Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2021

Новости за 05.12.2021

Duşenbe polisiýasy iň gowy ştatdan daşary habarçy üçin bäsleşik yglan etdi

Azathabar.com 

Täjigistanyň paýtagty Duşenbede polisiýa iň gowy maglumatçy üçin bäsleşik geçirýär. Bäsleşikde ýeňenlere pul baýraklary we gizlinlik kepilligi wada berilýär diýip, Azatlyk radiosynyň Täjik gullugy habar berýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin şäherde görlen islendik düzgün bozmany ýa-da jenaýaty wideo ýazgy etmeli ýa-da surata düşürip, soň ol maglumatlary Içeri işler ministrliginiň degişli bölümine ibermeli. Baýrak berlende ilkinji nobatda agyr we aýratyn agyr jenaýatlary dokumentleşdiren habarçylar nazarda tutular. Читать дальше...

Ahaldaky elhal aýlyklar Ýolötendäki kebşirleýjileriň köpçülikleýin işden çykmagyna getirýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda dowam edýän işsizlik we işe girmek üçin berlen paranyň hem ödelmezligi baradaky aladalaryň arasynda, Ahalda köpräk aýlyk berýän hususy firmalarda dörän iş orunlary Marydaky gaz edarasynyň işgärleriniň köpçülikleýin işden çykmagyna sebäp bolana meňzeýär. Täze iş, aýlyk mümkinçilikleri bilen bir hatarda, maryly işçiler porsy kükürt ysyndan hem dynjaklaryna begenýärler we soňra ýollaryň açylyp, has köp gazanç üçin daşary ýurtlara gitmek mümkinçiliginiň döremegine bil baglaýarlar. Ýolöten... Читать дальше...

“Turkmen.news” guramaçylykly jenaýatçylygy we korrupsiýany derňeýän Merkeziň agzasy boldy

Azathabar.com 

“Turkmen.news” 30-njy noýabrda Guramaçylykly jenaýatlary we korrupsiýany derňemek merkeziniň (OCCRP) resmi agzasy boldy diýip, garaşsyz neşir guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa habarlaryny çap edýän taslama (OCCRP) salgylanyp habar berýär. Resmi agzalyk türkmen neşiriniň guramaçylykly jenaýatlary we korrupsiýa hadysalaryny derňeýän merkeziň beýleki agzalary bilen has ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegine, maglumatlary we dokumentleri alyşmagyna giň mümkinçilik berer diýip, habarda bellenýär. Bu hyzmatdaşlyk... Читать дальше...

Baýden, Putin gelýän hepde Ukraina we beýleki meseleler barada maslahat eder

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden we Russiýanyň lideri Wladimir Putin Ukrainany we beýleki temalary ara alyp maslahatlaşmak üçin 7-nji dekabrda, ygtybarly wideo aragatnaşygy arkaly maslahat eder diýip, Ak tam we Kreml tassyklady.  Wirtual duşuşyk, Waşington bilen Kiýewiň aýtmagyna görä, Moskwanyň günbatar Orsýetde tanklar we agyr ýaraglar bilen birlikde, on müňlerçe esger toplamagy we ýanwar aýynyň başynda Ukraina hüjüm etmek ähtimallygy baradaky aladalaryň arasynda geçirilýär. "Prezident Baýden ABŞ-nyň... Читать дальше...

Ýewropada on müňlerçe adam COVID çäklendirmelerine garşy nägilelik bildirýär

Azathabar.com 

Ýewropa şäherlerinde onlarça müň adam Delta görnüşli wirusyň ýokuşmalarynyň köpelmegi bilen baglanyşykly girizilen koronawirus çäklendirmelerine garşy nägilelik bildirdi. ÝB-niň paýtagty Brýusselde ýüzlerçe demonstrant şu hepde yglan edilen täze çärelere gahar bildirmek üçin 5-nji dekabrda ýöriş gurady. Belgiýa häkimiýetleri tapgyr üçünji hepde güýçlendirilen çäklendirmelerde alty ýaşdan uly çagalaryň maska geýmelidigini aýtdy. Çagalar baglary we başlangyç mekdepler hem gyşky dynç alyş möwsüminden... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *