Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Май
2018

Новости за 06.05.2018

Owgan partlamalarynda 17 adam öldi

Azathabar.com 

6-njy maýda Hostda, Owganystanyň gündogar welaýatynda bir metjitde bolan partlama azyndan on adamy öldürdi, 30 adamy ýaralady diýip, resmiler aýtdylar. Bomba metjidiň howlusynda, saýlawçylaryň hasaba alynmagy üçin gurlan merkeziň çadyrynda goýlupdyr diýip, Host welaýatynyň polisiýa başlygy Abdul Hanan Zadran AFP habar gullugyna aýtdy.  Welaýat geňeşiniň agzasy Abdul Wali Wahidzai pidalaryň sanynyň artmagynyň ahmaldygyny, sebäbi häzirki maglumatlaryň deslapky maglumatdygyny belledi. Hüjümiň... Читать дальше...

Türkmenistanly 'altyn gaçakçylary' Hindistanda 17,5 kg altyn bilen saklandy

Azathabar.com 

Anna güni Deliniň Indira Gandi adyndaky halkara aerportunda onlarça türkmenistanly saklanyldy. Olaryň ýanyndan ýolagçy jarnamasynda görkezmedik, ýagny bikanun geçirmäge synanyşan altyn şaý-sepleri tapylyp alyndy. Anna güni irden ilki saklanan türkmenistanly aýallaryň biri öz ujypsyzja altynyny sumkasynda gizläp geçirmäge synansa, beýlekisi altyn jynjyr görnüşinde geçirjek bolupdyr. Emma 10 minut soňra gümrükçiler ýaşyl zolakdan geçmekçi bolan has kän altynly türkmenistanlyny sakladylar. Olaryň... Читать дальше...

Türkmen žurnalistleriniň arasynda ýurtdaky 'özgertmeleri düşündirmek boýunça iş geçirildi'

Azathabar.com 

Türkmen hökümetinde medeniýet we metbugat pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Bahargül Abdyýewa ýerli žurnalistleriň arasynda ýurtdaky “iri möçberli özgertmeleriň mazmunyny we maksadyny düşündirmek boýunça iş geçirilendigini” aýdýar. Ol 4-nji maýdaky hökümet mejlisinde şu ýylyň dört aýynda geçirilen medeni çäreler barada hasabat berdi. Türkmenistanyň prezidenti ýurduň habar serişdeleriniň işinden yzygiderli nägilelik bildirýär we olarda ýurduň gazanan üstünlikleriniň ýeterlik beýan edilmeýändigini aýdyp... Читать дальше...

Janyndan geçen bombaçylar Kandagarda polisiýa başlygynyň öýüne hüjüm etdi

Azathabar.com 

Janyndan geçen üç bombaçy Boldak etrabynda Kandagar polisiýanyň başlygynyň öýüne hüjüm edip, azyndan iki polisiýa ofiserini öldürdi. Jeňçileriň özleri hem öldi diýip, resmiler aýtdy. Kandahar polisiýasynyň sözçüsi Ahmad Zia Durani 5-nji maýda dpa habar gullugyna jeňçileriň 4-nji maý güni giçlik ýa-da 5-nji maý güni irden general Abdul Razigiň öýüne hüjüm edendigini, emma onuň şol wagt öýünde bolmandygyny gürrüň berdi.  Onuň sözlerine görä, janyndan geçen bombaçy ilkinji barlag nokadynda partlaýjy goýlan ulagyny ýaryp... Читать дальше...

Pakistanyň iki kömür käninde 23 magdançy heläk boldy

Azathabar.com 

Günorta-gündogar Pakistanda aýry-aýrylykdaky iki kömür käninde bolan hadysalarda 23 magdançy öldi, 11-si bolsa ýaralandy diýip, resmiler aýdýar. Pakistanyň tebigy betbagçylyklara garşy göreş edarasynyň direktory Attaullah Ha 5-nji maýda Bulujystan welaýatyndaky Marwar kömür känindäki ýangyna metan gazynyň toplanmagynyň sebäp bolandygyny aýtdy. Bu ýangyn käniň çökmegine we köp işçiniň ýolunyň baglanmagyna getirdi.  "Biz 11 jesedi çykaryp aldyk” diýip, Han ýene alty jesediň şindem aşakda çykarylman ýatandygyny sözüne goşdy. Читать дальше...

Paşinýan Ermenistanyň dolandyryjy partiýasy bilen hyzmatdaşlyk mümkin diýýär

Azathabar.com 

Ermenistanyň oppozisiýa lideri Nikol Paşinýan özüniň, eger-de ýurduň geljekki premýer-minsitri bolsa, dolandyryjy Respublika partiýasy bilen hyzmatdaşlygy düýpden ret etmejekdigini aýtdy. "Biziň mümkin bolan hyzmatdaşlygymyz anyk syýasy ýagdaýa bagly bolar” diýip, Paşinýan 5-nji maýda žurnalistlere aýtdy. “Bizi gelejege alyp gitjek bir topar potensial ýagdaý bar” diýip, ol öz esasy maksadynyň “ýaraşyk hökümetini döretmekden ybaratdygyny” belledi. Kawkaz ýurdunda soňky birnäçe hepde bäri ýaýbaňlanan... Читать дальше...

Rohany ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyndan çykanyna ökünmeli boljakdygyny aýdýar

Azathabar.com 

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani ABŞ 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çyksa, muňa ökünjekdigini, sebäbi öz ýurdunyň prezident Donald Trampyň bu düýpli ylalaşyk barada geljek islendik kararyna garşy jogap bermek planlarynyň taýýardygyny aýtdy.  "Biziň Tramp tarapyndan ýadro ylalaşygy babatda gelinjek islendik karara garşy durmak üçin planlarymyz bar” diýip, Rohani 6-njy maýda Eýranyň demirgazyk-günbatarynda sözlän sözünde aýtdy we onuň sözleri döwlet telewideniýsei arkaly köpçülige ýetirildi. Читать дальше...

Rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyý tussaglykdan boşadyldy

Azathabar.com 

‘‘Olar maňa garşy iki protokol düzdüler: ylalaşylmadyk köpçülikleýin protestgurnamak we polisiýa boýun egmezlik hakynda, emma ýarygijeden soň meni suda çenli boşatmak kararyna geldiler” diýip, ol 6-njy maý güni irden twitterde habar berdi.





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *