Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2021

Новости за 06.12.2021

Maryda ýyladyşdaky bökdençlikler saklanýar, Garagum etrabynyň obasynda ilat odun ýakyp ýylynmaly bolýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda ilatyň ýylynmak bilen bagly kynçylyklary saklanyp galýar. Şu günler Mary welaýatynyň Mary we Baýramaly şäherleriniň tas ähli etrapçalarynda ýaşaýjylar ýyladyş turbalarynyň kadaly işlemeýändiginden şikaýat edýärler. Şäheriň käbir etrapçalarynyň ýaşaýjylary bolsa, hatardan çykan ýyladyş turbalaryny öz hasaplaryna çalyşmaly bolýarlar.  Welaýatyň Garagum etrabynyň "Ak altyn" daýhan birleşiginde gazyň pesligi sebäpli ýaşaýjylar odun we salýarka ýakyp ýylynýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk... Читать дальше...

Türkmenistanda döwlet işgärleri türkmen diliniň "arassalygyny" berjaý etmeli

Azathabar.com 

Türkmenistanda döwlet edaralarynyň işgärlerinden, özara aragatnaşykda, başga dillerden söz garman, arassa türkmen dilinde geplemek talap edilýär. Şeýle talap bilen Lebap welaýatynyň býudjet işgärleri-de ýüzbe-ýüz boldular, olar özara gepleşikde rus hem özbek sözlerini garyşdyryp ulanýandygy üçin duýduryş aldylar. Mundan başga-da, döwlet edaralarynyň işgärleriniň daşky sypaty – egin-eşikleri üçin talaplar has-da güýçlendirildi. Şu aýyň başynda, Azatlyk Radiosy çagalar baglarynda rus dilinde multfilm... Читать дальше...

Lebapda karantin çäklendirmeleri gaýtadan güýçlenýär, Maryda bazarlar ýapyklygyna galýar

Azathabar.com 

Dünýäde koronawirusyň täze, omikron görnüşi giňden ýaýraýan mahaly, Türkmenistanyň käbir welaýatlarynda karantin çäklendirmeleri gaýtadan güýçlendirilip başlandy. Lebapda noýabryň ortalarynda bölekleýin açylan bazarlaryň, dükanlaryň we awtoýuwalgalaryň gapylaryna gaýtadan möhür basyldy. Şeýle-de, metjitleriň ilata açylmagy goýbolsun edildi. Farap etrabynda köçelere hlorly suw sepmek işleri güýçlendirildi. Şu günler Mary welaýatynda hem bazarlaryň we dükanlaryň aglabasy ýapyklygyna galýar. Ýurduň... Читать дальше...

Amerikan saglyk eksperti: Omikronyň Deltadan has ýeňil bolmagy mümkin

Azathabar.com 

Deslapky maglumatlar Omikron ştammynyň Delta ştammyna garanda has ýeňil alamatlara sebäp bolup bilýändigini görkezýär diýip, ABŞ-nyň saglyk resmileri aýdýarlar. 5-nji dekabrda Ak tamyň saglyk boýunça baş maslahatçysy Antoni Fauçi Omikronyň täsirini anyklamak üçin alymlara has köp wagt we maglumat gerek diýdi. Ilkinji Omikron hadysasy tapylan we bu ştammyň çalt ýaýraýan ýurdy bolan Günorta Afrikadan gowuşýan maglumatlara görä, wirusyň bu görnüşi öňki ştammlar bilen deňeşdirilende has ýeňil simptomlara ýol açýan bolmagy mümkin. Читать дальше...

Raýat toparlary Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça beýanat çap etdi

Azathabar.com 

Raýat toparlary ÝHHG ýurtlaryny Türkmenistan boýunça adam ölçegleri mehanizmlerine gatnaşmaga çagyrdy. 50-den gowrak hökümete degişli bolmadyk gurama Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlary Türkmenistan bilen bagly adam ölçegleri boýunça ÝHHG mehanizmlerini ulanmaga çagyrdy. Bu barada Raýat raýdaşlygy platformasy beýanat çap etdi. ÝHHG ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Stokgolmda geçirilen ýygnagynyň öňýany, 1-nji dekabrda Raýat raýdaşlygy platformasynyň guramaçylygynda... Читать дальше...

Putin Hindistana amala aşyrýan saparynda ýarag şertnamalaryny baglaşar

Azathabar.com 

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin esasan energiýa we ýarag söwdasyna gönükdirilmegine garaşylýan sammite gatnaşmak üçin 6-njy dekabrda Hindistana sapar eder. Putiniň premýer-minister Narenda Modi bilen duşuşjak sapary onuň pandemiýa başlanaly bäri daşary ýurda amala aşyrýan ikinji sapary bolar. Has ozal, iýunda Putin ABŞ prezidenti Jo Baýden bilen duşuşmak üçin Ženewada boldy. Sapar Hindistanyň 5,4 milliard dollar möçberindäki ylalaşyk esasynda Russiýanyň öňdebaryjy S-400 how hüjümlerinden... Читать дальше...

Belarus Sofiýa Sapega ýigrenç öjükdirmekde günä bildirýär

Azathabar.com 

Belarus prokurorlary rus raýaty Sofiýa Sapega günä bildirýärler. Diýdimzor dolandyryjy Aleksandr Lukaşenka ýurduň howa giňişliginden geçip barýan bir raýat uçarynyň ugrunyň üýtgedilmegini buýruk berenden soňra, Sapega söýgülisi, oppozisiýa bloggeri Raman Pratasewiç bilen bilelikde tussag edilipdi.       Sapega ýurtda demokratiýa tarapdar herekete, raýat jemgyýetine we garaşsyz media garşy basyp ýatyrmalara gatnaşan howpsuzlyk güýçleriniň şahsy maglumatlaryny çap edýän Telegram kanalyny dolandyrany... Читать дальше...

Aşgabatda azyk paýynyň möçberi ýene azaldyldy

Azathabar.com 

Aşgabatda ilata döwletiň kesgitli bahasyndan satylýan azyk paýynyň möçberi ýene azaldyldy. Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda un we towuk budy subsidirilenen azyk önümleriniň hataryndan çykaryldy. Şeýle-de, ösümlik ýagyna derek pagta ýagy berlip başlandy. Bu aralykda, paýtagtda 10-a golaý aýal ösümlik ýagynyň subsidirilenen azyk önümleriniň hataryndan çykarylmagyna nägilelik bildirip, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine bardy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtdan habar berýär.





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *