Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Май
2018

Новости за 14.05.2018

Gaza: Ysraýylyň armiýasynyň ot açmagy netijesinde azyndan 25 palestinaly öldi

Azathabar.com 

14-nji maýda Gaza serhediniň golaýynda Ysraýylyň armiýasynyň ot açmagy netijesinde azyndan 25 palestinaly öldürildi diýip, Gazanyň Saglyk ministrligi aýdýar. 2007-nji ýyldan bäri Gazany dolandyrýan “Hamas yslamçy hereketi” agzalýan territoriýada Ysraýylyň on ýyl bäri dowam edýän gabawyny bozmak maksady bilen, soňky alty hepdäniň dowamynda köpçülikleýin protestleri geçirdi. Protestler başlany bäri jemi 67 adam öldi. Gazanyň Saglyk ministrliginiň maglumatynda köpçülikleýin protestlerde başga-da azyndan 500 adamyň ýaralanandygy aýdylýar. Читать дальше...

Ýeter-ýetmezçilik zerarly ilat köne 'sowet' altyn şaý-seplerini satyp başlady

Azathabar.com 

Maliýe kynçylyklary zerarly Türkmenistanda adamlar öz altyn şaý-seplerini satyp başladylar diýip, Azatlygyň türkmenistanly habarçylary aýdýarlar. Читайте также на русском “Bazar söwdegärlerinde sowet döwründe öndürlen köp altyn şaý-sepler peýda boldy. Adamlar öz altyn ýüzüklerini, gulak halkalaryny satyp başladylar. Pul ýetmezçiliginden ýaňa” diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy aýdýar. Onuň sözlerine görä, şu günler 1980-nji ýyllarda we ondan hem öň öndürlen altyn bezegler köp duş gelýär. ... Читать дальше...

M15-iň başlygy: Orsýet ‘gyrakladylan’ bolmak bilen töwekgellik edýär

Azathabar.com 

Orsýet ýewropa demokratiýasynyň düýbüni köwmäge hem-de betniýetli hereketler we “ýalan dumany” arkaly günbatarda şübhe döretmäge synanyşýar diýip, Britaniýanyň aňtaw edarasynyň (M15) başlygy Ýewropanyň aňtaw gulluklarynyň ýolbaşçylaryna aýtdy. Britaniýanyň aňtaw edarasynyň başlygy Andrew Paker özüniň 14-nji maýda Berlinde eden çykyşynda “Orsýet ‘agressiw we hatarly hereketleri’ amala aşyrýar we ol ‘gyrakladylan’ bolmak bilen töwekgellik edýär” diýdi. Parkeriň Germaniýanyň “BfV” aňtaw gullugynda geçirilen ýygnakdaky çykyşy... Читать дальше...

Lawrow bilen Zarif Eýranyň ýadro ylalaşygyny maslahat edýär

Azathabar.com 

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we onuň eýranly kärdeşi Mohammad Jawad Zarif Eýranyň ýadro ylalaşygyny saklap galmagyň ýollaryny maslahat etmek üçin 14-nji maýda Moskwada duşuşýarlar. ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Tähranyň Ýadro ylalaşygyndan çykýandygyny yglan edeninden soň, Eýranyň daşary işler ministri “Eýranyň ýadro meselesi bilen bagly özgerişler boýunça pikir alyşmak üçin” ilki Pekine, soňra-da Moskwa bardy. Eýran Zarifiň Brýusselde hem gepleşikleri geçirjekdigini habar berdi. Читать дальше...

Gürji premýer-ministri protestçileri asudalygy saklamaga çagyrdy

Azathabar.com 

Gürjüstanyň premýer-ministri Giorgi Hwirikaşwili ýurduň milli telewideniýesinde eden çykyşynda paýtagtdaky protestçileri asudalygy saklamaga we ýowuzlyklardan gaça durmaga çagyrdy. Bu waka ýurduň neşä garşy polisiýasynyň geçiren reýdleri netijesinde gahar-gazaba münen demonstrantlaryň parlament binasynyň öňündäki ýörişleri dowam edýän mahaly boldy. “Ýurtdaky islendik gapma-garşylyk we jemgyýetdäki bölünişik gürji hökümeti we halky üçin kabul ederliksizdir. Kanun goraýjy edaralar kanuny we düzgüni... Читать дальше...

‘Pakistanyň Talyban’ topary harby ulagy duzaga düşürip, ýedi esgeri öldürdi

Azathabar.com 

Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky tire-taýpalar regionynda söweşijiler goňşy Owganystana yzyna gaçyp gitmezden öň, patrullykdaky harby ulagy duzaga düşürip, ýedi esgeri öldürdiler diýip, Pakistanyň howpsuzlyk resmileri aýdýarlar. 14-nji maýda Pakistanyň iki resmisi anonim şertde maglumat berip, bu wakanyň 13-nji maýda Demirgazyk Waziristan sebitinde bolandygyny aýtdy. “Pakistanyň Talyban” toparynyň metbugat wekili Mohammad Hurasani ýörite beýanat ýaýradyp, bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *