Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2021

Новости за 19.12.2021

Lebap bazarlary kiçi Berdimuhamedowyň nyrh barlaglaryna taýýarlanýar

Azathabar.com 

Kiçi Berdimuhamedowyň Lebaba geljegi baradaky habar sebitde uly başagaýlyk döretdi; gowaça meýdanlarynda galan pagta übtüklerini çöplemekden azat edilen býujet işgärleri köpçülikleýin we gyssagly arassaçylyk işlerine çekilýär ýa-da talap edilen pullary tapmaly diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy habar berýär. Bu başagaýlyk 17-nji dekabrda geçirilen hökümet mejlisinde prezident tarapyndan berlen tabşyryklar, baýramçylykdan öň bazarlarda wagtlaýyn bolçulyk döretmek praktikasy bilen baglanyşykly. Synçylar... Читать дальше...

Şweýsariýa Kreml bilen baglanyşykly rus telekeçisini ABŞ-a iberýär

Azathabar.com 

Şweýsariýa Kreml bilen baglanyşykly rus telekeçisi Wladislaw Klýuşini Birleşen Ştatlara ekstradisiýa etdi diýip, şweýsar häkimiýetleri 18-nji dekabrda habar berdi. Klýuşin Orsýetiň habar beriş serişdelerine gözegçilik we kiberhowpsuzlyk hyzmatlaryny hödürleýän M13 kompaniýasyna eýelik edýär. Ol Birleşen Ştatlar tarapyndan ABŞ kompaniýalary hakyndaky gizlin maglumatlary bikanun ele geçirmekde we içerki söwdanyň üsti bilen onlarça million dollar gazanmakda aýyplanýar. Bu telekeçi ABŞ-nyň gözleg talaplary esasynda mart aýynda... Читать дальше...

Kiçi Berdimuhamedow Balkana geldi, bazarlarda TW üçin bolçulyk döredildi

Azathabar.com 

Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow Balkan sebitine iş saparyna geldi, bazarlarda emeli bolçulyk we arzançylyk döredilýär diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy habar berýär. Bu sapar türkmen prezidentiniň 17-nji dekabrda baýramçylykdan öň bazar nyrhlaryna gözegçilik etmek we beýleki çözülmeýän meseleler barada beren tabşyryklary bilen bagly. Türkmen häkimiýetleri ýurtda azyk howpsuzlygynyň döredilendigini tekrarlap, köp adamly nobatlary dükanlaryň ýeňselerine ýa irki sagatlara geçirip, kesgitli bahadan berilýän önümleri adamlaryň öýlerine paýlap... Читать дальше...

Türk Howaýollary Türkmenistandan bir aýda üçünji çarter uçuşyny gurnaýar

Azathabar.com 

Hökümetçi "Türkmenportal"neşiriniň “Atawatan Türkmenistan” neşirine salgylanyp ýazmagyna görä, "Türkhowaýollary" 21-nji dekabrda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugrunda çarter uçuşyny amala aşyrar. Bu türk howa gämileriniň şu aýda amala aşyrýan üçünji çarter gatnawydyr diýip, habarda bellenýär. Mundan öňki uçar gatnawlary 9-njy we 12-nji dekabrda amala aşyryldy we ol uçarlarda, türk raýatlary bilen bir hatarda, türkmen raýatlarynyň hem uçandygy aýdylýar. 2020-nji ýylyň martynda, koronowirus pandemiýasy... Читать дальше...

ABŞ senatory: Russiýa kabul edilmejek teklipler bilen 'uruşmaga bahana' edinjek bolýar

Azathabar.com 

Moskwanyň Ukrainanyň golaýyna rus goşunynyň toplanmagy bilen baglanyşykly dartgynlygy gowşatmak üçin öňe süren howpsuzlyk teklipleri Russiýanyň “uruş üçin bahana döretmek synanyşygynyň” alamaty bolup görünýär diýip, ABŞ Senatynyň Daşary gatnaşyklar komitetiniň baş respublikan agzasy aýdýar. ABŞ senatory Jim Riş (Respublikan-Idaho) 18-nji dekabrda eden beýanatynda Russiýanyň teklipleriniň howpsuzlyk ylalaşyklary däl-de, rus prezidenti Wladimir Putini ynjaltmak üçin ABŞ we NATO tarapyndan edilmeli eglişikleriň sanawy bolup durýandygyny aýtdy. Читать дальше...

Pakistan Owganystana berilmeli kömegi maslahatlaşmak üçin halkara ýygnanyşyk geçirýär

Azathabar.com 

Pakistan 19-njy dekabrda goňşy Owganystandaky gumanitar krizisi ara alyp maslahatlaşmak üçin Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) adatdan daşary ýygnagyny geçirýär. 57 agzaly YHG-nyň birnäçe daşary işler ministri, “Talyban” tarapyndan dolandyrylýan hökümetiň çylşyrymly syýasy reallyklaryndan baş çykaryp, Owganystana kömek etmegiň ýollaryny öwrenmek üçin duşuşyga gatnaşýar diýip, Pakistanyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşiniň beýanatynda aýdylýar. Kureşi esasy güýçleriň, şol sanda ABŞ-nyň... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *