Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Май
2018

Новости за 07.05.2018

Putin alty ýyl möhletli täze prezidentlik wezipesine kasam etdi

Azathabar.com 

Wladimir Putin 7-nji maýda Kremlde geçirilen dabarada alty ýyl möhletli täze prezidentlik wezipesine kasam edip, “halka hyzmat etmegi”, olaryň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmagy we özüniň “beýik ýeňişleriň hem gahrymançylyklaryň” ýurdy diýýänini goramagy wada berdi.

Emeldarlar Daşoguzdaky Şamülki ‘eşrethana öwürdiler’

Azathabar.com 

Saparmyrat Nyýazowyň ýurda baştutanlyk eden döwründe, beýleki welaýatlaryň hatarynda Daşoguz welaýatynda-da bina edilen “şa mülküň” häzirki wagtda emeldarlaryň “eşrethanasyna” öwrülendigini Azatlygyň çeşmesi 7-nji maýda ýurduň demirgazygyndan habar berdi.

Wladimir Putin prezidentlige kasam getirdi

Azathabar.com 

Wladimir Putin dördünji gezek Russiýanyň prezidenti hökmünde kasam getirdi. Putin Kremlde elini Konstitusiýanyň üstünde goýup, nobatdaky alty ýyl prezidentlik möhletine kasam getirdi. 65 ýaşly Putin 1999-njy ýyldan bäri ýa prezident, ýa-da premýer-ministr wezipelerinde işledi.

Özbek prezidenti Berdimuhamedowyň saparynda ýüze çykan bir ýagdaý sebäpli, gorag gullugynyň başlygyny çetleşdirdi

Azathabar.com 

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew, türkmen prezidentiniň bu ýurda eden saparynyň çäginde ýüze çykan bir hadysa bilen ilteşikli, özüniň gorag gullugynyň başlygy Abdurahim Mominowy wezipesinden boşatdy we Daşkendiň polisiýasynyň ýol gözegçilik gullugynyň başlygy Barat Mamenowy türmä basdy. Atlandyrylmasyzlygyny soran Iki özbek resmisi bu waka barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berdiler. Aýdylmagyna görä, 23-nji aprelde Daşkentde Mirziýoýewiň Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýöräp barýan mahaly... Читать дальше...

Britan, german resmileri ABŞ-ny Ýadro ylalaşygynda saklap galmak üçin tagalla edýärler

Azathabar.com 

Britaniýanyň we Germaniýanyň ýokary derejeli resmileri ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy Eýran bilen 2015-nji ýylda baglaşylan Ýadro ylalaşygynda saklamak ugrundaky tagallalaryny güýçlendirdiler. Britaniýanyň ABŞ-däki ilçisi Kim Darroç Trampyň Ylalaşyk bilen bagly aladalanmalaryny göz öňünde tutup, onuň Ylalaşykdan çykmagynyň öňüni almak mümkinçiliginiň heniz hem saklanyp galýandygyna ynanýandygyny aýtdy. Ýadro ylalaşygy prezident Barak Obama döwründe baglaşylyp, ol Eýranyň ýadro programmasyny togtatmagynyň öwezine... Читать дальше...

Erdogan Siriýada täze operasiýany geçirjekdigini aýdýar

Azathabar.com 

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Siriýa bilen serhetdeş sebitlerinde üçünji harby operasiýanyň başladyljakdygyny mälim etdi. Bellesek, Türkiýe mundan ozal Siriýa bilen baglylykda iki harby operasiýany geçiripdi. “Türkiýe Ýefrat galkany we Zeýtun şahasy operasiýalaryna goşmaça ýene bir operasiýa geçirer” diýip, Erdogan Stambulda ýygnanan müňlerçe tarapdarlarynyň öňünde çykyş etdi. Şeýle-de, Erdogan: “Operasiýalar ýekeje-de bir terrorist galmaýança dowam etdiriler” diýip, belledi. Türkiýe... Читать дальше...

Owganystan: Metjitde amala aşyrylan partlamada azyndan 13 adam öldi

Azathabar.com 

Owganystanyň gündogaryndaky Khost welaýatynda bir metjitde ýüze çykan partlamada azyndan 13 adam öldi, başga-da 30-a golaýy ýaralandy. Ýerli resmiler partladyjynyň Ýakubi metjidiniň içinde ýerleşdirilendigini, şeýle-de heläk bolanlaryň sanynyň artmagynyň mümkindigini aýtdylar. Hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady. Emma, geçmişde “Yslam döwleti” ekstremistik topary şular ýaly hüjümleri amala aşyrypdy.





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *