Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2021

Новости за 31.12.2021

'Çynlakaý, Esasly': Baýden, Putin Ukrainadaky dartgynlyklar arasynda diplomatiýany tijendirmek ylalaşygyna geldi

Azathabar.com 

Prezident Jozef R. Baýden şu gün Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen söhbetdeş boldy. Prezident Baýden Russiýany Ukraina bilen aradaky dartgynlygy gowşatmaga çagyrdy. Ol, eger-de Orsýet Ukraina mundan aňryk hem müňzese, ABŞ-nyň, onuň ýaranlarynyň we hyzmatdaşlarynyň aýgytly gaýtawul berjekdigini aýtdy diýip, Ak tamyň metbugat wekili Jen Psaki 30-njy dekabrda aýtdy. 30-njy dekabrdaky 50 minutlyk söhbetdeşlik wagtynda iki lider indiki aýyň başynda geçiriljek gepleşikleriň üç tapgyrynyň düýbüni... Читать дальше...

2021: Ýylyň türkmen wakalaryna gysgaça syn

Azathabar.com 

2021-nji ýylda Türkmenistan garaşsyz ýurt bolmagynyň 30 ýyllygyny, dünýäniň pandemiýa aladalaryna garamazdan, uludan baýram etdi, öz dolandyryjy partiýasynyň - TDP-niň otuz ýaşyny belledi we ýene bir ýyl ýurt ykdysadyýetiniň 'bedew bady bilen ösýändigini' tassyklady. Bu türkmenistanlylaryň indi halkara jemgyýetçiligi, dünýäniň beýleki ýurtlary bilen 30 ýyl bäri formal taýdan özbaşdak gatnaşyk gurýandyklaryny, ýurduň syýasy-ykdysady meselelerini özbaşdak çözýändiklerini görkezýär we, synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, kiçi-girim üstünlik däl.

Russiýanyň aýlyk COVID-19 ölüm sanlary ýene rekord goýdy

Azathabar.com 

Russiýa noýabrda aýlyk iň ýokary COVID-19 ölüm sanlaryny hasaba aldy diýip, “Rosstat” döwlet statistika gullugy 30-njy dekabrda habar berdi. Şu aýyň dowamynda 87,527 adam COVID-19 bilen aradan çykdy. Munuň bilen, has ozal, oktýabrda hasaba alnan rekord san täzelendi. Russiýada 2020-nji ýylyň aprelinden 2021-nji ýylyň oktýabry aralygynda 626,000 adam wirus bilen ilteşikli keselçilikden aradan çykdy. Sanlaryň ýokarlanmagy sanjym işleriniň depgininiň gowşaýan wagtlaryna we koronawirus çäklendirmeleriniň... Читать дальше...

Ýaragsyzlanmak boýunça konferensiýa pandemiýa sebäpli ýene yza süýşürildi

Azathabar.com 

Öňümizdäki hepde başlamagy meýilleşdirilen global ýaragsyzlanmak boýunça maslahat ýene bir gezek koronawirus pandemiýasy sebäpli yza süýşürildi. 1970-njy ýylda kabul edilen Ýaragsyzlanmak boýunça şertnama tarap bolan 191 ýurduň wekiliýeti, pandemiýa sebäpli ara giren iki ýyl arakesmeden soň, 4-nji ýanwarda Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Nýu-Ýorkdaky baş binasynda duşuşmalydy. Ýöne guramaçylar COVID-19 bilen kesellän ýa-da karantin astynda galýan işgärleriň sanynyň köpdügi sebäpli maslahatyň... Читать дальше...

Ermenistan türk harytlarynyň importyna girizen gadaganlygyny ýatyrdy

Azathabar.com 

Ermenistan hökümeti geçen ýyl Daglyk Garabag üstünde turan uruşda Türkiýäniň Azerbaýjany goldamagy sebäpli türk harytlarynyň importyna girizen gadaganlygyny ýatyrdy. “Türk harytlarynyň ýurda import edilmegi baradaky gadaganlygyň möhletini uzaltmazlyk babatda karar kabul edildi” diýip, Ermenistanyň Ykdysadyýet ministrligi Facebook ulgamynda aýtdy. Karar 1-nji ýanwardan güýje girýär. Bu gadaganlyk 2020-nji 30-njy dekabrynda girizildi we iýunda ýene-de alty aý möhlet bilen uzaldyldy. Uzaldylan gaganlygyň möhleti 31-nji dekabrda gutarmalydy. Читать дальше...

“Talyban” düzgünleri işleýän aýallary işden, kärhana eýelerini eklençden mahrum edýär

Azathabar.com 

Freşta Mowahid kabulda takmynan 50 aýal işçi bilen üç kompaniýa işledýär. "Talyban" häkimiýete dolanyp, aýal-gyzlaryň köpüsiniň işlemegini gadagan edensoň, ol ähli işgärini işden aýyrmaga mejbur boldy. Mowahid we onuň öňki işgärleri - köpüsi maşgalasynyň ýeke-täk ekleýjisi bolan aýallar jemgyýetçilik durmuşyndaky rolllaryny düýpli çäklendirýän hökümet dolandyryşy astynda gelejeklerini göz öňüne getirip bilmeýärler.





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *