Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Май
2018

Tramp Demirgazyk Koreýa bilen täze gepleşiklere ýokary baha berýär

0
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un bilen 12-nji iýunda Singapurda geçirilmekçi bolnan sammitiň senesine özüniň henizem seredýändigini aýtdy. Amerikan lideri bu duşuşygy birki günlükde goýbolsun etdi. 


“Biz Demirgazyk Koreýa bilen duşuşygyň şertleri babatda örän gowy ilerleme edýäris” diýip, Tramp 26-njy maýda Ak tamda aýtdy. “Bu örän gowy ilerleýär. Şeýlelikde, bir 12-nji iýunda Singapurda boljak sammite garap durus. Bu üýtgemedi. Onsoň biz näme boljagyny göreris” diýip, ol aýtdy.


Ol bu ýerde “örän kän gowy niýetiň bardygyny” hem sözüne goşdy we Koreýa ýarym adasynyň ýadro ýaraglaryndan saplanmagynyň “uly zat” boljakdygyny aýtdy.


Şu aralykda Günorta Koreýanyň prezidenti Moon Jae-in, 26-njy maýda birden Kim bilen duşuşandan soň, žurnalistlere Waşington bilen Phenýanyň basym 12-nji iýun sammiti boýunça “praktiki gepleşikleri” geçirmekçi bolýandygyny aýtdy.


Moon Kimiň Koreýa ýarymdasyny ýadro ýaraglaryndan “doly” saplamaga we Tramp bilen duşuşmaga ygrarlydygyny gaýtadan tassyk edendigini gürrüň berdi.

 














Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *