Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2021

Новости за 23.12.2021

Aşgabadyň ÝOJ-ynda talyplardan Täze ýyl baýramçylygy geçýänçä umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşamak talap edilýär

Azathabar.com 

Aşgabat şäherindäki ýokary okuw jaýynyň rektory (ÝOJ) talyplaryň ählisine Täze ýyl baýramy mynasybetli berilýän dynç alyş günlerinde umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamagy buýurdy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyndaky çeşmämiz bu buýrugyň Täze ýyl baýramçylygynda geçiriljek oturylyşyklaryň öňüni almak maksady bilen berilendigini aýtdy. Talyplardan edilýän bu talabyň jikme-jiklikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtdan maglumat berýär. "Institutyň dekany Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda... Читать дальше...

Aşgabatda dört gatly ýaşaýyş jaýlar ýykylýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň paýtagtynda ýene-de ýaşaýyş jaýlar ýykylýar. Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda ýykylýan dört gatly jaýlar şäheriň merkezindäki birnäçe köçede ýerleşýär.

Lebapda çäklendirmeler güýçlendirilýär, gizlin taksileriň çöldäki kynçylyklary oba ýaşaýjylary üçin gazanç çeşmesini döredýär

Azathabar.com 

Şu günler Türkmenistanyň käbir sebitlerinde gaýtadan güýçlendirilýän karantin çäklendirmeleri harby gullukdan boşap, öýlerine dolanýan esgerlere hem täsir ýetirýär. Täze düzgüne görä, esgerlerden iki gezek COVID-19 testini tabşyrmak talap edilýär. Şeýle-de, ýurtdaky hereket çäklendirmeleri "ýolsuz ýerden ýol ýasap" syýahat edýän hususy taksi sürüjileriniň çölüň içinde dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolmagyna getirýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Lebap we Mary welaýatlaryndan maglumat berýärler. Читать дальше...

Serdar Berdimuhamedow Balkan we Daşoguzdan soň, Lebap we Mary bazarlaryna aýlandy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň hökümet başlygynyň maliýe we ykdysadyýet pudagyna gözegçilik edýän orunabsary Serdar Berdimuhamedow täze ýylyň öň ýany, prezident kakasynyň tabşyrygy boýunça Balkan we Daşoguz welaýatlaryna amala aşyran saparlaryndan soňra, Lebap we Mary sebitlerindäki bazarlara aýlandy. Azatlygyň habarçylary wise-premýeriň welaýatlara amala aşyrýan saparlary barada döwlet metbugatynda aýdylmaýan jikme-jiklikleri habar berýärler.

Özbegistanda bir günde 8 häkim täzelendi

Azathabar.com 

21-nji dekabrda Özbegistanyň üç sebitinde sekiz etrabyň häkimleri täzelendi. Premýer-ministriň öňki orunbasary, geçen ýylyň tomsunda koronawirusdan heläk bolan Uktam Barnoýewiň dogany Umidjon Barnoýew Buhara sebitiniň Romitan etrabynyň häkimi wezipesine bellendi. Bu etrabyň öňki häkimi Hürşid Tahirow Buhara sebitiniň Garagul etrabyna häkim bellendi. 2020-nji ýylyň fewralynda Garagul etrabynyň häkimi wezipesine bellenen Şerali Salomow  başarnyksyzlygy sebäpli işinden boşadyldy. Jamşid Şaropow... Читать дальше...

Putin Günbataryň Orsýete 'derhal' howpsuzlyk kepilligini bermegini talap edýär

Azathabar.com 

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin, rus goşunlarynyň Ukrainanyň alkymyna jemlenmegi bilen güýçlenen dartgynlylygyň arasynda, Günbatardan Russiýa “derrew” howpsuzlyk kepilliklerini bermegi talap etdi. Ýyllyk metbugat ýygnagynda çykyş eden Putin žurnalistiň Russiýanyň niýetleri baradaky soragyna jogap berip, Ukraina we NATO barada nägileliklerini bildirdi. Rus resmileriniň şu aýyň başynda aýan eden talaplaryny nazarda tutup, “Siz bize kepillik bermeli. Siz! Özem indi gijikdirmän bermeli! Häzir!” diýip... Читать дальше...

Häkimiýetler hususy maldarçylyk hojalyklaryndan arzan et talap edýär

Azathabar.com 

Täze ýylyň öňüsyrasynda Lebap welaýatynda hususy maldarçylyk hojalyklary döwlete arzan bahadan et tabşyrmaga mejbur edilýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji dekabrda sebitden maglumat berdi. Bu talap goýun, geçi, düýe we sygyr saklaýan hususy hojalyklara degişli bolup, döwlete degişli söwda edaralary olardan etiň bir kilogramynyň bahasyny 26 manatdan satyn alýarlar. Öz gezeginde, hususy hojalyklardan satyn alnan et önümleri sebitiň bazarlarynda we söwda merkezlerinde 30 manatdan sarp edijilere hödürlenýär. Читать дальше...

Putin ýyllyk metbugat ýygnagyny geçirýär

Azathabar.com 

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bu gezekki ýyllyk metbugat ýygnagyny rus goşunlarynyň Ukrainanyň golaýynda ýerleşdirilmegi we Kremliň niýetleri baradaky soraglaryň gürelen wagtynda geçirip, COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek we ýurduň ykdysady ösüşini tijemek ugrunda edilýän tagallalary öwdi. Putin 23-nji dekabrdaky ýygnagyň açylyşynda pandemiýa garşy göreşmek we Russiýanyň ykdysadyýetini gowşatmazlyk üçin edilýän tagallalary nygtamaga çalyşdy. Ol ruslary sanjym almaga çagyrdy. Köp ýurtlarda bolşy ýaly... Читать дальше...



"Türkmenistan nusgawy kleptokratiýa". "Crude Accountability" türkmen režiminiň esasy meselelerini görkezdi

Azathabar.com 

Türkmenistan göreldeli kleptokratiýa bolup, döwletiň girdejileri talanýar we ýurduň prezidenti ägirt uly we peýdasyz proýektlere milliardlarça dollar harçlaýar. Bu netije "Crude Accountability" halkara guramasynyň Türkmenistan baradaky täze hasabatynda öňe sürülýär. Hasabatda ýurtdaky häzirki agyr ykdysady krizisiň maliýe serişdeleriniň näderejede manysyz ulanylandygyny subut edýändigi bellenýär.

Halkara kampaniýa: Aşgabat halkara hukugynyň talaplaryny äsgermezligini dowam etdirýär

Azathabar.com 

"Olary diri görkeziň” kampaniýasy Türkmenistanda mejbury ýitirim edilenleriň ýagdaýlary barada nobatdaky hasabat-synyny taýýarlady diýip, halkara kampaniýanyň agzalarynyň biri bolan "Memorial”merkezi habar berýär. Bu hasabat 2014-nji ýyldan bäri çap edilýär. Täzelenen hasabat-synda aýdylmagyna görä, 2002-nji ýyldan bäri Türkmenistanda mejbury ýitirim edilmegiň pidasy bolan raýatlaryň sany 162 adam bolup, olaryň 97 sanysynyň ykballary näbelli bolmagynda galýar. Şeýle-de, hasabatyň awtorlarynyň ynanjyna görä... Читать дальше...

Maryda we Balkanda tozanly ýel turdy

Azathabar.com 

Mary we Balkan welaýatlarynda güýçli tozanly ýel turdy. Bu barada habar berýän habarçylarymyz tozanly ýeliň netijesinde köçelere howadan çäge ýagýandygyny we uzak aralygy görüp bolmaýandygyny aýdýarlar. Balkanyň käbir etrap resmileri orta mekdeplerde we edara-kärhanalarda duşuşyklary geçirip, güýçli ýel barada duýduryş berdi.

Angliýada geçirilen barlaglar omikron ýokanjynyň deltadan howpsuzrakdygyny görkezýär

Azathabar.com 

Britaniýada geçirilen iki ylmy barlag koronawirusyň omikron görnüşiniň ýowuzlygynyň delta görnüşine garanyňda pesräkdigini görkezýär. Ýöne alymlar omikronda geçirilen barlaglaryň irki netijelerine seresap garamalydygyny, sebäbi entek bu netijeleriň beýleki hünärmenlere görkezilmändigini duýdurdylar we  keseliň täze görnüşiniň ýokanç tolkunynyň deltanyňkydan pes bolmagyna bil baglamaly däldigini aýtdylar. Alymlaryň pikiriçe, barlaglaryň 22-nji dekabrda çap edilen irki netijeleri omikronyň delta... Читать дальше...

ABŞ Türkiýede pasport satmakda gümän edilýän amerikalynyň diplomat däldigini aýdýar

Azathabar.com 

Türk polisiýasy Türkiýde tussag edilen ABŞ raýatynyň amerikan diplomaty bolup çykandygyny yglan edeninden soň, Döwlet departamenti 22-nji dekabrda ol adamyň ABŞ diplomatydygyny inkär etdi. Stambul polisiýasynyň maglumatyna görä, bu adam diňe “D.J.K.” diýlip, adynyň we atasynyň adynyň baş harplary bilen tanadyldy.  Ol geçen aý bir siriýaly pasportyny Germaniýa gitmek üçin ulanmaga synanyşandan soň, Stambulyň halkara howa menzilinde tussag edildi. Türk häkimiýetleri ol diplomatyň Liwanyň Beýrutdaky ABŞ ilçihanasynda işleýändigini aýtdylar. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *