Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Май
2018

Новости за 10.05.2018

Balkanyň Serdar etrabynda 77-lik belgiler ýygnalýar

Azathabar.com 

Häkimiýetler Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda öňi 77-lik bilen başlaýan awtoulaglaryň döwlet beglilerini ýygnaýarlar. Türkmenistanda “owadan” belgili awtoulaglaryň sanlary boýunça girizilýän täze çeklendirmeleriň maýyň aýagyna ýa-da iýunyň birinji on günlügine çenli tutuş ýurda ýaýylmagyna garaşylýar.

Hytaý Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyny ykrar edýändigini tassyklady

Azathabar.com 

Hytaý Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyny ykrar edýändigini tassyklap çykyş etdi we Tähranyň nebit eksportunyň üçden bir bölegini satyn almagyny dowam etdirjekdigini belledi. Hytaýyň daşary işler ministri Geng Şuang “biz ABŞ-nyň bu kararyna gynanç bildirýäris” diýdi. ABŞ-nyň Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirmek boýunça 2015-nji ýylda gol çekilen ylalaşykdan çykmak kararyna garamazdan, Tähran bilen ylalaşyga gol goýan beýleki dünýä ýurtlarynyň hatarynda Hytaýyň hem dokumenti ykrar edýändigini... Читать дальше...

Ysraýyl Eýranyň Siriýadaky harby nokatlaryna zarba urandygyny aýtdy

Azathabar.com 

Ysraýylyň harbylary Golan beýikliklerine edilen 20 çemesi raketaly zarbanyň yzýany Eýranyň Siriýadaky harby nokatlarynyň “onlarçasyny” nyşana alandygyny aýtdylar. Ysraýyl Golan beýikliklerine edilen hüjüme Eýranyň rewolýusion gwardiýasynyň ýolbaşçysy Kassem Soleimaniniň görkezme berendigini aýdýar. Ysraýylyň harby sözçüsi general-leýtenant Jonathan Konrikusyň 10-njy maýda irden Ierusalimde žurnalistlere aýtmagyna görä, Ysraýylyň goşuny Eýranyň aňtaw gulluklarynyň, transport we ulag ulgamlarynyň... Читать дальше...

Gazagystanda syýasy tussaglary boşatmagy talap eden onlarça protestçi tussag edildi

Azathabar.com 

10-njy maýda Gazagystanda syýasy tussaglary boşatmak boýunça geçirilen iki sany ýörişde onlarça adam tussag edildi. Astanada demonstrantlar daşary ýurt ilçihanalarynyň köpüsiniň ýerleşýän etrabynda geçiren protest çykyşynda “Syýasy tussaglara azatlyk!” we “Hökümete utanç!” mazmunly şygarlary öňe sürdüler. Ýurduň iň uly şäheri Almatyda protestçiler syýasy tussaglaryň portretlerini göterip, “Gynamalary bes ediň!” diýen şygarlary öňe sürdüler. Şäherleriň ikisinde-de polisiýa sany anyk bolmadyk protestçileri tussag etdi. Читать дальше...

Türkmenistan öz raýatlarynyň ýurduň daşyna çykmak hukugyny kanun taýdan berjaý edýändigini aýdýar

Azathabar.com 

Türkmenistan her bir raýatyň hereket azatlygyny, öz ýurdunyň daşyna çykmak we ýaşajak ýerini saýlamak boýunça hukuklaryny kanun taýdan berjaý edýär diýip, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň resmi wekili BMG-niň Adam hukuklary boýunça maslahatynda aýtdy. 7-nji maýda BMG-niň Ženewadaky edarasynda guramanyň Adam hukuklary geňeşiniň Ähliumumy syny boýunça Işçi topary Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirişi barada milli hasabatyny diňledi.  “Türkmenistan şahslaryň azatlyklaryny üpjün edýär... Читать дальше...

Orsýetiň 'Gijeki möjekler' atly motor klubunyň agzalary Aşgabadyň üstünden geçer

Azathabar.com 

Orsýetiň “Gijeki möjekler” atly meşhur motor klubunyň agzalarynyň “Tähran-75!” atly motorly ýörişiň çägindäki syýahatçylygynyň ýoly Aşgabadyň üstünden geçer. Media maglumatlaryna görä, motorly syýahatçylar 25-nji maýda türkmen-özbek serhedini kesip geçerler we Türkmenistanyň üstünden goňşy Eýrana geçip giderler. Bu ýöriş antigitler koalisiýasynyň ýagny SSSR-iň, ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň liderleriniň konferensiýasynyň 75 ýyllygyna bagyşlanýar diýlip media maglumatlarynda habar berilýär. ... Читать дальше...

Türkmen weteranlaryna prezidentiň adyndan sowgat gowşuryldy

Azathabar.com 

5-nji maýda Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki habar agentligi II Jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 73 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde urşuň yzynda galanlary hormatlamak dabarasynyň geçirilendigini hem-de uruş weteranlaryna prezidentiň adyndan pul sylaglarynyň, gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylandygyny habar berdi.





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *