Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2021

Новости за 27.12.2021

Aşgabat ýene Internetsiz galdy, bu gezek alty sagatlap

Azathabar.com 

Anna güni tutuş Aşgabat boýunça öýlere çekilen Internet birnäçe sagatlap öçürildi. Azatlygyň habarçysynyň maglumatyna görä, Internetiň 24-nji dekabrda uçdantutma öçürilmegi günortan sagat 12 töwereklerinde başlady we alty sagatdan gowrak dowam etdi. Soňky wagtlarda Türkmenistanda Internetiň öçürilmegi yzygiderli häsiýete eýe bolýar. Türkmenistanda Internet döwlet gözegçiligindedir we ol dünýäde iň haýal Internet bolup durýar.

Bazarlardaky arzanlaşyk az ýaşady, ataly-ogul adamlary aldamakda aýyplanýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň bazarlarynda Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda döredilen emeli bolçulyk we arzançylyk bir hepdä hem çekmedi; şol bir wagtda prezidentiň wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň sebit bazarlaryna eden iş saparlarynyň netijesini diňläp, baýramçylyk söwdasynda käbir harytlary 50% arzanlatmak barada beren buýrugynyň hem berjaý edilmeýändigi habar berilýär. Ýerli synçylar ýurtda önüm öndürijileriň “el-aýagynyň daňylmagy” we “giň ýaýran korrupsiýa” netijesinde dörän haryt gytçylygynyň indi... Читать дальше...

Azyk üpjünçiligi: emeli arzançylyk nobatlara, nobatlar ýakalaşyklara getirýär, resmiler çäre görýär

Azathabar.com 

Ençeme ýyl bäri ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän Türkmenistanyň hökümeti Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýany ýurduň bazarlarynda ilaty elýeterli bahadan azyk harytlary bilen üpjün etmegi wada berensoň, sebit bazarlarynda peýda bolan emeli arzançylyk söwda nokatlarynyň öňünde uly nobatlaryň emele gelmegine sebäp bolýar. Söwda nobatlarynda ýakalaşyklar ýüze çykýar. Häkimiýetler býujet işgärlerine nobatlara barmazlygy tabşyrýar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 27-nji dekabrda sebitden habar berdi. Читать дальше...

Lawrow: ABŞ bilen howpsuzlyk gepleşikleri baýramçylyk möwsüminden soň geçiriler

Azathabar.com 

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Waşington bilen Moskwanyň arasyndaky howpsuzlyk meseleleri boýunça gepleşikleriň Russiýada baýramçylyk möwsümi gutarandan soň geçiriljekdigini aýtdy. Şeýle-de, ol NATO bilen boljak gepleşiklere harbylaryň hem gatnaşmagyny isleýändigini aýtdy. Lawrow kremlçi “Solowýow Live” tele-gepleşiginde “Täze Ýyl baýramçylyk möwsümi gutaran dessine, biz Birleşen Ştatlar bilen möhüm [howpsuzlyk] gepleşiklerini geçireris” diýip, belledi. Russiýa Prawoslaw Roždestwony 7-nji ýanwarda belleýär. Читать дальше...

Wenada ýadro ylalaşygyny dikeltmek boýunça gepleşikler başlaýar

Azathabar.com 

27-nji dekabrda Wenada 2015-nji ýyldaky Eýranyň ýadro ylalaşygyny gaýtadan dikeltmek boýunça gepleşikler öz işini dowam eder. Ýewropa Bileleşiginiň diplomaty Enrikue Mora geçen hepde Twitter hasabynda gepleşikleriň senesini yglan etdi we bar bolan meseleler boýunça öňe ilerlemegiň zerurdygyny belledi. Gepleşikleriň noýabrda başlanaly bäri, häzire çenli uly öňe gidişlikleri gazanmak başartmady. Hytaýyň, Britaniýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň we Russiýanyň diplomatlary Eýran bilen gönümel gepleşikleri geçirýärler. Читать дальше...

THF: Türkiýäniň sudy bäş türkmen aktiwistini aklady

Azathabar.com 

Türk häkimiýetleri geçen ýylyň iýulynda Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynyň öňüne proteste gelen türkmen aktiwistleriniň hereketinde jenaýat düzüminiň alamatlaryny görmedi. Bu barada adam hukuklary boýunça “Türkmen Helsinki Fondy” (THF) 27-nji dekabrda mälim etdi. Ýatlatsak, 2020-nji ýylyň 19-njy iýulynda Stambulda türkmen aktiwistleri Türkmenistanyň konsullygynyň öňünde ynsan hukuklaryny berk depelemekde tankytlanýan türkmen häkimiýetlerine garşy parahatçylykly demonstrasiýasyny geçirmegi planlaşdyrypdy. Читать дальше...

Türkiýe: türkmenistanly migrant ýurda dolanmak üçin prezidentden ýardam soraýar

Azathabar.com 

48 ýaşly türkmenistanly Gulmyrat Babajanow bir ýyl bäri Türkiýeden Türkmenistana gaýtmaga synanyşýar. Emma onuň ähli tagallalary şu çaka çenli başa barmansoň ol öz arzyny habar beriş serişdeleriniň üsti bilen göni Türkemenistanyň prezidentine ýetimek kararyna gelýär we Azatlyk Raidosyna ýüz tutýar.

Owganystanda “Talyban” aýallaryň syýahat mümkinçiliklerini çäklendirdi

Azathabar.com 

Owganystanda “Talyban” aýal-gyzlaryň azatlyklaryny hasam çäklendirip, 72 kilometrden uzak aralyga syýahat etmek isleýän aýal maşgalalary, ýanlarynda ýakyn bir erkek garyndaşy bolmasa, transport serişdesine goýbermezligi tabşyrdy. Mundan başga-da, Päk ahlak ündewi we azgynlygyň öňüni almak ministrligiň ýaýradan beýanatynda ähli sürüjilere ulaglarynda aýdym-saz aýtdyrmazlyga we hijaby bolmadyk aýal-gyzlary ulagyna mündürmezlige çagyrylýar. 26-njy dekabrda ministrligiň metbugat wekili Mohammad Sadik... Читать дальше...

Olimpiýa oýunlarynyň öňýany Hytaý COVID-19-a garşy tagallalaryny güýçlendirýär

Azathabar.com 

Hytaý özüniň çäginde COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak ugrundaky tagallalaryny güýçlendirýär. Bu aralykda, beýleki ýurtlar koronawirusyň omikron görnüşiniň möwjemeginiň arasynda keselhanalaryň dolmagy, uçar gatnawlarynyň ýatyrylmagy ýaly ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Pekinde geçmeli Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda 27-nji dekabrda Hytaýyň merkezi Şian şäherinde häkimiýetler dezinfeksiýa işerini alyp barýarlar. Pekinden 930 km uzaklykda ýerleşýän, 13 million ilatly Şian şäherinde häkimiýetler... Читать дальше...

ABŞ-a Meksikanyň üsti bilen. Merkezi Aziýadan bolanlar nädip serhetden gizlin geçýärler

Azathabar.com 

Soňky ýyllarda ýüzlerçe gyrgyzystanly Meksikanyň üsti bilen ABŞ-a barmagyň ýollaryny gözleýärler. Käbirleri öz maksadyna ýetip, “amerikan arzuwyna” gowuşýar, ýöne köprägi bu ýolda müňlerçe dollaryny ýitirip, ýurduna dolanmaly bolýar. «RUSSIÝANYŇ GRAŽDANLYGY BOLAN GYZY GÖZLEÝÄRIN» Bu gürrüňi başlamazdan ozal bellemeli ýagdaý; Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy bilen gürleşen ähli söhbetdeşleriň atlarynyň üýtgedilendigini nazarda tutmaly. Olar diňe şu şertde gürrüň bermäge razy boldular. 34 ýaşly... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *