda onuň websaýtynda çap edildi. Sobýanin öz beýanatynda administrasiýasynyň alyp barýan işleriniň “doly üpjün edilmändigini ... emma iň agyr we agyryly böleginiň eýýäm geçmişde galandygyny” belledi. Liberal oppozision syýasatçy Ilýa Ýaşin hem saýlawlara gatnaşyp... Читать дальше...

Owganystan we Pakistan terrorizme garşy bilelikdäki göreşini güýçlendirdiler

Azathabar.com 

Owganystanyň we Pakistanyň baş harby we aňtaw resmileri terrorizme garşy göreşmekde bilelikdäki tagallalary güýçlendirmek barada ylalaşdylar diýip Pakistanyň resmileri aýtdylar. 28-nji maýda çap bolan beýanata görä, iki ýurduň resmileri bu ylalaşyga bir gün öň Rawalpindi şäherinde geçirilen duşuşykda gelipdirler. “Iki tarap işçi toparlary düzmegi tizleşdirmek hakynda ylalaşdylar, esasanam ikitaraplaýyn howpsuzlyk hyzmatdaşlygy we terrorçylaryň elindäki zorlugy azaltmaga taraplara ýardam berip biljek çäreleri görmek ugurlarynda” diýlip... Читать дальше...

Tramp Demirgazyk Koreýada “ajaýyp mümkinçilikleri” görýändigini aýtdy

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ABŞ-dan baran toparyň “sammite taýýarlyk görmek üçin” Demirgazyk Koreýa barandygyny tassyklap, özüniň Demirgazyk Koreýada “ajaýyp mümkinçilikleri” görýändigini aýtdy.   Trampyň 27-nji maýda Twitter ulgamynda eden beýanatynda Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un bilen sammit geçirmek barada eden optimistik äheňli bu çykyşy, onuň duşuşygy ýatyrmak barada sözlän sözüniň birnäçe gün yzýanyna gabat geldi. “Demirgazyk Koreýanyň ajaýyp potensialynyň bardygyny we onuň... Читать дальше...

Le Drian Fransiýanyň Garabag konfliktini çözmek üçin tagalla edýändigini aýtdy

Azathabar.com 

Fransiýanyň daşary işler ministri Jean Ywes Drian öz ýurdunyň Ermenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda Daglyk Garabagyň üstündäki konflikti çözmek ugrundaky tagallalary güýçlendirmegi planlaşdyrýandygyny mälim etdi. “Biz Garabag konfliktini çözmek ýoluny gözlemekde geljekki aýlarda has intensiw işlemegi umyt edýäris” diýip, Le Drian 27-nji maýda Bakuda azerbaýjanly kärdeşi bilen geçiren bilelikdäki metbugat konferensiýasynda aýtdy. Ol “Fransiýa regionda parahatçylygy we durnuklylygy isleýär” diýip belledi. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *