Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2021

Новости за 08.12.2021

Aşgabatda Mosartyň, Listiň we Belliniň sazlary ýaňlandy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň käbir sebitlerinde karantin çäklendirmeleri gaýtadan güýçlendirilip başlanmazdan ozal, Aşgabatda paýtagtlylaryň medeni durmuşyna degişli aýdym-saz çäreleriniň birnäçesi geçirildi. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň üç konsertden düşüren suratlaryny çap edýäris.

Baýramçylyklaryň öň ýany goýy awtoulag gadaganlygy güýçlenýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda eýýäm birnäçe ýyl bäri tutuş ýurt boýunça goýy reňkli awtoulag gadagançylygy, Bitaraplyk we Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda täzeden güýçlenýär. Täze gadagançylyklaryň jikme-jikligi barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berýär.

Teke bazarda et satylanda ýakalaşyk boldy

Azathabar.com 

Türkmenistanda ilatyň azyk üpjünçiliginiň gitdigiçe ýaramazlaşmagy nägileligiň we dawalaryň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Köpden bäri satuwda bolmadyk önümleriň satylan wagtynda döreýän ullakan nobatlarda yzygiderli dawa-jenjele we ýakalaşyklara sebäp bolýar. 7-nji dekabrda Aşgabadyň bazarlarynyň birinde sygyr we towuk etiniň satylan wagtynda alyjylaryň arasynda ýakalaşyk emele geldi. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, ýakalaşyk Teki bazarda etiň we towugyň subsidirlenen bahadan satylanda ýerinde döräpdir. Читать дальше...

Aşgabatda Mosartyň, Listiň we Belliniň eserleri ýaňlandy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň käbir sebitlerinde karantin çäklendirmeleri gaýtadan güýçlendirilip başlanmazdan ozal, Aşgabatda paýtagtlylaryň medeni durmuşyna degişli aýdym-saz çäreleriniň birnäçesi geçirildi. Klassiki aýdym-saz eserleriniň ençemesi ýaňlanan konsertlerde tomaşaçylar umytsyzlykdan we göwniçökgünlikden birneme bolsa-da daşlaşdy diýip, aşgabatlylar aýdýarlar. Azatlyk Radiosynyň bu çärelere tomaşaçy bolan habarçysy paýtagtda geçirilen üç konsert barada habar berýär.

Eli ýuka maşgalalar agyr düşýän baýramçylyk ýygymlaryndan gaty nägile bolýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda geçirilýän dürli çäreler sebäpli döwletiň maşgala býujetine, çagalaryň rysgalyna el garmagy ýylyň soňky aýynda, Bitaraplyk we Täze ýyl baýramçylyklarynyň öňüsyrasynda hem dowam etdirilýär diýip, Azatlygyň habarçylary habar berýär. Bikanun salgytlar Farapdaky garyp maşgalalaryň käbirini mekdep direktoryna ýüz tutup, özlerinde beýle puluň ýokdugyny aýtmaga mejbur etdi. Şu aralykda polisiýa, baýramçylyga pul ýygnamak üçin, okuwçylara salnan smartfon gadaganlygyny hem tutaryk edinýär. Adat bolşy ýaly... Читать дальше...

Ýuriý Dud Russiýada adamlaryň näme üçin gynalýandygy barada film döretdi

Azathabar.com 

Meşhur rus žurnalisti, “wDud” YouTube kanalynda millionlarça tomaşaçysy bolan Ýuriý Dud Russiýadaky adam gynamalary barada film döretdi.  Dudyň sözlerine görä, täze filmiň döredilmegine esasan ýakynda tussaglaryň rehimsiz gynamalara sezewar edilişi, ýenjilişi we zorluga sezewar boluşlary barada Federal jeza çäresiniň edaralarynda düşürilen wideolaryň arhiwiniň syzyp çykmagy we çap edilmegi itergi berdi. Filmiň awtory tussaglaryň kemsidilişini görkezýän wideonyň çap edilmeginiň Orsýetde o diýen uly jemgyýetçilik seslenmesini döretmändigini... Читать дальше...

Bişkekde mejbury zähmet we lukman Ismatullaýewanyň işi maslahatlaşyldy

Azathabar.com 

Merkezi Aziýada zähmet hukuklarynyň berjaý edilişine gözegçilik edýän halkara missiýa 7-nji dekabrda gyrgyz paýtagty Bişkekde bäşinji konferensiýasyna başlady diýip, “Turkmen.news” habar berýär. Garaşsyz neşiriň baş redaktory Ruslan Mýatiýew iki günlük maslahatyň birinji gününde çykyş edip, Türkmenistanda saklanyp galan mejbury zähmet we doktor Hursanaý Ismatullaýewanyň ilki bikanun işden boşadylyp, zähmet hukuklaryny talap edeninden soň dokuz ýyl azatlykdan mahrum edilişi hakynda gürrüň berdi. Читать дальше...

Fransiýa saudly žurnalist Haşogginiň öldürilmeginde gümän edilýäni saklady

Azathabar.com 

Ýerli metbugatyň habaryna görä, fransuz häkimiýetleri üç ýyl ozal Stambulda žurnalist Jamal Haşogginiň öldürilmegine dahyllylykda güman edilýän saudlyny, öňki patyşalyk goragçysyny tussag etdi. Fransuz metbugatynyň kazyýet we aeroport çeşmelerine salgylanyp ýazmagyna görä, Haled al-Otaibi 7-nji dekabrda, Parižiň Çarlz-de-Goll howa menzilindäki serhet polisiýasy tarapyndan tussag edildi. 33 ýaşly Otaibi žurnalistiň öldürilmegi bilen baglylykda Türkiýe tarapyndan gözlenýän 26 saudlynyň biri bolup durýar. Читать дальше...

Awstraliýa Pekindäki gyşky Olimpiýa oýunlarynyň diplomatik boýkotyna goşulýar

Azathabar.com 

Premýer-ministr Skot Morrison Awstraliýanyň Pekinde 2022-nji ýylda geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlaryny diplomatik boýkot etmek meselsinde ABŞ-a goşuljakdygyny aýdýar. Morrison 8-nji dekabrda žurnalistlere hytaý hökümetiniň Awstraliýa bilen gatnaşyklary dartgynlaşdyrýan birnäçe meseläni, şol sanda Sinjiýaň sebitinde adam hukuklarynyň basgylanmagy meselesini çözmändigini aýtdy. "Şu sebäpden Awstraliýanyň hökümet resmileriniň bu oýunlar üçin Hytaýa gitmezligi geň däldir. Awstraliýaly türgenler hem şeýle eder” diýip, Morrison aýtdy. Читать дальше...

Olaf Şolz Merkelden soň Germaniýa ýolbaşçylyk eder

Azathabar.com 

Angela Merkeliň wezipesinden çekilmegi bilen, Ýewropanyň iň uly ykdysadyýetindäki uly syýasy özgerişligiň çäginde, Olaf Şolz 8-nji dekabrda Germaniýanyň kansleri bolup, merkezi çepçi koalisiýa ýolbaşçylyk eder. 63 ýaşly Şolz Bundestag tarapyndan resmi taýdan saýlanar we dört ýyllyk möhlete başlamak üçin prezident Frank-Walter Steinmeiere kasam eder. Merkeliň ýolbaşçylygyndaky maliýe ministri we wise-kansler 26-njy sentýabrda geçirilen saýlawda Sosial-demokratlaryň öňüni çekip, ajaýyp ýeňiş gazandy... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *