Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2021

Новости за 12.12.2021

Baýramçylykdan öň arakhorlar ýygnalýar, sütem çagalaryň gözüniň öňünde edilýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň sebitlerinde ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlygyň çäginde bir tarapdan býujet edaralarynyň işgärlerinden pul ýygnalyp, maşgala býujetlerine el garylsa, ikinji tarapdan, asudalygy üpjün etmek bahanasy bilen, alkogolly içgilere garaşly raýatlaryň maşgalalarynyň hem aladasy köpeldilýär. Öýlerinde oturan adamlary zor bilen ýygnap, döwlet edaralarynda her hili agyr sütemlere sezewar edýärler, maşgalalaryň ozalam ýeňil bolmadyk durmuşyny agraldýalar diýip, ýerli habarçylar habar berýär. Читать дальше...

G7 duýduryş beýanatyny taýýarlaýar, Kreml täze Putin-Baýden sammitini isleýär

Azathabar.com 

Ýedilik toparynyň (G7) daşary işler ministrleriniň duşuşygynda ukrain serhediniň golaýynda toplanan rus goşunlary hakyndaky gepleşikler agdyklyk etdi we, aýdylmagyna görä, eger Moskwa Ukraina garşy harby mundan aňryk hem agressiýa etse, olar munuň "uly netijeleriniň we agyr bahalarynyň" boljakdygyny duýdurýan beýanatyň taslamasynyň üstünde işleýär. Şu aralykda Kreml özüniň ýene bir Orsýet-ABŞ prezident sammitiniň geçirilmegini isleýändigini duýduryp, Moskwanyň halkara derejesindäki “gyzyl çyzyklar”... Читать дальше...

Pentagon: ABŞ oktýabrda Ukraina 30 sany tanka garşy raketa ulgamyny iberdi

Azathabar.com 

Ýurduň rus agressiýasynyň öňüni almagyna goldaw üçin her ýyl berilýän harby kömegiň bir bölegi hökmünde, ABŞ 30-njy oktýabrda Ukraina tanka garşy ulanylýan 30 sany “Javelin” raketa ulgamyny iberdi diýip, Pentagon 11-nji dekabrda tassyk etdi. AÝ/AR-nyň Orsýetiň TASS habar gullugynyň beren maglumatyny tassyklatmak üçin ýazan hatyna jogap edip, Pentagon bu ýüküň arasynda 180 sany “Javelin” raketasynyň hem bolandygyny aýtdy. "Javelinler” Ukraina 23-nji oktýabrda gowşuryldy. ABŞ 2021-nji ýylda Ukraina... Читать дальше...

Warşawada serhetdäki migrantlary goldamak boýunça çäre geçirildi

Azathabar.com 

11-nji dekabrda, altynjy gün Warşawada "Hiç kim bikanun bolup bilmez" diýen at bilen çäre geçirildi. Azatlyk radiosynyň Rus gullugynyň habarçysynyň beren maglumatyna görä, polýak-belarus serhedinde ýerleşýän migrantlary goldamak üçin ýarym müňe golaý adam köçelere çykdy. Aktiwistler "Adam adama adam", "Çagalaryň orny tokaý däl", "Serhedi açyň!" diýen şygarlary galdyrdylar. Adamlar ýylylygy özüne çekýän altyn we kümüş reňkli ýorgan-düşekleri hem alyp geldiler. Tokaýda aýazly howada gijäni geçirýän migrantlar şu hili ýorganlary ýapynýarlar. Читать дальше...

Rus goşunlary ukrain serhedinde: G7 Normand formatynyň täzeden başlanmagyna çagyrýar

Azathabar.com 

Ukraina bilen aradaky serhet ýakasynda toplanan rus goşunlary babatdaky meseläni çözmek üçin taraplar gepleşiklere dolanmaly. Bu pikiri Liwerpulda geçirilen G7 sammitinde Germaniýanyň daşary işler ministri Annalena Berbok aýtdy. Onuň sözlerine görä, emele gelen ýagdaý "normand formatynyň" çäginde, syýasy taýdan utgaşdyrylmaly. Berbok mundan öň ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň başlygy Entoni Blinken bilen duşuşdy. Olar Ukraina babatdaky rus agressiýasyny ýazgardylar. Fransiýanyň prezidenti Emmanuel... Читать дальше...

COVID-19-yň täze görnüşiniň agyr bolmajagy baradaky global umytlar bilen, Türkiýe omikron sanawyna goşuldy

Azathabar.com 

Türkiýe 12-nji dekabrda täze omikron warianty tassyklanan ilkinji alty hadysany yglan etdi, ýöne koronawirusyň soňky görnüşinden ölýänleriň az boljagy baradaky umytlar arasynda, häzire çenli näsaglaryň agyr däldigini aýtdy. Türkiýäniň saglyk ministri Fahrettin Koja bir hadysanyň Türkiýäniň iň uly şäheri Stambulda, beýleki bäş hadysanyň günbatardaky Izmir şäherinde ýüze çykarylandygyny, näsaglanlaryň ählisinde "alamatlaryň gaty ýeňil" bolandygyny aýtdy. “Omikron” Günorta Afrikanyň alymlary tarapyndan kesgitlenip... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *