Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2021

Новости за 26.12.2021

Bazarlardaky arzanlaşyk az ýaşady, ataly-ogul adamlary aldamakda aýyplanýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň bazarlarynda Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda döredilen emeli bolçulyk we arzançylyk bir hepdä hem çekmedi; şol bir wagtda prezidentiň wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň sebit bazarlaryna eden iş saparlarynyň netijesini diňläp, baýramçylyk söwdasynda käbir harytlary 50% arzanlatmak barada beren buýrugynyň hem berjaý edilmeýändigi habar berilýär. Ýerli synçylar ýurtda önüm öndürijileriň “el-aýagynyň daňylmagy” we “giň ýaýran korrupsiýa” netijesinde dörän haryt gytçylygynyň indi... Читать дальше...

Türkmenistan we Özbegistan Eýrandan gelen 'howply' önümlerden ýüZ öwürýär

Azathabar.com 

Türkmenistan we Özbegistan, oba hojalygynda ulanylýan pestisidleriň we beýleki himiki serişdeleriň howply derejesine salgylanyp, Eýrandan gelen uly kartoşka ýüklerini ret etdi diýip, eýran mediasy habar berýär. Horasan Razawi welaýatynyň Maşad şäheriniň Miwe we gök önümler birleşiginiň başlygy Heýdar Sakenborjiniň “Tejarat news” neşirine aýtmagyna görä, bu ýerde esasy sebäp ulanylýan pestisidleriň hiliniň pes bolmagy bilen bagly. Onuň sözlerine görä, hasyl ýygnalyp alnandan soň, pestisidleriň... Читать дальше...

HRW: Orsýet 2021-nji ýylda internet azatlyklaryna garşy göreşini ‘iki esse artdyrdy’

Azathabar.com 

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän (HRW) gurama rus häkimiýetleriniň geçen bir ýylyň dowamynda senzuradan sowulyp geçmekde ulanylýan gurallary petiklemek, internet baradaky “repressiw” kanunlary giňeltmek we, has kän bogujy düzgüni goldar ýaly, tehnologiýa kompaniýalaryna basyşy güýçlendirmek bilen, internet azatlyklaryny basyp ýatyrmak babatdaky tagallalaryny iki esse köpeldendigini aýdýar. "Şu geçen ýylda internet azatlyklaryna garşy edilen düýpli basyş häkimiýetleriň ruslaryň hukuklaryny we ... Читать дальше...

Türkmenistan $150 million möçberindäki karz ylalaşygyna gol çekdi

Azathabar.com 

Halkara Yslam söwda-maliýe korporasiýasy (ITFC) Türkmenistanyň hökümeti bilen 150 million dollar möçberinde üç ýyllyk çarçuwaly ylalaşyga gol çekdi diýip, “TradeArabia” neşiri habar berýär. Çarçuwaly ylalaşyk zerur harytlary import etmek, oba hojalygyna we dokma senagatyna goldaw bermek, hususy pudagy, hususan-da kiçi we orta derejeli telekeçiligi maliýeleşdirmek, Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlarynda söwdany goldamak we maliýeleşdirmek babatyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk tagallalaryny öz içine alýar diýip, habarda aýdylýar. Читать дальше...

COVID-19 möwjemeleri baýramçylyk günlerindäki uçuşlaryň ýatyrylmagyna mejbur edýär

Azathabar.com 

Ekipaž agzalarynyň arasynda COVID-19 ýokuşmalarynyň köpelmegi bilen baglylykda, dünýäniň çar künjegindäki awiakompaniýalar 25-nji dekabrda, hristianlaryň pandemiýa döwründäki ikinji Kristmas baýramçylygyny belleýän wagtynda köp uçuşy goýbolsun etmeli boldy. Juda ýokuşgan hasaplanýan omikron görnüşiniň çalt depginde ýaýramagy COVID-19 ýokuşmalarynyň kesgin ýokarlanmagyna sebäp boldy we uçarmanlaryň we ekipaž agzalarynyň karantin astyna alynmagy bilen, howa ýollaryny uçuşlary ýatyrmaga mejbur etdi. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *