Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2021

Новости за 14.12.2021

Aşgabatda ilata arzan towuk, un we ýumurtga satyldy

Azathabar.com 

Türkmen häkimiýetleriniň dekabrda bellenilýän baýramçylyklar mynasybetli ilata "arzan azyk bolçulygyny" döretmek synanyşyklary dowam edýär. Munuň bilen bagly, paýtagtyň käbir etrapçalarynyň ýaşaýjylaryna subsidirlenen bahadan towuk, käbirine "ýakymsyz ysly" un, käbirine-de towuk ýumurtgasy satyldy. Şol bir wagtda, häkimiýetler käbir hususy dükan eýelerini süýji we köke önümlerini hakyky bahasynyň üçden bir bölegine satmaga mejbur edýärler. Paýtagtda döwletiň gözegçiligindäki bu söwdanyň jikme-jiklikleri... Читать дальше...

Belarus kazyýeti Losik, Tihanoswkiý we beýleki aktiwistler üçin agyr höküm çykardy

Azathabar.com 

Ýurduň iň içgin yzarlanýan kazyýet diňlenişikleriniň birinde belarus kazyýeti oppozisiýa aktiwistlerine, bloggerler toparyna hem-de sürgündäki oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýanyň adamsy Sergeý Tihanowskä höküm çykarýar. Kazyýet oppozisiýa syýasatçysy Tihanowskiýni 18 ýyl möhlet bilen, blogger we Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň geňeşçisi Ihar Losigi bolsa 15 ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum etdi. 2020-nji ýylyň awgustynda geçirilen dawaly prezidentlik saýlawlarynyň öň ýany saklanyp, häzirki... Читать дальше...

Baýramalyda öýlere aýlanyp, it we eşek etini satyn almak isleýän adamlar köpelýär

Azathabar.com 

Soňky bir hepdäniň dowamynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyndaky käbir obalara aýlanyp, ýaşaýjylara it we eşek etlerini satyn alýandyklaryny aýdýan adamlar köpelýär. Bu habarlaryň arasynda, şu günler sebitde ilatyň işigindäki itleriň we eşekleriň ogurlanmagy bilen bagly wakalar hem artýar. Bu ýagdaýlaryň jikme-jiklikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär. Habarçymyzyň sözlerine görä, bu ýagdaýlara Baýramalynyň "Erkana" geňeşliginiň, "Merw", "Parahat" we "Täze ýol" daýhan birleşikleriniň... Читать дальше...

'Memorial international' guramasyny ýapmak boýunça sud diňlenişigi dowam edýär

Azathabar.com 

Russiýanyň Ýokary sudy federal prokurorlaryň Sowet Soýuzyndan soňky döwrüň iň gadymy we abraýly adam hukuklaryny goraýjy guramalarynyň biri bolan “Memorial International” -yň ýapylmak baradaky haýyşy boýunça diňlenişige gaýtadan başlady. Sudýa Alla Nazarowa 14-nji dekabrda geçirilen diňlenişige 20 minut gijä galmak bilen başlady. Sud diňlenişiginiň başlangyç tapgyry “Memorial International” guramasynyň esasy registrasiýa dokumentlerini öwrenmek bilen başlandy, şondan soň baş prokuroryň topary ýapmak... Читать дальше...

Belarusyň sudy blogçylara, aktiwistlere we oppozisiýa lideriniň adamsyna garşy höküm çykardy

Azathabar.com 

14-nji dekabrda Belarusyň sudy blogerlere, oppozisiýa aktiwistlerine we sürgün edilen oppozisiýa lideri Swýatlana Tsihanouskaýanyň adamsyna garşy alnyp barylýan sud işleriniň biri boýunça höküm çykarar. Adam hukuklaryny goraýan toparlar günorta-gündogardaky Homel şäherinde ýapyk gapylaryň aňyrsynda sud edilýänleriň altysyny geçen ýyl jedelli prezident saýlawynyň öňüsyrasynda tussag edilen syýasy bendiler hasaplaýarlar. 173 güne çeken sud işi Belarusyň taryhynda iň uzak wagtlyk sud işleriniň biri boldy. Читать дальше...

Eýran ýadro gepleşiklerinde öňegidişligiň ýoklugynda Günbatary günäledi

Azathabar.com 

Eýran, 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro şertnamasy boýunça günbatar partnýorlaryny "aýyplamak oýnuny oýnamakda" aýyplady. Bu, şertnamany dikeltmek maksady bilen dowam edýän gepleşiklere gatnaşýan ýewropaly diplomatlaryň Tähranyň şertnama "laýyk gelmeýän" täze teklipleri hödürleýändigini aýtmagynyň yzýanyna gabat geldi. Eýranyň global sanksiýalaryň ýatyrylmagy üçin ýadro işjeňligini çäklendirýän bilelikdäki ählitaraplaýyn hereket meýilnamasy (JCPOA), 2018-nji ýylda ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Trump şertnamadan çykyp... Читать дальше...

Daniýa, Norwegiýa “Omicronyň” şu hepde köpeljegini çak edýär

Azathabar.com 

Daniýada we Norwegiýada saglyk işgärleri koronawirusyň “Omicron” görnüşiniň şu hepdede ýurtlaryň ikisinde-de COVID-19 bilen kesellänleriň aglaba bölegini emele getirjekdigini çaklaýarlar. Şeýle hem, Britaniýanyň saglyk resmileri 13-nji dekabrda “Omicronyň" soňky 48 sagadyň dowamynda Londonda agdyklyk edýän görnüşe öwrüljekdigini aýtdy we bu görnüşiň geçen aýyň ahyrynda Günorta Afrikada ilkinji gezek anyklanandan soň iňňän çalt ýaýraýandygyny belledi. "COVID-19-yň hiç bir görnüşi beýle çalt ýaýramady" -diýip... Читать дальше...

Wengriýada migrantlary alyp barýan awtoulag heläkçilige uçrady

Azathabar.com 

Wengriýanyň häkimiýetleri migrantlary alyp barýan awtoulagyň Serbiýa bilen serhet ýakasyndaky bir jaýa baryp urmagy zerarly ýedi adamyň ölendigini we dört adamyň ýaralanandygyny habar berdiler. Polisiýanyň maglumatyna görä, bu waka 13-nji dekabrda günortadaky Morahalom obasynda bolupdyr, şonda awtoulagyň sürüjisi polisiýanyň barlagyndan gaçmaga synanyşyp, ýokary tizlikde ulagyny sürüpdir bir ýaşaýyş jaýa urupdyr we agdarylypdyr. Serbiýanyň belgisi bolan awtoulag 10 sany migranty alyp barýardy. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *