Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2021

Новости за 03.12.2021

Aşgabatda azyk paýynyň möçberi ýene azaldyldy

Azathabar.com 

Aşgabatda ilata döwletiň kesgitli bahasyndan satylýan azyk paýynyň möçberi ýene azaldyldy. Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda un we towuk budy subsidirilenen azyk önümleriniň hataryndan çykaryldy. Şeýle-de, ösümlik ýagyna derek pagta ýagy berlip başlandy. Bu aralykda, paýtagtda 10-a golaý aýal ösümlik ýagynyň subsidirilenen azyk önümleriniň hataryndan çykarylmagyna nägilelik bildirip, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine bardy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtdan habar berýär. Читать дальше...

Maryda we Lebapda güýçli tozanly şemal turdy

Azathabar.com 

1-2-nji dekabrda Türkmenistanyň Mary we Lebap welaýatlarynda güýçli tozanly şemal turdy. 3-nji dekabrda Maryda köçeleri şemalyň getiren çägelerinden arassalamak boýunça köpçülikleýin ýowarlar geçirildi. Bu işlere edara-kärhanalaryň işgärleri çekildi. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Marydan we Lebapdan maglumat berdiler. Marydaky habarçymyz güýçli şemal turanda howanyň düzüminde köp mukdarda çägäniň bolandygyny we uzak ýerleriň çägeden ýaňa görünmändigini aýtdy. Читать дальше...

Köne zibil poligony Mary – Türkmenabat awtobanynyň gurluşygyny bökdeýär

Azathabar.com 

“Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2019-njy ýylyň ýanwarynda Aşgabat – Türkmenabat awtobanynyň gurluşygyna başlady. Şu günler täze magistralyň Mary – Türkmenabat böleginde gurluşyk işlerine girişilýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri köne zibil poligonynyň täze ýoluň gurluşygyna bökdençlik döredýändigini habar berýärler.

Türkmen aktiwisti Allalyýew operasiýa boldy, egindeşleri onuň ýol hadysasyna tötänlikden düşendigine şübheli garaýarlar

Azathabar.com 

Türkiýede türkmen aktiwisti Baýram Allalyýew mundan bir hepde ozal agyr ýol heläkçiligine uçramagyndan soň 2-nji dekabrda uzak wagta çeken operasiýany başdan geçirdi. Şol bir wagtda, ýakynlary onuň geljekki saglyk ýagdaýy baradaky howatyrlanmalaryň entegem saklanyp galýandygyny, hatda onuň maýyp galmak ähtimallyklarynyň hem bardygyny belleýärler. Bu aralykda, türkmen häkimiýetiniň tankytçysynyň egindeşleri ýol hadysasy bilen bagly gümürtik ýagdaýlaryň bardygyny nygtap, bu işiň adamyň janyna bilkastlaýyndan... Читать дальше...

Türkmen aktiwisti Allalyýew operasiýa boldy, egindeşleri onuň ýol hadysasyna tötänlikden düşendigine şübheli garaýarlar

Azathabar.com 

Türkiýede türkmen aktiwisti Baýram Allalyýew mundan bir hepde ozal agyr ýol heläkçiligine uçramagyndan soň 2-nji dekabrda uzak wagta çeken operasiýany başdan geçirdi. Şol bir wagtda, ýakynlary onuň geljekki saglyk ýagdaýy baradaky howatyrlanmalaryň entegem saklanyp galýandygyny, hatda onuň maýyp galmak ähtimallyklarynyň hem bardygyny belleýärler. Bu aralykda, türkmen häkimiýetiniň tankytçysynyň egindeşleri ýol hadysasy bilen bagly gümürtik ýagdaýlaryň bardygyny nygtap, bu işiň adamyň janyna bilkastlaýyndan... Читать дальше...

"Talyban" aýal-gyzlaryň hukuklary barada karar çykardy, bilim, iş hakda dymýar

Azathabar.com 

Owganystanyň "talyban" hökümdarlary şerigat kanunlarynda öňden kesgitlenen aýal-gyz hukuklarynyň ýerine ýetirilmegini talap edýän karar çykardylar, emma adam hukuklary toparlarynyň we Günbatar hökümetleriniň alada bildirýän esasy ugurlary, bilim we iş hukuklary barada hiç zat aýtmadylar. 3-nji dekabrda çykarylan karar owgan jemgyýetiniň ýolbaşçylaryny "aýal-gyzlaryň hukuklaryny goramak üçin çynlakaý çäre görmäge" çagyrýar. Soňra ol kararda esasy üns nika we dul galan aýallaryň hukuklaryna gönükdirilýär... Читать дальше...

Gazak prezidentiniň garyndaşlarynyň Moskwadaky emläkleri baradaky maglumatlar 'ýaşyryn' boldy

Azathabar.com 

Gazagystanyň prezidenti Kassym-Žomart Tokaýewiň maşgalasynyň Moskwadaky gymmatbaha emläkleri baradaky maglumatlar Rosreestrden aýryldy diýip, rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň topary aýtdy. 2-nji dekabrda çap edilen wideo-derňewde aýdylmagyna görä, prezidentiň ogly Timuryň we öňki aýaly Nadežda Tokaýewanň kwartiralary baradaky maglumatlar, rus resmileriniň we aňtaw gullugynyň işgärleriniň gozgalmaýan emläkleri baradaky maglumatlar bilen birlikde, gizlin maglumatlaryň hataryna geçirildi. Nawalnynyň toparynyň görkezen dokument nusgasy... Читать дальше...

1999-njy ýylda žurnalisti öldüren öňki howpsuzlyk işgärleri tussag edildi

Azathabar.com 

Serb kazyýeti, 1999-njy ýylda Slobodan Miloşewiçiň hökümetini aç-açan tankytlaýan žurnalist Slawko Kuruwiýany öldürenligi üçin, öňki döwlet howpsuzlyk işgärleriniň dördüsini 30 ýyla çenli azatlykdan mahrum etdi. Žurnalist öldürilenden 22 ýyl soň, Belgradyň ýörite kazyýetiniň gaýtadan geçiren sudy 2-nji dekabrda Serbiýanyň döwlet howpsuzlyk gullugynyň öňki başlygy Radomir Markowiçi we Belgradyň aňtaw gullugynyň öňki başlygy Milan Radoniçi 30 ýyl azatlykdan mahrum etdi. Gizlin gullugyň agentleri... Читать дальше...

Gazagystanyň mejlisi amnistiýa baradaky kanuny tassyklady

Azathabar.com 

Gazagystanyň mejlisiniň ýokarky palatasy 2-nji dekabrda, Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli, amnistiýa baradaky kanun taslamasyny tassyklady diýip, Azatlygyň Gazak gullugy habar berýär.  Bu kanun taslamasy gazak türmesinden saglyk ýagdaýy zerarly boşadylan dissident şahyr  Aron Atabegiň ardan çykmagynyň yz ýanyna gabat geldi.  Gazagystanyň Içeri işler ministri Erlan Turgumbaýew senatda bu kanun güýje girenden soň kiçi we orta agyrlykda jenaýat eden müňe golaý tussagyň türmeden boşadyljakdygyny aýtdy. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *