Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Май
2018

Новости за 02.05.2018

Lebapda köne awtoulaglar 'awlanýar'

Azathabar.com 

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň ýaşaýjylarynyň gara, goňur reňkli we köne ulaglary ulanmagyny çäklendirmek boýunça çärelerini aktiwleşdirdiler. Häzirki wagtda awtoulaglaryň reňki, markasy we öndürlen ýyly bilen baglylykda köpçülikleýin tussag edilmegini ýurduň tas ähli welaýatlarynda görmek mümkin. Читайте также на русском Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysynyň maglumatyna görä, häzirki wagtda bu regionda ilatyň şahsy ulagyna bolan çäklendirme ilkinji nobatda könelişen awtoulaglara degişli. Читать дальше...

Şwesiýada ýük ulagly adam öldüren özbegistanlynyň sud diňlenişigi geçirilýär

Azathabar.com 

Geçen ýyl Stokgolmda ýük ulagy bilen hüjüm edip, bäş adamy öldürendigini boýun alan özbegistanlynyň sud diňlenişiginiň soňky tapgyry 2-nji maýda Stokgolmyň etrap sudunda geçirilýär. Şu ýylyň fewral aýynda Rahmat Akilow özüniň geçen ýylyň 7-nji aprelinde ýük ulagyny pyýadalaryň geçýän köçesine sürüp, üç şwedi, şol sanda 11 ýaşyndaky gyzy, şeýle-de britan adamy we belgiýaly zenany öldürendigini boýun aldy. Şol wakada başga-da 10 adam ýaralanypdy. Geçen hepde 40 ýaşyndaky Akilowyň ömürlik türme tussaglygyna höküm edilmegine çagyryş edildi. Читать дальше...

Odesada ýowuz çaknyşygyň pidalary ýatlanýan mahaly, howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi

Azathabar.com 

2014-nji ýylda Ukraina tarapdar demonstrantlar bilen Orsýete tarapdar protestçileriň arasynda bolan çaknyşyklarda ölen 48 adamy ýatlamak boýunça dabaralaryň geçirilmegine taýýarlyklar görülýän mahaly, Gara deňziň kenaryndaky ukrain port şäheri Odesada howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi. 2-nji maýda Kulikowo meýdanynyň we Kärdeşler arkalaşygy binasynyň golaýynda 1 müňden gowrak polisiýa we howpsuzlyk ofiseri ýerleşdirildi. Bu ýerde mundan dört ýyl öň ýowuz çaknyşyklar bolupdy. Odesa regional polisiýa... Читать дальше...

Eýran Marokkonyň aýyplamalaryny ret edýär

Azathabar.com 

2-nji maýda Eýranyň Daşary işler ministrligi Tähranyň Günbatar Saharanyň garaşsyzlygy ugrunda göreşýän pitneçi topary ýarag bilen üpjün edendigi baradaky aýyplamalary ret etdi. Bu waka Marokkonyň agzalýan aýyplamalar bilen baglanyşykly Tähran bilen diplomatik gatnaşyklary kesmeginiň yz ýanyna gabat geldi. “Marokkonyň daşary işler ministriniň Günbatar Saharadaky eýran diplomatlary bilen Polisario frontynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada eden çykyş ýalan” diýlip, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda aýdylýar. Читать дальше...

Aşgabadyň telefon terminallary

Azathabar.com 

Türkmenistanyň “Altyn asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşan hususy firmalar tarapyndan Aşgabat şäherindäki köçeleriň ugrunda we käbir döwlete degişli dükanlaryň öňlerinde goýlan terminallaryň öz mobil telefonlary üçin pul töleýän müşderileriniň pullaryny ‘ogurlaýandygy’ barada maglumatlar bar. Azatlyk Radiosy Aşgabat şäherindäki terminallar, şol sanda “Türkmen Tilsimat Hojalyk jemgyýeti” hususy kärhanasyna degişli teminallar barada fotosergi taýýarlady.

Paşiniýanyň çagyryşyndan soň, Ýerewanyň aeroportyna barýan ýol böwetlendi

Azathabar.com 

2-nji maýda ýüzlerçe adam protest lideri Nikol Paşiniýanyň umumy iş taşlaýyş geçirmäge eden çagyryşyndan soň, Ermenistanyň paýtagty bilen esasy aeroporty birleşdirýän uly asfalt ýoly böwetledi. Bu waka ermeni parlamentiniň Paşiniýanyň premýer-ministr wezipesine bellenmegine garşy ses bermeginiň yz ýanyna gabat geldi. Ermenistanyň Zwartnost aeroportynyň töwereginde howpsuzlyk güýçleri ýerleşdirildi. Ýerewanyň beýleki ýerlerinde studentleriň toparlary ýene köçelere çykdy. Olaryň käbirleri uniwersitetiň... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *