Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2021

Новости за 18.12.2021

Aşgabatda gözlenýän türkmenistanly Orsýetdäki deportasiýa merkezinden boşadyldy

Azathabar.com 

Gaçybatalga soraýan türkmenistanly Ahmet Jumadurdyýew deportasiýa merkezinden boşadyldy, onuň deportasiýa edilmegi baradaky karary ýerine ýetirmek, kazynyň pikiriçe, hakykatda "mümkin däl" diýip, Moskwadaky "Memorial" merkeziniň wekili Witaliý Ponomarýew habar berýär. Sankt-Peterburgyň Krasnoselskiý etrap kazyýeti 2021-nji ýylyň 17-nji dekabrynda öz ýurdunda dini sebäplere görä yzarlanan we gaçybatalga soraýan türkmenistanly Ahmet Jumadurdyýewi deportasiýa merkezinden boşatmak barada karar çykardy. Читать дальше...

Demokratik partiýada demokratiýa barmy?

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy (TDP) 16-njy dekabarda 30 ýaşady, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň dolandyryjy partiýasynyň agzalaryna ýüzlenip ýazan gutlagynda TDP-niň ýurduň “kanunçylyk, hukuk esaslarynyň döredilmeginde, aňyýet ulgamynyň ösdürilmeginde, halkara gatnaşyklaryň syýasy taýdan esaslandyrylmagynda möhüm orun eýeleýändigi” tassyklanýar. 1991-nji ýylda döredilen TDP-niň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahata gatnaşan partiýa agzalary bolsa, prezidentiň adyndan berlen sowgatlary alyp... Читать дальше...

Hepdäniň jemi #51 (18.12.2021 ý.)

Azathabar.com 

Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; TDP-niň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistan we demokratiýa barada ýazyjy bilen geçiren söhbetimizi diňläp, bu meselede öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.

Ýurtlar omikron hadysalarynyň 'başagaý etmeginiň' bosagasynda dur

Azathabar.com 

Koronawirusyň tutuş dünýäde çalt depginde ýaýraýan “omikron” görnüşi ýewropa hökümetleriniň bir topar çäklendirme girizmegine, ABŞ resmileriniň hassahanalara ýerleşdirilmeli näsaglaryň gaty köpeljekdigi barada duýduryş bermegine sebäp boldy. German we fransuz resmileri 17-nji dekabrda omikronyň pandemiýanyň güýçli bäşinji tolkunyny döretmegiň bosagasynda durýandygyny, onuň eýýäm saglyk ulgamlaryna mazaly agram salan delta görnüşiniň döreden aladalaryndan hem kän alada döredýändigini aýtdylar. ... Читать дальше...

Sokurow Putin bilen eden dawasy üçin ötünç sorady, howpsuzlygyny alada edýär

Azathabar.com 

Režissýor Aleksandr Sokurow Orýsetiň prezidenti Wladimir Putin bilen bolan dawa üçin ötünç sorady we özüne howp abanýandygyny aýtdy. RBK neşiriniň degişli maglumata salgylanyp ýazmagyna görä, ol bu barada prezidentiň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň baştutany Waleriý Fadeýewe ýazmaça ýüz tutupdyr. Režissýor öz ýazan hatynda Putin bilen eden dawasy üçin ötünç sorapdyr, onuň sözlerine görä, bu dawa Fadeýew üçin “prezident administrasiýasynda köp amatsyzlyk döredip biler”. "Meniň eden çykyşyma... Читать дальше...

Berdimuhamedow orunbasaryna oba, nyrh, önümçilik meselelerini öwrenip, teklipli gelmegi tabşyrýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky hökümet mejlisinde wise-premýer Serdar Berdimuhamedowa maýa goýum işjeňligini berkitmek, ilat ýazuwyny halkara tejribeleri esasynda geçirmek, bazarlara, dükanlara baryp, Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda harytlaryň nyrhlaryny görmek, oba ýerlerinde çözülmeli meseleleri anyklap, indiki mejlise teklipli gelmek tabşyrygyny berdi. Bu tabşyryklar kiçi Berdimuhamedowyň soňky 30 ýylda iki prezident tarapyndan çözülip bilinmedik meseleleriň çözgüdini tapmalydygyny yşarat edýär. Читать дальше...

ABŞ Russiýanyň Ýewropa howpsuzlygy baradaky teklibi 'kabul ederliksiz' diýýär

Azathabar.com 

Sowuk uruşdan soňky Ýewropanyň howpsuzlyk arhitekturasyny düýpgöter üýtgetmek islegi bilen, Orsýet ABŞ we NATO bilen gepleşmek isleýän ylalaşyklarynyň isleg sanawyny çap etdi.  Russiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan 17-nji dekabrda öňe sürlen tekliplerde NATO-nyň gündogar tarapa giňelmegini we bileleşigiň Gündogar Ýewropadaky harby işjeňligini çäklendirmegi, şol sanda Ukraina we Gürjüstan bilen hyzmatdaşlygyny bes etmegi talap edilýär. NATO-nyň 1990-njy ýyllaryň aýagyndan bäri Gündogar... Читать дальше...

Özbegistan Owganystanyň Mazari-Şerif aeroportuny abatlamak üçin tehnik iberýär

Azathabar.com 

Owganystanyň demirgazygyndaky Mazari-Şerif şäheriniň howa menziliniň enjamlaryny bejerip, onuň işini gaýtadan ýola goýmak üçin, Özbegistan bu ýere öz hünärmenlerini iberdi. Özbegistanyň prezidentiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Ismatilla Ergaşew 17-nji dekabrda tehnikleriň howa menzilindäki işlerini geljek ýylyň başynda tamamlajakdygyny aýtdy. Bu kömek goňşulykdaky merkezi aziýa döwletleriniň ABŞ we koalisiýa güýçleri bu ýurtdan çekilip, Günbatar tarapyndan goldanýan Kabul hökümeti awgust aýynda agdarylandan soň... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *