Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2021

Новости за 04.12.2021

Hepdäniň jemi #49 (04.12.2021 ý.)

Azathabar.com 

Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Türkmenistanyň 'çöken oba hojalygy' we giň ýaýran işsizlik meselesiniň mümkin bolan çözgüdi barada oba ýagdaýlaryny ýakyndan yzarlaýan ýazyjy Hudaýberdi Hally bilen söhbetimizi diňläp, bu mesele boýunça öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.

Türkmenistanda çözülmeýän ýer meselesiniň çözgütleri näme sebäpden bökdelýär?

Azathabar.com 

Türkmenistanda ýer, oba hojalygy we işsizlik bilen bagly meseleler 2021-nji ýylda hem çözülmän galana meňzeýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet baştutany noýabryň aýagynda ýer böleklerinden peýdalanmak hukugy bilen bagly täze buýruga gol çekdi, emma bu kararyň manysy adamlara ne metbugatda, ne ýerlerde düşündirildi. Wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewiň sözlerine görä, ýer böleklerinden peýdalanmak hukugy baradaky täze kararyň taslamasy ýurduň ministrliklerine, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna... Читать дальше...

Berdimuhamedow 'krizisi' boýun alman, oňa garşy maksatnama tassyklaýar

Azathabar.com 

Hökümetçi “Türkmenportal” neşiri, 3-nji dekabrda geçirilen hökümet mejlisine salgylanyp, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin çökgünlige garşy maksatnamasyny tassyklandygyny habar berýär. Bu karar ýurduň paýtagtynda we döwlet baştutanynyň öz obasynda hem, baýramçylyk saçagyny bezemäge öňünden taýýarlanýan ýaşaýjylaryň towuk eti, ýumurtga ýaly azyk önümlerini alyp ýetişmek üçin uzyn nobatlara durýan wagtynda kabul edildi Emma TDH, 'krizis ýa çşkgünlik' sözlerini agzaman... Читать дальше...

Azerbaýjan oppozisiýa aktiwistiniň saklanyp, 'gazaply' ýenjilmegini derňemäge çagyrylýar

Azathabar.com 

Adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” (HRW) guramasy Azerbaýjany şu hepdäniň başynda polisiýanyň Bakuwdaky parahat demonstrasiýany zorlukly dargatmagy we oppozisiýa syýasatçysyny, açyk hökümet tankytçysyny tussag edip, "gazaply" urup-ýençmegi boýunça "gyssagly, bitarap we düýpli" derňew geçirmäge çagyrýar. “Azerbaýjan häkimiýetleri halkyň parahatçylykly demonstrasiýa geçirmek hukugyna ýene-de utançsyz ýigrenç görkezdiler we başgaça pikirlileri basyp ýatyrmak üçin zorluk ulandylar" diýip... Читать дальше...

Bolgariýada awtoulagynda bikanun migrantlary alyp barýan türkmenistanly saklandy

Azathabar.com 

Bolgariýanyň Burgas şäherinde Türkmenistanda doglan we german raýatlygy bolan 26 ýaşly erkek saklandy diýip, “Turkmen.news” “Sega” neşirine salgylanyp habar berýär. Ol öz mikroawtobusynda bikanun migrantlary alyp barýan eken. Serhet polisiýsy ony ilki Karaagaç diýen ýerde, soňra Çernomores şäherinde saklamaga synanýar, emma ol polisiýanyň saklanmak baradaky yşaratyna boýun egmän, gaçmagyny dowam etdirýär. Ahyrynda onuň awtoulagy Burgasdaky Todor Aleksandrow bulwarynda saklandy. Awtoulgayň sürüjisi... Читать дальше...

Berdimuhamedow ýene bir orunbasaryna berk käýinç berdi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet başlygynyň gurluşyk, senagat we energetika toplumlary boýunça orunbasary Çarymyrat Purçekowa berk käýinç yglan etdi. Wise-premýer 3-nji dekabrda geçirilen hökümet mejlisinde şu ýylyň 11 aýynda edilen işler boýunça hasabat berip, uly ösüş sanlaryny mysal getirdi. Emma prezident onuň “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde kemçilik goýberendigini” aýtdy. “Gurluşyk işleriniň depgini we möçberi her aýda peselýär, hasabat döwründe... Читать дальше...

Baýden Russiýanyň Ukraina çozmagyny "gaty kynlaşdyrjakdygyny" aýdýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden, ukrain serhediniň golaýynda rus harby güýçleriniň toplanmagy bilen baglylykda, Moskwanyň niýetleri baradaky aladalaryň artýan wagtynda, Russiýanyň Ukraina garşy hüjüm etmegini "örän we örän kynlaşdyrmaga" taýýardygyny aýtdy. B duýduryş Baýden bilen rus prezidenti Wladimir Putiniň, iki tarapyň hem 3-nji dekabrda tassyklamagyna görä, ýakyn günlerde wideo arkaly maslahat etmegine garaşylýan wagtynda edildi. Waşington we Kiýew Moskwanyň Ukrainanyň serhedinde on müňlerçe... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *